Ýürekdeş sözler!
108 minut.
Fantom [off]
20.04.2026 / 09:25
Wagtyňyzy manysyz geçirmäň, çünki her bir pursat altyndan gymmatlydyr...
1961-nji ýylyň 12-nji aprelinde — mundan 65 ýyl ozal — adamzadynyň iň täsin we batyrgaý arzuwy hasyl boldy: äleme uçuş amala aşyryldy. Uly leýtenant Ýuriý Gagarin "Wostok-1" gämisinde 302 kilometr belentlikde, sagatda takmynan 28 müň kilometr tizlik bilen Ýeriň daşyndan aýlandy.
Gagariniň uçuşy bary-ýogy 108 minut dowam etdi. Emma bu minutlar bütin dünýäni, mümkin bolan we bolmadyk zatlar baradaky düşünjeleri düýpgöter üýtgetdi. Bütin planeta Gagarine, sowet alymlaryna we konstruktorlaryna, beýik ýurduň dabaralanmasyna el çarpyp gutlady.
SSSR we ABŞ-nyň arasyndaky älem bäsleşigi örän berkdi. Baş konstruktor Sergeý Korolýow howlygypdy: ol birinjiligi umman aňyrsyndaky kärdeşlerine bermäge haky ýokdy.
Emma howlukmak diýmek — islendik baha bilen birinji bolmak diýmek däldi. Gagarin uçmanka, "Wostok" gämileriniň ýedi uçuşyndan diňe üçüsi şowly bolupdy. Şonuň üçin hem Korolýow berk şert goýdy: adam uçmanka, bortunda maneken we janly mahluk bolan iki sany şowly synag uçuşy geçirmeli.
1961-nji ýylyň 9-njy we 25-nji martynda "Iwan Iwanowiç" lakamly maneken bilen bilelikde ilki Çernuşka, soňra bolsa Zwezdoçka atly itler äleme uçuryldy. Bu synaglar Gagariniň uçuşy üçin "baş repetisiýa" boldy.
Günbatar metbugatynda henize çenli Ýuriý Gagarinden öň hem äleme uçanlar bar diýen galp habarlar duş gelýär. Köplenç Walentin Bondarenko, Pýotr Dolgow we meşhur konstruktor Sergeý Ilýuşiniň ogly Wladimir Ilýuşiniň atlary tutulýar. Emma bular diňe bir mifiň bölekleridir. Hakykatda bolsa, Ýuriý Gagarin äleme uçan ilkinji ynsandyr.
Gagariniň uçuşy tehniki näsazlyk sebäpli ýatyrylyp bilermi? Uçuşyň öňüsyrasynda gäminiň gapagynyň (lýugynyň) dogry ýapylmandygyny aňladýan "KP-3" signalynyň ýoklugy anyklandy. Konstruktor Oleg Iwanowskiý gysga wagtyň içinde 32 sany nurbady (gaýkany) söküp, gapagy täzeden ýapmaly boldy we bu işi gaty çaltlyk bilen başardy.
Uçuşyň öňüsyrasynda Gagarin "Rodina slyşit" (Watan eşidýär) diýen aýdymy sykylyk atyp çalypdy. Şeýle-de, ýer bilen gepleşikleriň ýazgysynda Gagariniň "Zawetnyý perekrestok", "Landyşi" we "Letite, golubi, letite" ýaly aýdymlara diň salandygy mälim boldy.
Kosmos derejesinde bir sekunt näme? Emma şol sekunt sebäpli Gagariniň gämisi meýilleşdirilen ýerden gaty uzakda gondy. Uçuşyň nähili gutarjakdygy belli bolmandygy sebäpli, TASS agentligi öňünden üç sany habary taýýarlapdy:
1. Uçuşyň şowly geçendigi barada (bu habar Lewitan tarapyndan okaldy).
2. Kosmonawtyň SSSR-iň daşyna gondygy barada.
3. Kosmonawtyň wepat bolandygy barada.
Gagariniň Z wezdnyý gorodokda (Ýyldyzly şäherjikde) köp ýyllap gizlin saklanan şahsy işinde gyzykly maglumatlar bar. Mysal üçin, Gagariniň näme üçin 7-nji klasdan soň mekdepden gaýdyp, hünärmentçilik uçilişesine girendigi, haýsy sport görnüşi boýunça birinji derejeli eminlik (sudýalyk) unwanynyň bolandygy baradaky resminamalar häzir açyk görkezilýär.
Ýuriý Gagariniň esasy dublýory German Titowdy. Ikinji ätiýaçlyk kosmonawt bolsa Grigoriý Nelýubowdy. Şeýle-de, köpçülige mälim bolmadyk, "ýerdäki" dublýor Sergeý Nefýodow hem bardy. Synaglar döwründe Nefýodow skafandryň içinde 10 gije-gündizden köp wagt geçirip, +80 gradus yssa çydamaly bolupdy.
Baş konstruktor Sergeý Korolýowyň ady diňe ol aradan çykan güni halka mälim edildi. Oňa çenli ol gazetlerde "professor K. Sergeýew" diýen at bilen makalalar ýazýardy. Kosmonawt Alekseý Leonow: "Ol biziň üçin kakamyzdan hem ýokarydy, Korolýow biziň üçin Hudaý ýalydy" diýip ýatlaýardy.
Korolýowyň özi hem äleme uçmagy arzuw edipdi, emma onuň ykbaly adamzadyň äleme ýoluny açan beýik akyldar bolup galypdy.
2026-njy ýyl, "Rossiýskaýa gazeta" redaksiýasy.
57 |
8 |
1 |
2 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Orazjan [off]Sapby soranjaň
20.04.2026 / 19:32
+0
Aýa uçmak nämä gerklikä
Fantom (21.04.2026 / 06:26)
Orazjan, aýda resurslar bar. ýerdäki metallaryň soňyna sowan ekýärler bu gidişine gitse.
gazyňa 70 90 ýyl wagty barmyş, soň gutorýarmyş.
Soňky teswirler
Ilkinji edebiýat birleşmämiz ☺
Menem birleşme barada birzatlar ýazaýjakdym, Basmaçylardan ýaňa ýazjagyňam ýazyp bolanok, bar höwesiňi alansoňlar ýazasyňam gelenok. Oňarypsyň, ý...dowamy...
Ýatla meni...
Bir mowzugy, bir gezek halamak mumkin! Esasy Sada halkyň göwnünden tursa, ol seniň ýazan zatlaryňy ýyldan ýyla nämejik, asyrdan asyra geçirýär....dowamy...
Ýatla meni...
Poeziyada lenc edilen pikirlerden gacarak durmak gerek. Meselem, gysda yazda yatla diyen yaly. Gosgyn icindaki uytgesijek bir zatlar aytjak bolma...dowamy...
Ahwal
Umuman alanda gosgyn tehnikasy sagdyn, duygusam bar. Birhili Cary Yegenmyradyn gosgularynam yatlatman duranok. indi minuslaryna gelsem kabir kapy...dowamy...
Edebi söhbetdeşlik Taýmaz Seýidow bilen sorag-jogap
Tuweleme, gowy sohbetdeslik bolupdyr. Taymaz agan jogaplaryny men-a gaty haladym. Ayratynam 12-nji sorag we jogaby gaty yerine dusupdir. Ustunlik...dowamy...