“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
LisaGray : Büdremezmikãm diýýãdim, saña tarap ylgasam...

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Kir pullar. Pullary ýuwmak
 Özümiziňki
 hickim [off]
 19.04.2026 / 01:13
 Dereksiz ynsan...

Käwagt manysyz bolsada bir zady oýlaýaryn, elbetde meniň pikirim hiç zady üýtgetmeýär, emma onnada sizem oýlap görüp men ýaly kelle agratsaňyz degýän meseleler bar.

Mana näme üçin, pul ýuwulsa size zyýany degýändigini bugün men, ýönekeý dilde düşündirip berjek.

Ünüs beren bolsaňyz gerek? Birnäçe ýerlerde gurluşuklar, jaýlar, kwartiralar gurulýar. Emma ol ýerde hiçkim ýaşamasa hem, bahasy hem asmanda. Emma onnada gurluşuk işleri hiç hem gutaranok we üznüksüz dowam edýär. Hiçkim ýaşmasa hem hiçkim pul töläp kwartira almasa hem gurluşuklar hiç hili ýatyrylmaýar. Ýada meselem, käbir gymmat magazinlerde müşderisi ýok bolsada olar öz işlerini akraýyn dowam edýärler, ýa bolmasa özlerini gymmat brend hökümünde tanadyp, alyjysy ýok bolsada olaryň biznesi ýatyp galanok. Eýsem bu näme üçin? Girdeji bolmasa näme üçin bu işlere çykdajy edilýärkä?
Elbetde bu ýerde belkem kir pullary ýuwmana bolan synanşyklar, käbiriniň erwet işlerde gazanan pullaryny Legallaşdyrmana synanşýarlar.

BMG we MWF bahalandyrmasy boýunça, dünýäde ýyllyk içerki önümçliginiň 2-5%i ýuwulan pullara gabat gelýär. Ýöne häzirki döwürde siz bu pullary görmeýärsiňiz, tersine bu biziň ýaşaýşymyzy gymmatlaşdyrýar. Şol sebäpli mekdeplere, hassahanalara azrak byujet bölünýär.

Pul ýuwmak özi näme?
Bu esasy 3 ädimden ybarat.
1-nji ädim, ÝERLEŞDIRMEK
Aýdaly sen, kriminal işlerden pul gazanýarsyň, adam söwdasy, neşe serişdelerini satýaň ýada korrupsionersiň ýada beýleki erwet işlerden girdeji alýarsyň we indi seniň eliňde kir nagt pul bar!
Indi bu pullara sen gymmat maşyn, öý jaý alsaň ýada puly alyp banka goýjak diýseň pul köplügünden bank signalizatsiýasy işlär we derrew öýüňe gelip gapyňy kakyp pullaryň nireden gelendigini sorap bilerler.
Onsoň näme diýjek? Ýokarda belläp geçilen işleri edip gazandym diýjekmi? Elbetde ýok.
Şonuň üçin şunuň ýaly kir nagt puly bar adamyň ilkinji işi, kir pullary ykdysadyýet sistemasyna bildirmezden girizmek bolýar. Ýogsa ol pullara gymmat zatlary almak mümkin däl.
Iň meşhur ussularyň biri SMURFING! Bir topar adamlary işe alýaň we olaryň eline nagt pullary berýärisiň we olar ýuwaşlyk bilen bank hasabyna ýatyrym edip pullary banka ýerlerşdirmäne başlaýarlar. Edil kiçi setkalaryň arasyndan gum bölejikleri geçişi ýaly pullar hem akyp geçip başlaýar. Muny edýän adamlara bolsa SMURFLAR diýilýär.

2-nji ädim, GATLAKLAMA.
Indi pullar banka ýerleşdirildi, emma entäk hem ondan erwet işleriň ysy gelýär. Indi ony garyşdyrmak gerek, ýagny bir bankdan ikinji banka, ikinji bankdan üçünji banka geçirim etmek gerek. Ýalan firma oklaýarsyň, ýalan edilmedik iş üçin, ondan ýene daşary ýurt ýalan firma oklaýarsyň, ondan ýene ýalan bir firma oklap pullary garjaşdyrýarysyň. Pullar her ýerik dargap gitýär we labirint içinde ýitip gider derejede etmeli bolýarsyň. Bu işde iň kyn ädim diýmek bolar.

3-nji ädim, INTEGRASIÝA.
Indi pul arassa meňzemäne başlaýar, ýalan ýaşryk çeklar bilen, ýasama çek, faktura bilen bulary sen arkaýyn subt edip bilersiň. Sebäbi indi bu pullar sen tarapyňdan resmi işlenilip gazanylan pul ýaly görünüp başlaýar.
Şu ädimden soň sen, elbetde bu pullary arkaýyn sarp edip bilýärsiň. Bu pullara 10lap öý, 20-30 maşyn alarsyň we bu işiň üçin bolsa netijede öýleriň, maşynlaryň bahasy asman bahasynda bolar, ýene bahalaryň ýokarlanmagyna sebäpkär bolarsyň we bu işiň sebäpli, hökümetde mekdepleri, hassahanalary, ýollary we garaz ilat üçin edilýän serwislere pul ýetmän, hökümet byujetinde kemçilikler ýüze çykyp başlar. Arkaýyn, keýpiňe kofe içip oturanyň bilen şol wagtyň özünde, şu işler bolup geçer, sen sebäpli näçembir kişiler öýsüz, näçembir kişiler bolsa alýan aýlyk eklenjini şol aýa ýetirip bilmänjik geçirer.


#gyzykly bolsa Pablo Eskobar hakynda hem ýazjak, kriminal dünýäsindäki pul ýuwujylar hakda hem...

Hiçkim


118

24

1

7

0

0

2
Teswirler:
 Täzeje
 Bagana [off]
  Kim ir ýatyp, ir tursa şol sagdyn, baý we akylly...
 19.04.2026 / 11:16

+1

Gaýrat et

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Meniň şansym nola deň


Men bolsa hiç ýerde tanymal adam däl. Onsoň Men näme edenimde BMG guramasynyň sekretary bolup bilerin. Bu mümkin däl. Diňe amatly pursat men tara...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Şugün, 09:08)

Meniň şansym nola deň


Görşüňiz ýaly indiki kanditatlar tanymal wezipeli adamlar. Üstesine olaryň hemmesi diýen ýaly öz ýurtlarynda ýokary wezipeleri eýelän kanditatlar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Şugün, 09:05)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->