“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
Ýürekdeş sözler!
Dunyodagi : Saňa söýgiden doly ýüregimi berjek söý ýöne hiç wagt ynjytma

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Biz nirik barýarys? Geldik düşmeli
 Öwreniji
 hickim [off]
 20.04.2026 / 00:36
 Dereksiz ynsan...

Eger-de saňa hemme şerti bar bolan, çäksiz iýmitli, hiç hili kynçylygy bolmadyk we hiç hili zähmet talap etmeýän kämil bir dünýä berilse näme bolardy?

Jon B. Calhoun - bu tejribäniň iň meşhur tapgyryny 1968-nji ýylda syçanlarda başlady! Tejribäniň maksady, aşa köpelmegiň we dyknyşyk ýaşamak jemgyýete nähili täsir edýändigini öwrnemekdi. Alym syçanlar üçin kämil ýaşaýyş ýerini döretdi. Ol ýerde azyk we suw çäksizdi, howanyň ýagdaýy kämildi, ýyrtyjylar we keseller düýbünden ýokdy. Döredilen meýdança 3840 syçana niýetlenendi.

Ilki 8 synçan(4 jübüt) göýwerildi we olar iýmitiň köplügünden, bolçulukdan tizlik bilen köpeldi. Haçanda syçanlaryň sany 2200 e ýetende bolsa ösüş peseldi we jemgyýetde krizis başlandy.

Özüni alyp barmagyň peselmegi(Behavioral sink)
syçanlar arasynda gatnaşyklar bozuldy.
Eneler çagalaryna seretmegi taşladylar, kä halatlarda çagalaryna agressiw çemeleşmeler bolup başlady.
Erkek syçanlar öz territorialaryny, maşgalasyny goramagy bes etdiler.

Owadanlar(The beautiful ones)
Tejribäniň iň haýran galdyryjy ýeri: diňe iýýän içýän, ýatýan, tüýlerini arassalaýan, emma köpelmekden, uruşmakdan gaçýan, jemgyýetçilik gatnaşyklaryndan doly ýüz öwüren bir topar syçanlar peýda boldy.

Ýok bolmak
Iýmitiň we şertleriň bolçuluguna garamazdan, syçanlar köpelmegi bes etdiler we kem kemden tutuş swilizatsiýa ýok boldy.

Jon B. Calhoun bu tejribäni adamlaryň ykbaly bilen deňeşdirdi. Ol eger adamzat uly şäherlerde aşa dyknyşykda ýaşasa we ähli maddy zerurlyklary (iýmit, goranyş) aňsatlyk bilen kanagatlandyrylyp, göreşmek üçin hiç hili kynçylyk galmasa, jemgyýetde ruhy we sosial çökgünligiň başlap biljekdigini öňe sürdi.
Ýagny, adamlar hem hut "owadan syçanlar" ýaly diňe öz bähbidini, rahatlygyny we daşky görnüşini gözläp; maşgala gurmakdan, çaga terbiýelemekden we jemgyýetçilik jogapkärçiliklerinden gaçyp başlarlar diýen netijä geldi.

Dogrusy bu barada men 1 ýyl öňräk youtube wideo gördüm, biraz ýene gaýtalap hem mowzuk açmagy niýet etdim.
Irden güýmeneýin diýip köne işime, doslarymyň ýanyna myhmançylyga gitdim. Ýolda gidip barşyma entäk ýoluň içi, ýagny uly ýola çykmankam bir kreý edip ýören Siena maşynla duş geldim welin, nirik diýip soran soň, obiznoýa diýip mündüm. Münenimden soň çep tarapsa bir gyz geçip barýan eken welin taksi oňa 2-3 sapar signal basan boldy we menem gaty nerwim oýnady we sakla maşyny diýip hiç zat bermän gahar edip düşüp gaýtdym. Garaz özi bir tuppoý kreýşik, onnada sienada kreý edýär, ýene eli döwülsün, gyza signal basan bolýar ölisi. A tak şular ýaly bigaýrat erkekler gaty köpeldi. Gaýrat ediň gyzlar, norm oglanlar bar dünýäde, ralny bar. 5 barmak deň däldiris. Emma unutmaň, oglam saýlasaňyzam norm düşünjelisini saýlaň. Beý diýsem diňe oglan däl, gyzlar hem bulaşyklary kän. Meniň duş gelen gyzlarym gowy däl ýa asyl gowydäl 90-80% gutaran ýalyla? A tak seredýän hemmesine, öňümden çykan ýok diýenok, boram diýenok, hökman wariant saklamaň. Tapdyňyzmy normmy? Ejesi kakasy nähili? Özi nähili? Maşgala ekläp bilýärmi? Gazanjy barmy? Onna munna bimany entänokmy? Eger ählisi hawa bolsa, onna pikirlenmän ýapyşyň şol oglana. Bu ýerde akyl satjak ýok size, mugt panýata berýän men, asyl meň işimem däl, beýdip akyl satmak, ejeňiz kakaňyzda düşünje ýok bolsa ony başga bir kellesi düzüwräk adamdan, ynsandan almak erwet zat däl. Düşünmeýän ýeriniz bolsa soraň? Konsultasiýa geçip bilerin isleseňiz durmuş boýunça, biznes boýunça, garaz scalability adam boljak boluň. Meň diýenimem oýlaň azajyk, a tak belki menem ýalňyşýandyryn, belkem haklydyryn. Garaz kim gelip asmanyň reňki gök diýse şol gök bolanok, herkimiň gözi her dürli reňkde görýär we muňa anyk jogap bermek hiçhili mümkindäl. Sagboluň


113

34

2

6

0

0

2
Teswirler:
 Öwreniji
 hickim [off]
  Dereksiz ynsan...
 20.04.2026 / 00:44

+0

Blin ýene näsazlykly ýazypdyryn, izwini. Mowzukdan çykyp gitdim bagyşlaň

 Premium
 Orazjan [off]
  Sapby soranjaň
 20.04.2026 / 07:26

+1

Dogrusyny dogry aýdan ekeniň +++

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hosting bilen domenin komegi programmada


Edip oturun şu aýdanlaryňy...dowamy...

Hosting bilen domenin komegi programmada


Ay yagaaa...dowamy...

Hosting bilen domenin komegi programmada


Köre salgy beren ýaly edip ýazypsyňaý...dowamy...

Hosting bilen domenin komegi programmada


Ne ponýala.....dowamy...

Ilkinji edebiýat birleşmämiz ☺


Menem birleşme barada birzatlar ýazaýjakdym, Basmaçylardan ýaňa ýazjagyňam ýazyp bolanok, bar höwesiňi alansoňlar ýazasyňam gelenok. Oňarypsyň, ý...dowamy...

Ýatla meni...


Bir mowzugy, bir gezek halamak mumkin! Esasy Sada halkyň göwnünden tursa, ol seniň ýazan zatlaryňy ýyldan ýyla nämejik, asyrdan asyra geçirýär....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýatla meni...
Fantom (05.06.2026 / 17:14)

Ýatla meni...


Poeziyada lenc edilen pikirlerden gacarak durmak gerek. Meselem, gysda yazda yatla diyen yaly. Gosgyn icindaki uytgesijek bir zatlar aytjak bolma...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýatla meni...
Belki (03.06.2026 / 22:36)

Ahwal


Umuman alanda gosgyn tehnikasy sagdyn, duygusam bar. Birhili Cary Yegenmyradyn gosgularynam yatlatman duranok. indi minuslaryna gelsem kabir kapy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ahwal
Belki (03.06.2026 / 22:33)

Edebi söhbetdeşlik Taýmaz Seýidow bilen sorag-jogap


Tuweleme, gowy sohbetdeslik bolupdyr. Taymaz agan jogaplaryny men-a gaty haladym. Ayratynam 12-nji sorag we jogaby gaty yerine dusupdir. Ustunlik...dowamy...

Ýüregimiň Sözleri❤️


okajak bolup sakowladym...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýüregimiň Sözleri❤️
tony_montana (03.06.2026 / 13:51)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->