“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
👉 Tanyşlyk Chat (üstüne bas)👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Söýgüli chat
Ýürekdeş sözler!
Sebap : Biride çikip demiýor ki, şu kizi üzeni üzerim diýe

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Söýgi näme üçin gutarýar?(gyzykly okaň)
 Täzeje
 Rozia_09 [off]
 23.04.2026 / 21:03

Hemmämizem ömrümizde bir gezegem bolsa söýgi diýlen zad-a, ýa-da halk dili bilen aýdylanda "yşk oduna" düşüp görendiris. Birine söz aýdandyrys, ýa-da bize aýdylandyr, ýa-da ikimizem bilsegem, biri-birimize aýtman, seredişip halap, ýa-da platoniki bolan daşyndan ony söýüp, guwanyp gezendiris.

Köp kişi söýgi üçin gaty gaýgylanyp, aglap, hatda janyna hem kast edip bilýär. Söýgi barada şuwagta çenli örän köp zat ýazylyp, aýdyldy. Köpümiz käbir sitata sözlerine gabat gelýändiris bu babatda, meselem "bagt – söýülmekdir", "söýgi – bu hemme zatdan geçip, birlikde ýaşamakdyr", "adamlary söýgi ýaşadýandyr" we ş.m "söýgi şeýledir", "söýgi pylandyr" ýaly sözlere kän gabat gelýändiris.

Köp adam söýenden soňra, söýen kişisini hiç unutmajakdygyny, şonuň bilen mydama bagtly bolup, bir ömür sürjekdigini pikir edýär. Emma ol işler beýle pikir edişleri ýaly bolaýanok. Gatnaşyklar gaty çalt bozulýar, ýa-da jüwütler gaty çalt aýrylyşýarlar. Durmuş guranlaryndan soňra aralaryna sowuklyk düşüp, aýrylyşýarlar. Beýle bolmagynyň sebäbi näme?

Beýnimizde "dopamin" atly bir garmon bar. Bu garmon, biziň şat bolmagymyzdan, lezzet almagymyzdan, motiwasiýa we ş.m zatlardan jogapkär.

Meselem aýdaly biziň şäherimizde täze bir muzeý açyldy. Biz şol muzeýe barmak islesek beýnimizde dopamin döreýär. Biz ol muzeý barada hiç zat bilemzok, pikir edýäris "ol muzeý nähilikä?", "içinde nämeler barka?", "adam känmikä?", "içi ulymyka" diýip, we şeýle pikirler bizi dopaminiň täsiri astyna alýar, şat bolýarys. Soň biz ol muzeýe gidýäris, ony dostlarymyza hem aýdyp berýäris. Emma biz bellibir wagtdan, 5-6 günden soň ol muzeýi edil öňkisi ýaly pikir etmeýäris, sebäbi bu adaty ýagdaýa öwrüldi, orginallygy ýitdi, günlük durmuşymyzyň bir bölegine öwrüldi, indi öňki ýaly höwes etmeýäris, dopaminiň täsiri gutarýar. Dopamin çäksiz dowam edýän zat däldir. Sebäbi iň soňunda geljek, şuwagtky zamana öwrülýär.

Bir derňewde, syçanyň beýnine elektrodlar ýerleşdirilýär. Syçana bir kapasanyň içinde nahar berilýär. Syçan nahary görende beýninde dopamin döreýär, soň oňa yzygiderli nahar berlip başlanýar welin, syçandaky dopamin ýitýär. Sebäbi syçan naharyň geljegini bilýär. Emma bellibir wagt aralygynda däl-de, arada bir wagt nahar berip başlanýar welin syçanda ýene dopamin döreýär.

Biz haýsam bolsa täze bir zat etjek bolsak, beýnimizde dopamin döreýär (sebäbi beýin täze zady söýýär), meselem täze bir maşyn, täze bir öý, täze bir gatnaşyk, täze ýer, täze telefon we ş.m. Sebäbi arada garaşylmadyk hadysa bar.

Biz bir gatnaşyga başlan mahalymyz hem, başga garmonlar bilen birlikde, beýnimizde dopamin hem döreýär. Höwesek bolýarys, ol barada pikirler edýäris, tolgunýarys, geljege degişli arzuwlar edýäris. Ony ömrümiziň söýgisi, hakyky söýgimiz yglan edýäris, ony jynsy taýdan hem küýseýäris. We özümizi gaty şadyýan, bulutlaryň üstünde gezip ýören ýaly duýýarys. Soňra onuň bilen durmuş gursak, bellibir wagtdan soň, gatnaşygymyz öňkisi ýaly bolmaýar, bizde öňkisi ýaly höwes bolmaýar. Sebäbi ol öň garaşylmadyk bir hadysa bardy, emma indi günlük durmuşymyzyň bir bölegi, adaty ýagdaýa öwrüldi. Beýnimizdäki dopamin derejesi azaldy. Elbetde ýene biri-birimizi söýüp bileris, emma edil öňkisi ýaly tolgunşyk, höwes, motiwasiýa, keýpihonlyk ýok.

Beýnimiz garaşylmadyk zady islemäge, şol sebäpli her-hili höwes, tolgunşyk berýän ýagdaýy başdan geçiriljek geljege kodlanandyr. Eger söýgiden başlap haýsam bolsa bir zat garaşylan bir ýagdaýa öwrülse, bu tolgunşyk ýitýär we täze zatlar ünsümizi çekip başlaýar.

Täze bir telefon alsak, beýnimizdäki dopamin ulgamy herekete geçýär we şat bolýarys, keýpli bolýarys, emma ol telefon wagt geçdigiçe adaty ýagdaýa öwrülýär we soňabaka hiç bu ýagdaýdan şat bolmaýarys, dopamin ýitýär. Jynsy hyýaly fantaziýalar bizde dopamin täsiri döretse, şol bir fantaziýa 2-3 gezekden soň bizi tolgundyrmaz, emma täze bir fantaziýa ýene bizde dopamin döredýär. Şeýlelik bilen, täze bir gatnaşygam bizde dopamin döredýär. Sebäbi bu täze bir hadysadyr, heniz elimizde däl, syrlar bilen dolup ýatyr. Şol sebäpli öňki gatnaşygymyzyň arasyndaky sowuklygy täze bir gatnaşyk bilen dolduryp başlaýar. Netijede hem aýal hem-de erkek, täze bir gatnaşygyň signalyny alandan soň, ýene şol öňki gatnaşygyndaky duýan zatlaryny duýup başlaýar.

Bir derňewde bir erkek syçanyň kapasasyna 2-3 sany urkaçy syçan goýulýar. Urkaçy syçanlar jüwütleşmek döwründe. Erkek syçan hemme urkaçy syçan bilen jüwütleşýär, soňra erkek syçanyň güýji we islegi hem galman, bir gyra süýşüp, depressiýa düşen ýaly oturýar. Soňra ýene bir täze urkaçy syçan goýýarlar, erkek syçan ýene höweslenip, güýçlenip onuň bilenem jüwütleşýär. Ýene birini goýýarlar, ýene jüwütleşýär, ýene birini goýýarlar we ýene-de... Erkek syçan hiç durman jüwütleşmek isleýär. Jynsy islege bolan arzuw, täze bir kişi bolanda has artýar.

Söýginiň başynda gatnaşygyň derejesi gaty ulalýar. Söýginiň başlangyjyndaky bu motiwasiýa elbetde bellibir wagt aralagyna çenli dowam edýär. Biz bu wagt aralygynda, ýagny söýginiň ýaňy başlan iň süýji wagtynda söýgülimiziň diňe gowy taraplaryny görüp, nähili oňaýsyz taraplary bar bolsa ony görmeýäris. Söýgülimizi erbet tankytlamazlyk üçin beýniň tankytlaýjy bölümleri ýuwaşladylýar. Gözümiz onuň erbet taraplaryny görmeýär, gözümize bir perde goýlan ýaly bolýar. Bu söýginiň başyndaky bir illýuziýadyr. Ýöne bu illýuziýa soň wagtyň geçmegi bilen aýrylýar we oňuşmazlyklar başlaýar. Şol sebäpli öz pikirimizdäki idealy real kişide gaty ulaltmaly däl, sebäbi idealymyza ters gelen hereketler wagt geçdigiçe ýüze çykyp başlaýar we sögüşler, çekeleşikler başlaýar.

Söýginiň ömri barmy?

Gözleglere görä bir söýginiň ömri 18 we 36 aý aralygyndadyr (käbir beýleki çeşmelere görä 12-18 aý). Dünýäde "ömürlik söýgi" diýlen düşünje bar bolsa-da, beýindäki himiki täsirleriň adaty ýagdaýa gelmegi barlanan-da şeýle netije çykýar. Ýene-de gözlegçiler bu wagty bir çaga dünýä indirmek we ýetişdirmek üçin wajyp bolan wagt bilen baglanyşdyrýarlar. Aşyk bolmak gaty uly, duýguly, tolgundyryjy bir wagt aralygyny öz içine alýandyr we bulam ortaça köp kişi üçin 3 ýyldyr.

Söýginiň getiren rahatlygy başdaky uly energiýa we motiwasiýa bilen dowam etmez. Bellibir wagtdan soň ol kişi adaty durmuşyna dowam edip bilmek üçin bu energiýanyň azalmagyna mätäçlik duýýar.

Bir kişi birini çyny bilen söýüp, ony gaty erbet isläp, soňam oňa gowuşdy, käwagt isleýän zatlarymyz-a ýetenimiz-de, pikir edilşi ýaly ýaly ajaýyp bolmaýar. Meselem bir kişi birini çyny bilen gowy görse, we oňa söz aýtsa, ol hem almasa, ol kişi aglap, ony özünden başga hiçkimiň beýle söýmejegini pikir edip, girýan eýläp ýörer. Emma ol kişi hem oňa gowuşsa, bellibir wagtdan soň ony kän pikir etmez. Sebäbi bu duýgular hakyky däldir, oňa ýetip bileňok we oňa ýetip bilmändigiň üçinem her gün has gamgyn bolýaň, has küýseýäň, eger ýetäýseň bu duýgular bellibir wagtdan soň derrew pytraýar, sebäbi ýetip, ol boşap galan käsäňi doldurdyň. Ýagny bu duýgular, bu zatlar dowamly däldir. Şol sebäpli bir kişiniň oňa ýetip bilmän aglamagy ony söýýändigini görkezmeýär.

Bu bir tarapdan erk-ygtybar bilenem baglanyşykly meseledir. Sebäbi beýin mydama aňsat ýoly saýlaýandyr şol sebäpli sähel ara sowuklyk düşse jüwütleriň köpüsi aýrylyşýarlar.

Her iki tarapda-da söýgini dowam etdirip bilmek üçin edilen käbir synaglaryň netijesinde jogapkärçiligiň iň esasy aýratynlyklaryň biridigi anyklandy. Ýagny jogapkär adamlar, söýgini edil başdakysy ýaly bolmasa-da, ýyly görnüşde dowam etdirip bilerler.


107

25

9

3

0

0

2
Teswirler:
 Premium
 Orazjan [off]
  Sapby soranjaň
 23.04.2026 / 23:30

+0

Sòýgi düşünip ýada düşündirip bolýan zat däl bolaýmasa


Täzeje
Rozia_09  (24.04.2026 / 07:33) 

Orazjan, Hawo

 Öwreniji
 hickim [off]
  Dereksiz ynsan...
 24.04.2026 / 00:21

+0

a indi bolsa telefony öçür we daş töweregiňe seret? sen näme edýäň? näme üçin edýäň???

real durmuşuňa hoş gelipsiň jigimjan!


Täzeje
Rozia_09  (24.04.2026 / 07:33) 

hickim, Sps agam


Täzeje
Rozia_09  (24.04.2026 / 07:33) 

hickim, Sps agam

 Özümiziňki
 Daniel [off]
  Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
 24.04.2026 / 09:35

+0

Dopamin diysene... adamy sersan edýan

 Özümiziňki
 Daniel [off]
  Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
 24.04.2026 / 09:40

+0

Diñe ogul gyz arasyndaky söýgi barada öýdýän )) eje, kaka bolan söýgi dine (Yslam) bolan söýgi ýaşaýan yerine - bu tuýsli söýgüler baky bolup bilermika diýýän

 Täzeje
 Jennet_guli [off]
  "Oňarsaň bar zady oňatlyga ýor"
 24.04.2026 / 10:48

+0

Köp ýerini okamadym.

Söýgi gutarmaýar. Gutarýan bolsa ol başga zat


Täzeje
Rozia_09  (24.04.2026 / 14:53) 

Jennet_guli, Hm ai ýöne şeýleräk

 Täzeje
 Selbi008 [off]
 24.04.2026 / 17:33

+0

Cyn yurekden soyen adam gutardyp bilmeya. Gatnasyk gutarsada soygi gutarmaya


Täzeje
Rozia_09  (24.04.2026 / 17:59) 

Selbi008, Ol her iki tarapada bagly

 Täzeje
 Bagul [off]
 24.04.2026 / 20:07

+0

Menem gosulyan yokarkylaryn gepine

 Özümiziňki
 Fantom [off]
  Ýalňyşmakdan gorkup, biz ýene bir gezek ýalňyşýarys...
 25.04.2026 / 00:16

+0

Hm, impatiýa...

 Täzeje
 koshejik [off]
  Maral zeýrendi
 26.04.2026 / 19:19

+0

Aý onno adamlaryň beýnisi düýbünden ýok onno.

Beýniň üstüne ataýalarda inni munom

Edesim geleni edip ýashaýan diýmän beýni günäkär diýärler

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Pul gazandyrýan saýtlar


Freecash su sayt in gowysy diyya jipiti daýy...dowamy...
Internetde pul işlemek | Pul gazandyrýan saýtlar
ДжекМа (Şugün, 08:31)

Pul gazandyrýan saýtlar


Näme ishläp pul gazanylýa saýtda shono düshünemok men...dowamy...

Pul gazandyrýan saýtlar


Bizde mümkinçilik ýok. Ýaňy özümize mümkinçilik döredip başlaýasam welin saýty ýapmaga mejbur edýärler. Ýogsa türkmen webmasterlerem dünýä ýüzüne...dowamy...

Bir käse süýt


Emeli an bilen liboy zady edip bolyar indi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bir käse süýt
Anima (Düýn, 08:31)

Duzak / gysga hekaýalar


Terjime gaty gowy däl, bökdeýän ýerleri kän. Ýöne hekaýalar juda manyly, ajaýyp....dowamy...
Erkin mowzuklar | Duzak / gysga hekaýalar
Gerceknazar (13.05.2026 / 18:11)

Durmuş diýmek näme


Pandajyk hem şular ýaly gowy setirler ýazyp bilýärmi? Like....dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuş diýmek näme
Gerceknazar (13.05.2026 / 18:06)

Bir gyzyñ gündelik ýazgylaryndan.


Haladym, duýgylandyrdy. Şular ýaly durmuşdan duýgyly setirleri okamagy halaýan, paýlaşanyň üçin minnetdar....dowamy...
Erkin mowzuklar | Bir gyzyñ gündelik ýazgylaryndan.
Gerceknazar (13.05.2026 / 18:03)

Bir käse süýt


— Size näçe bergi boldum? — diýip soraýar. Täsin gepleşýän ekenaý. ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bir käse süýt
Fantom (13.05.2026 / 15:38)

Tötänlikmi ýa-da Takdyr?


Eöw näme ökjäňiz bilen pikirlenýäňizmaý. Nämesi geň taň mynyň. Eger olar kiçilikden bir şäherde ýaşan bolsa we Disney şol döwürde iň uly atraks...dowamy...
Erkin mowzuklar | Tötänlikmi ýa-da Takdyr?
Basmacy (13.05.2026 / 15:07)

Çäre bamy?


Çäre barmy dälde, çäre bolarmy diýseň gowy gabat gelerdi....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Çäre bamy?
AyJennet (13.05.2026 / 09:15)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->