Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Aydymcy_Jemile : Bagt bu hacan onunden cykjagy belli dal belki bu gun belki erti belki omurlik cykmar

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Kesgir sözler
Premium
 BAYOGUL [on]
 08.05.2024 / 13:19
 Yurekdesh.ru

Ýapragyň niýeti gaçmakdy,
Güýzem oňa bahana boldy...

* * *

Käwagt gowy zatlaryň bolany üçin däl, erbet zatlaryň bolmaýanyna begenmeli...

* * *

Bir ýyl öňüni gören arpa-bugdaý eker.
On ýyl öňüni gören bag eker.
Ýüz ýyl öňüni gören okuw okar.

* * *

Düşünje - düşünilen durmuşdan başga zat däl.

* * *

Geçmiş - akylly hem biakyl ýaşalan günleriň mazarystanlygy.

* * *

Ölüm - dünýäniň geçirimsizligi.

* * *

Düýn işde adalat gözläp ýördüm, a bu gün iş gözläp ýörün.

* * *

Kim iýmek üçin ýaşaýar, kim ýaşamak üçin iýýär.

* * *

Biz gör näçe pyýalalarymyzy saglygyň şanyna göterdik, emma saglyk bizi götermedi.

* * *

Dünýäde artyk hem kem zat ýok. Seniň bir zadyň artsa, başga biriniň bir zady gowzaýar.

* * *

Perzi çykmana ymtylmaýan pyýadadan pyýada bolmaz.

* * *

Ahlagy bolmadyk ynsanyň eline näçe diplom berseňem, ol ýokary bilimli haýwan bolup galar.

* * *

Ýaşaýşy bolşy ýaly ýazmak - her bir şahyryň, ýazyjynyň ynsanlyk borjy.

* * *

Hiç bir adam ryskyny doly alýança ölmez.

* * *

Akyly açmak üçin köp okamaly, zehini açmak üçin köp oýlanmaly.

* * *

Bir zamanlar toprakdan Adam ýaradan Ýaradan, indi adamdan toprak ýaradýar.

* * *

Öňem bir patyşa "Näçe ýyl patyşa bolduň?" diýipdirler weli, "Ýedi ýyl" diýipdir. Ol özüniň çaga ýyllaryny aýdypdyr.

* * *

Ýürek ýadan wagty der gözden akar.

* * *

Adam puluny ýitirse garyp, erkinligini ýitirse ýesir, söýgülisini ýitirse şahyr bolýan eken.

* * *

Öwlüýä - hesretli durmuşdan dynan adamlaryň mesgeni.

* * *

Kakam maňa "Mekdepdäki bahalaryň ählisi bäşlik bolsa, saňa tigir alyp berjek" diýipdi, men hem dörtlik aldym. Çünki, kakamyň tigir almaga puly ýokdy.

* * *

Hudaý garyplary bolmanda gymmat düşjek günälerden gorap saklaýar.

* * *

Çaşy körleriň arasynda soltandyr.

* * *

Hemme hakykatlar hakykata öwrülmänkä ýönekeý bir hyýaldan ybaratdyr.


143

12

2

5

0

0

1
Teswirler:
 Öwreniji
 EpifiZ [off]
  "There Are No Second Chances"
 08.05.2024 / 13:24

+0

Bir ýyl öňüni gören arpa-bugdaý eker.
On ýyl öňüni gören bag eker.
Ýüz ýyl öňüni gören okuw okar

 Betinden
 rexha [3m]
  Грусть — это цена, которую мы платим за любовь
 09.05.2024 / 13:13

+0

Perzi çykmana ymtylmaýan pyýadadan pyýada bolmaz.

Perzi näme diýmek?
A tak yetireniň ücin thanks


Premium
BAYOGUL [on] (09.05.2024 / 13:14) 

rexha, ok

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

GELNEJEM


Şu "Gara kelleler" diýip radio oýun bar, şonam bir diňleseňizä...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Fantom (Şugün, 19:29)

GELNEJEM


Iň soňky bendi, hakyky erved degyaray...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
rexha (Şugün, 13:05)

GELNEJEM


Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Baharyaz (Şugün, 12:55)

GELNEJEM


“Bir täsin aýdym aýdardyň Aga çalymdaş heň bilen.” Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Pegas (Şugün, 12:15)

Катюша


Dan bn pastrenya aydyk suny...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Aydymcy_Jemile (Şugün, 11:30)

Катюша


Atamy ýatlatdyňyz. Sag boluň. ...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Gulmahrem (Şugün, 10:57)

Катюша


Lya lya lya...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
rexha (Şugün, 10:50)

Gara Saçyň Dökülipdir Döşiňe


Neler gördi gözüm....dowamy...
Talyplar we mugallymlar | Gara Saçyň Dökülipdir Döşiňe
rexha (Şugün, 10:47)

С праздником! С 9 мая!


Turkmence gutla...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | С праздником! С 9 мая!
Domen (Şugün, 10:18)

Ýalňyş yşk-my?


Çaknyşýarys. Akylsyz biz. Akylsyz ýigit, Akylsyz gyz. Tiz bolaly. akylly Adamlar kän ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýalňyş yşk-my?
Luckyboy (Şugün, 07:27)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика