Ýürekdeş sözler!
Balykçynyň buýsanjy
TäzejeGerceknazar [off]
Şugün, 08:11
BALYKÇYNYŇ BUÝSANJY
Gündogar şemaly öwüsýär batly,
Tolkunlar atygsap kenara gelýär.
Küreklerne ýapyşyp, gör, gaýratly,
Bärde balykçylar kemala gelýär.
Aññat-aññat mawy suw depeleri,
Bir pursat eglenmän tolgunyp barýar.
Bu toprak Hazaryň halasgärimi?!
Tolkunlar özüni kenara urýar.
Harasatly tolkunyp dur gök deňiz,
Şahyryň kalby deý joşýar, gaýnaýar .
Haýran edýär, gök deňzimi görseňiz ,
Dostum, görenleri biparh goýmaýar.
"Dostum" diýsem geň görmegin eý, janym!
Syrdaşym sen ýalňyz galan pursadym.
Bu gün saňa bagladym men ykbalym,
Bagladym men otdan doly gursagym.
Tolkunlar tolgunýar Aýy görende,
Bulutlara elin degirjek bolýar.
Mawy deňiz heserlenýär, gör, ynha
Göýä suw perisi goýnuna girýär.
Bulutlaň içinde urýaryn kürek,
Dünýe suwa gark bolana meňzeýär.
Sähelçe şemala möwjeme, ýürek,
Hiç kim girip bilmez däli deňziňe!
Gerçeknazar Amannazarow.
5 |
2 |
0 |
0 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
ÖZIME NEKROLOG
Adamlaryň köpüsi ýaşaýşymyzyň many-mazmunyna nädogry düşünýär. Näme üçin ýaşaýarlar we näme gazanyp gitmeli, ömrüniň baş maksadynyň nämedigi hakd...dowamy...
Näme üçin erkin internet hiç kime gerekdäl?
Başga ýurtlarda üýtgeýändir, ýöne bizde ilatyň 50-60 % di internediň nämedignem bilenok dogrusy, sebäbi internet gymmat we gowy işlänok. Şul aýda...dowamy...
ÖZIME NEKROLOG
Eger setirleriň arasyndan okamaly bolsa, saýty taşlap gitjek diýen many görünýär... Ýöne bu hakykata näçe % ýakyn? Aslynda syr alyp berişmeklik...dowamy...
Näme üçin erkin internet hiç kime gerekdäl?
Fantom aga gelip "kiçijik burnuñy uly işlere sokýañ" diýip gaharlanmagam ahmal -_+...dowamy...
Näme üçin erkin internet hiç kime gerekdäl?
Bu ýazylanlaryñ esasy aýtjak bolýan zady dünýäde “erkin internet” döwrüniň ýuwaş, ýuwaş azalyp, gutarmagyny görkezýär. Köp ýerler internet giňi...dowamy...
Yslamabatda ABŞ we Eýran gepleşikleri başlanýar. Näme mälim?
Bu taydada şu gürrüňmi .......dowamy...
Dünýä täzelikleri | Yslamabatda ABŞ we Eýran gepleşikleri başlanýar. Näme mälim?
Daniel (15.04.2026 / 10:13)
Daniel (15.04.2026 / 10:13)