“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
👉 Tanyşlyk Chat (üstüne bas)👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Ýürekdeş sözler!
Aypipijik : Mugt zada soygi diyyadik olam indi pullynky...

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Gozlerinde ynam sozlerinde many
 Täzeje
 Princessa04 [off]
 Şugün, 16:55
 Özüň üçin ýaşa adamlar iýmekden doýmaýar.. 🌍🎓

Gözlerinde ynam, sözlerinde many


Mahlasy, adam bütin ömrüniň dowamynda nijeme halypalardyr mugallymlardan ylym-bilim alýar. Men mugallymlara uly keramat hökmünde garaýaryn, çünki mugallym heniz kiçijek çagajykkaň, mähir bilen synp otagyna kabul edip, saňa harplarydyr, sanlary öwredip başlaýar. Taýajyklardyr tolkunjyklary çyzyşdyryp başlan günleriň düýn ýaly bolsa-da, göz açyp-ýumasy salymda gatbar-gatbar kitaplary okap, ylmy işmidir, çeper esermidir, ýazyp başlanyňy öziň hem duýman galýarsyň. Olar käteler käýäp, käteler ynamly nazary bilen bagryna basyp, kä wagtlar bolsa eliňden tutup, harp ýazmagy öwreden pursatlary hem, okuwçylaryna bolan päk arzuwlaryny sözsüz beýan edýärler. Mugallymyň manyly nazary, onuň dymyşlygy hem kämahal ýüz sözden has täsirli bolýar.
Eý, mähriban mugallym!!! Seniň yhlasyňdan geçen her bir bagtyýar döwrüň bagtly zürýadyň nädip ýagty ertirlere atarylmajak diýsene... Şol ýagty ertirleriň gözbaşynda hem seniň yhlasyň, sabryň, ynamyň hem-de üznüksiz zähmetiň bar.
Adam tutuş ömrüniň dowamynda dürli-dürli mugallymlardan sapak alýar. Käbiri ene-ata ýaly okuwçysynyň her ädiminde gapdalynda durup goldaýar, käbiri bolsa çaganyň ýüregine düşünmän, diňe käýinmek bilen çäklenýär. Emma mugallymçylyk diňe bilim bermek däl, ol ýürek işidir.
Men mekdep döwrümden, orta hünär mekdebi döwrümden tapawutlylykda öz institutymyzdaky ylym berýän mugallymym hakynda gürrüň beresim gelýär. Dogrusy, mähriban mugallymyň ajaýyplygy, işine ezberligi barada söz açsam, tutuş sapak hem az bolaýjak ýaly...
1-nji sentýabr. Bilimler we talyp ýaşlar güni. Ýokary okuw mekdebine okuwa girip, talyp adyna eýe bolan günümiň ir säheri henizem ýadymda. Uly buýsanç bilen baýramçylyk dabarasyna tarap ugradym. Heniz topardaşlarymy tanamokdym. Dabara tamamlananyndan soňra biz ilkinji sapagymyzy okamak üçin bilelikde okuw otagymyza ugradyk. Her birimiz gözel Watanymyzyň ajap künjeklerinden gelen, talyp adyna eýe bolan zehinli ýaşlardyk. Ählimiziň oýumyzda şol bir sorag bardy: «Talyplyk durmuşyna äden ilkinji ädimimizde ilkinji sapagy kim okadarka? Bu syrly menzildäki ýolbeledimiz, ussadymyz kimkä?»
Jaň kakyldy. Okuw otagymyza goly depderdir-kitapdan doly mugallym girdi. Biz tolgunyp, biri-birimize seredişip durduk. Mugallym orta boýlydy. Egninde ýaz gününiň baýyrlaryny ýatladyp duran ýaşyl reňkli köýnegi, ykjamja dikilen, jümjüme güli bilen keşdelenen ýeňsizi onuň görküne aýratyn sypaýçylyk berýärdi. Gara saçyndaky gyrmyzydyr-mämişi reňke öwüsip, gözüň ýagyny iýip gelýän öýmesi mugallymyň görküne has hem görk goşýardy.
Hal-ahwal soraşdy. Her birimiz bilen ýekänme-ýekän tanyşyp, sowallar arkaly öz ýanyndan bilimimize seretdi. Ýuwaşlyk bilen pikire gaplanan kellesini iki baka ýaýkap, ýerinden turdy-da kagyzdan doly ýantorbasyny açyp, içini dörjelemäge başlady. Onuň ýantorbasy misli hazynaly sandyga çalym edýärdi...
Jeren mugallym rus diliniň kadalary ýazylan bölejik kagyzlary alyp, paýlamaga başlady. Misli biziň elimizden mäkäm tutup, çylşyrymly menzile, hünär, diller dünýäsine alyp barýan ýaly... Bir ýandan hem öwüt-ündew berýärdi. Dil öwrenmegiň çylşyrymly kärdigini, egerde özümiz höwes bilen çemeleşmesek, hatda saňa iň ussat mugallymyň hem kömeginiň degmejegini aýdýardy. Bir zady öwrenmek üçin ilki bilen öz höwesiň bolmaly ekeni... Mugallym her niçik jan edip, senden täze bir dünýäni, ussat bir mugallymy döretmäge çalyşsa, sen hem ussadyňa tarap hereket etmeseň...
Şol gün biz üçin ýatdan çykmajak sapaklaryň biri boldy. (Aslynda-ha, röwşen geljege alyp barýan bu mugallymyň her bir sapagy biz üçin täsirli). Ilkinji sapak bolmagyna garamazdan nurana keşpli zenandan diňe bir rus diliniň kadalaryny däl, eýsem, durmuşda gerek bolaýjak sapaklary hem alypdyk.
Sapakdyr-bäsleşiklere gyzygyp, başagaý bolup ýörşümize 4-5 aýy deňimizden ötürenimizi hem duýmandyrys. Biz hem şol hakdan içen mugallymyň berýän sapaklary bilen okuwa höwes bilen gatnaýardyk. Biz şeýle bir öwrenşipdiris welin, mugallymyň her sapagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardyk. Onuň geler sagadynyň her minudyny sanap, depderdir-galamlary, kitapdyr, synp tagtasyny taýýarlap, gapa tarap nazarymyzy gönükdirip, öz mährem dünýämize garaşýardyk. Umuman, Jeren Aşyrmyradownany şeýle bir gowy görýärdik welin, beýleki dersleri hem diňe şol mugallymdan öwrenmek isleýärdik. Belki, sapagy okamazlyga bahana diýip, pikir edip bilersiňiz, ýöne biz hakykatdan-da diňe we diňe şol mugallym bilen ylym dünýäsine sary ýelken ýaýmak isleýärdik.
Jeren Aşyrmyradowna diýseň ussat hem sabyrly mugallym. Onuň görejinde elmydama talyplaryna bolan ullakan ynamy ýatyr. Ynam. Ol nähili ynam? Bilim taýdan kanagatlanarly bolan talybynyň hem ertirki gün ussat çykjakdygyna bolan ynamy.
Bir gün hem topardaşlarmyz bilen öýe tabşyrylan ýumuşy Jeren mugallymyň isleýşi dek, göwnemakul ýerine ýetirip gelmändik. Belki-de ýaltalyk, belki hem sapaga düşünmezlik, ýa bolmasa şol günki tema biperwaý garamak... On sany adamyň pikiri we dünýägaraýyşy bir hörpden deň galmaz ahbetin! Elgaraz, şol günki sapaga taýýarlanşymyz mugallymymyzyň göwnünden turmady.
Mugallym lapykeçdi, gamgyndy... Agyr pikirler, duýgular ony basmarlaýardy. Gahardan ýaňa ýanyp duran aýna ýaly parlak gözlerindäki inçemik damarlary, ondaky duýgulary diňe men duýdummykam? Jeren mugallym gynanýardy, çünki biz — janygyp öwreden kadalarynyň jogabyny jinnek ýaljakda berip bilmändik. Ol uludan demini aldy. Gaharyny ýuwudup, agyr göwresini galdyrdy-da, synp tagtasynyň ýanyna baryp manyly nazary bilen esli wagt bize seredip durdy. Otaga agyr duýgulara gaplanan ümsümlik aralaşdy. Biz mugallymyň gaharyny getiren hem bolsak, ol gaharyny basyp, sadaja, parahat äheňi bilen bize sapak düşündirmegini dowam edýärdi.
Mugallym tagtanyň öňüne geçip, öňki geçilen temany gaýtadan gaýtalap düşündirmäge başlady. Ol şeýle bir erjel mugallymdy, ol biziň öwrenmegimiz üçin 5 gezek, 10 gezek, ýetmese 100 gezek hem şol bir sapagy tä sen düşünýänçäň öwretmäge kaýyl. Ýöne biz hem onuň zähmetini jogapsyz goýmaly däl, öwrenmeli. Öz ýetişdirýän daragtyň günsaýyn boý alýandygyny görmek mugallym üçin uly bagt dälmi näme?
Sapagy düşündirip bolanyndan soňra Jeren mugallym ýerine geçip oturdy. Talyplarynyň ýüzüne bir laý seredip, «Ertirki gün siz mekdebe mugallym bolup işe barmaly. Mugallym — bu ýönekeý we aňsat kär däl ahyr, siz kiçijik çagalar bilen işlemeli, olary geljege ugrukdyrýan terbiýeçiler bolmaly. Ýöne sapagyňy öwrenmän, kämilleşdirmän, mugallym bolup bolarmy? Unutmaň, talyplar, her bir ynsanyň kalbynda «ynsap» atly adalatly hem halal duýgy bar. Ýeri gelende ol oýanyp, içiňi gemrip başlar, ýeri gelende ol parahatlanar. Meniň size diýjek bolýan zadym, okuwa diňe bir mugallym adyna eýe bolup gatnap ýörmäňde, geljekki nesillere bilim bermäge çalyşyň. Onuň üçin bolsa, ilki bilen özüňiz kämilleşmeli.» — diýipdi. Ana, biz hem şol günden soňra, nähili jogapkärçilikli käre eýedigimize has hem göz ýetirip, sapaklarymyzy yhlas bilen öwrenmäge we özleşdirmäge başladyk.
Ussat mugallym Jeren Aşyrmyradownanyň berýän, öwüt-ündewlerinden, ylym ýolundan, tejribelerinden, ussatlygyndan ugur alyp hem-de ugurtapyjylygyny, adamkärçiligini özümize nusga edinip onuň ynamyny ödäris diýip umyt edýäris.




Annadursun Annalyýewa.


Okymyş adamlar eserimiñ nirsinde kemcilik barka... Mumkin bolsa aytsanyz menem duzetsem....


6

2

0

0

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Biz nirik barýarys? Geldik düşmeli


Dogrusyny dogry aýdan ekeniň +++...dowamy...

Biz nirik barýarys? Geldik düşmeli


Blin ýene näsazlykly ýazypdyryn, izwini. Mowzukdan çykyp gitdim bagyşlaň...dowamy...

Kir pullar. Pullary ýuwmak


Gaýrat et...dowamy...

Näme üçin erkin internet hiç kime gerekdäl?


manat hem gerek dä...dowamy...

Balykçynyň buýsanjy


Umman girer bakmaz howup-hataryna, Umytly göz diker atan toruna......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Balykçynyň buýsanjy
Orazjan (18.04.2026 / 21:11)

Bir kemsiz gözel ýok


Aý, howwada...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bir kemsiz gözel ýok
Orazjan (18.04.2026 / 19:37)

Bilmezmiñ


Kop sagbol...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bilmezmiñ
Orazjan (18.04.2026 / 19:35)

ÖZIME NEKROLOG


Garaz, gowy adam bolmak kyn-da......dowamy...
Erkin mowzuklar | ÖZIME NEKROLOG
Orazjan (18.04.2026 / 19:31)

ÖZIME NEKROLOG


Adamlaryň köpüsi ýaşaýşymyzyň many-mazmunyna nädogry düşünýär. Näme üçin ýaşaýarlar we näme gazanyp gitmeli, ömrüniň baş maksadynyň nämedigi hakd...dowamy...
Erkin mowzuklar | ÖZIME NEKROLOG
Kapiro (16.04.2026 / 23:07)

Näme üçin erkin internet hiç kime gerekdäl?


Başga ýurtlarda üýtgeýändir, ýöne bizde ilatyň 50-60 % di internediň nämedignem bilenok dogrusy, sebäbi internet gymmat we gowy işlänok. Şul aýda...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->