Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
LaDy : Şunu hep hatirlat kendine: '' kendine yaslanan dik yurur''

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Gyz kalby...(Liriki oýlanma)
 Öwreniji
 Miss_minnosh [off]
 09.05.2024 / 10:32
 _ не смотри вокруг,там нет такая как я??...

Sen şeýle bir näzik, şeýle bir eziz. Seniň syrlaryň umman ýaly giňdir. Näme üçin gyz kalby şeýle bir syrly bolýar? Näme üçin gyzlar ýüregindäkini beýan edip bilmeýärlerkä? Egerde men öz duýgularymy dil üsti, ýa-da hat üsti bilen beýan edip bilsedim, onda men ençe wagtdan bäri ýüregimiň töründe bir gujak çemen ýaly ornan söýgi sözlerimi kagyz ýüzüne geçirerdim.

Ýogsa-da, näme üçin bolanok?! Şu mahal, ýa-da hiç haçan. Men mundan artyk bir minudymy hem gidirmerin. Elime kagyzdyr galam alyp, saňa bolan näzik duýgularymy beýan edip hat ýazdym:

” Salam.

Ömrümiň diregi, gözümiň röwşeni, başymyň täji, didämiň nury, durmuşymyň şasy, tagtymyň bagty, gara gözümiň garasy, ýüregimiň çyrasy, her gün säher dogýan günüm, günde meň üçin ýaşýan aýym, bagymdaky bilbilim, ykbalymyň daragty, bagt gülümiň bagbany, yşk mülkümiň şasy. Men seni görelim bäri ýatsam ukym tutmaýar, gezsem rahat tapmaýan. Men asman ýaly arassa, deňiz ýaly päk möwç urýan söýgüden ýaňa däli-diwana bolýaryn. Meniň ýüregim bolsa diňe sen diýip urýar. Sen, sen, sen…

Saňa bolan söýgim dagdan beýik, derýadan giň, gülden näzik, deňizden çuň, altyndan gymmatly. Seni pikir edip, okaýan kitaplarymdaky suratlarymda hem seniň gözleriňi görüp ugradym. Men ilki seni gören günümden bäri, saňa bolan yşk ataşy ýüregimi ýaryp daşyna çykaýjak, çykaýjak, çykaýjak bolýar. Her gezek sen ýanymdan geçeniňde, ýüregim ezilýär, gyýylýar, ynjaýar. Eger sen şeýle näzik söýgä ynanýan bolsaň, maňa öz ýürek bagyň güli bolmaga rugsat ber. Men seniň ýürek bagyňda açylan gül bolup atyr saçaryn. Sen bolsa gül yşkynda saýraýan bilbil bolup, meň daşymda perwaz urarsyň. Onsoň biz edil aşyk-magşuklar kimin bagt bagynda gyzyl gül düşelen ýodajykdan ýöräp, söýgi tagtyna bararys. Şonda hemme bize seredip :” Serediň, hanha, gözleri bagt bilen püre-pürlenen aşyk-magşuklar gelýär” diýerler. Ezizim, sen eger şeýle süýji düýşüň hakyky bolmagyny isleseň, meniň söýgimi paýlaş.

Eger-de sen meniň söýgimi paýlaşsaň, derdim ýeňlär, ýüregim rahat tapar. Men dünýäde iň bagtlylaryňam bagtlysy bolaryň. Maňa ykbal gülüp bakar. Men hemişe, edil arynyň balyň üstünde kökenek bolşy ýaly, meniň hem üstümde kökenek bolmaklaryny isleýärdim. Men hemişe, bilbiliň gül üçin saýraýşy ýaly, meniň üçin hem bir ýüregiň saýramagyny isleýärdim. Eger, meniň söýgimi beýan edip ýazsaň, onda ol edil gapaksyz derýa ýaly giň bolar, ony beýan etmek üçin kagyz-da ýetmez, galam-da. Meniň söýgimi söz bilen beýan edip-de bolmaz, saz bilen-de.”.

Haty ugratsam hem ugratdym welin, indi senden jogaba garaşýan. Ýüregim agzymdan çykaýjak bolýar. Ynha-da köp garaşylan hatyň jogaby: “Bagyşla, meniň öz ýürek bagymyň güli bar!”.

Şu sözleri okanymdan edil ýyldyrym urana döndüm. Elime ýene-de galam alyp, şeýle setirleri ýazdym: “Sen özüň beren şeýle jogabyň bilen meni gynandyrdyň. Meniň depämden edil gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Dünýäniň bar gaýgysy meniň başyma inen ýaly boldy. Meniň söýgi daragtym ýykyldy, ýüregimiň bilbili ömürlik saýramasyny bes etdi, sebäbi, ýüregimiň bagynyň güli soldy. Ol güli söýgi ataşy bilen goldap durmasaň solýar. Şonuň üçin ol gül indi gögermez.

Ýöne bu setirler hiç wagt saňa gowuşmaz. Bu ýara meniň öz ýüregimde galar…

Aýlar, Aýlar tursana. Nämä aglaýaň?
Birden hamsygyp aglap ýatyşyma jigimiň sesine oýandym. Asyl görsem, men şol haty saňa düýşümde ýollan ekenim, jogabyňy hem düýşümde alypdyryn.

Birden meni gara basana döndi. Eger men saňa öz duýgularymy beýan edip hat ýollasam, sen hem ýürek gyýyjy jogap berseň?… Ýok, ýok…

Bu setirler edil öňküsi ýaly bir gujak çemen bolup meniň ýüregimiň töründe galar. Men ömür boýy saňa bolan söýgim bilen ýaşaryn.!



Aýsülük Sapargylyjowa

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.


157

19

10

7

1

0

4
Teswirler:
 Öwreniji
 Akademik2 [off]
  YEKETAk.RU
 09.05.2024 / 10:35

+1

Brawooooo gowy yazylan yazgy


Öwreniji
Miss_minnosh  (09.05.2024 / 10:37) 

Akademik2, like hany?

 Öwreniji
 Akademik2 [off]
  YEKETAk.RU
 09.05.2024 / 10:37

+0

Bagyslan elim bos dal haha


Öwreniji
Miss_minnosh  (09.05.2024 / 10:38) 

Akademik2, gowam däl ekeniñ?


Öwreniji
Akademik2  (09.05.2024 / 10:39) 

Miss_minnosh, onem sol kuwwat indam sol kuwwat marylyda haha


Öwreniji
Miss_minnosh  (09.05.2024 / 10:39) 

Akademik2, сенми


Öwreniji
Akademik2  (09.05.2024 / 10:40) 

Miss_minnosh, haha tanadynmy onki soygulim salowma al iysen palow ba sonuna cenli yala howa howa men


Öwreniji
Miss_minnosh  (09.05.2024 / 10:41) 

Akademik2, bimany bolduñ Kuwwat?


Öwreniji
Akademik2  (09.05.2024 / 10:42) 

Miss_minnosh, nadip


Täzeje
OLiNKa  (09.05.2024 / 17:57) 

Akademik2, onki soyguliñmk aho


Öwreniji
Akademik2  (09.05.2024 / 19:49) 

ELa, ela diyme bella,
Gelda meni gora,
Soyan seni,
Diysem diyme ola.

 Öwreniji
 Akademik2 [off]
  YEKETAk.RU
 09.05.2024 / 10:41

+0

Tanamdyk bamy eyeke ey daliiiiii


Öwreniji
Miss_minnosh  (09.05.2024 / 10:42) 

Akademik2, blogyñ işini gõrdüñ zaññar...


Öwreniji
Akademik2  (09.05.2024 / 10:44) 

Miss_minnosh, hay bolyadey onusyk badyra bu blokda

 Öwreniji
 Akademik2 [off]
  YEKETAk.RU
 09.05.2024 / 10:43

+0

Bolyadey janyn sagmy oydakiler jigin dagy ol tejenli bn halam soygulimi bolya bagtyn bolsuna


Öwreniji
Miss_minnosh  (09.05.2024 / 10:45) 

Akademik2, pikirlere geçip ýazsana Kuwwat işini gõrdüñ gül ýaly oýlanmañ

 Öwreniji
 Akademik2 [off]
  YEKETAk.RU
 09.05.2024 / 10:46

+0

Oylanyanda menem barde inha seydip oylanyan

 Gytyndan
 Kicxikge [off]
  Durmuş doly yenil kelleden#
 09.05.2024 / 12:21

+0


Premium
BAYOGUL [1s] (09.05.2024 / 13:13) 

Kicxikge,


Premium
BAYOGUL [1s] (09.05.2024 / 13:13) 

Kicxikge,

 Premium
 BAYOGUL [1s]
  Yurekdesh.ru
 09.05.2024 / 13:13

+0

 Betinden
 rexha [off]
  Грусть — это цена, которую мы платим за любовь
 09.05.2024 / 13:20

+0

Manyly

 Gytyndan
 Yekejelai [off]
  Øzime_dønein?
 09.05.2024 / 14:43

+0

Gowken

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

GELNEJEM


Şu "Gara kelleler" diýip radio oýun bar, şonam bir diňleseňizä...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Fantom (Şugün, 19:29)

GELNEJEM


Iň soňky bendi, hakyky erved degyaray...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
rexha (Şugün, 13:05)

GELNEJEM


Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Baharyaz (Şugün, 12:55)

GELNEJEM


“Bir täsin aýdym aýdardyň Aga çalymdaş heň bilen.” Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Pegas (Şugün, 12:15)

Катюша


Dan bn pastrenya aydyk suny...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Aydymcy_Jemile (Şugün, 11:30)

Катюша


Atamy ýatlatdyňyz. Sag boluň. ...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Gulmahrem (Şugün, 10:57)

Катюша


Lya lya lya...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
rexha (Şugün, 10:50)

Gara Saçyň Dökülipdir Döşiňe


Neler gördi gözüm....dowamy...
Talyplar we mugallymlar | Gara Saçyň Dökülipdir Döşiňe
rexha (Şugün, 10:47)

С праздником! С 9 мая!


Turkmence gutla...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | С праздником! С 9 мая!
Domen (Şugün, 10:18)

Ýalňyş yşk-my?


Çaknyşýarys. Akylsyz biz. Akylsyz ýigit, Akylsyz gyz. Tiz bolaly. akylly Adamlar kän ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýalňyş yşk-my?
Luckyboy (Şugün, 07:27)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика