Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Tohmediň pidasy bolan gyz hekaya
 Täzeje
 Guljagaz [off]
 11.05.2024 / 06:22
 Gezyan erkime seredemok herkime

Ynsan bu dunya gelya soyup hem soylup yasayar.Soyse we soyulse ozuni seyle bagtly duyyar.Cunki sen soyulsen nahili gowy,menem halayanlar bar eken diyen pikir gelyar.Yone gynanskda seyle yagdaylara ters dusunyanlerem tapylyar.Yagny gyza oglan soz aytsa,hat berse,oyune cenli ugratsa…eyyam adamlarda basga pikir:mysal ucin,ol gyzy bir oglan bilen duranyny gordum,ol gyz gowy dal ya bolmasa oglan gyza soz aytsa boldy gybatcylaryn in taze habarlary bolya goyya…Su hilli gybatcylyk,tohmetcilik…nahili yagdaylara eltyanligi hakynda oylanyarlarmika?! Men su yerde yalancy gep-gurrunlerin,tohmetlerin astynda galan biguna gyz hakynda hekaya aydyp bereyin: Gulnar bilen Mahri bile gonsy hem bir mekdepde okayardylar,nira gitselerde bileje giderdiler.Mahrinin gowni ozunden bir synp yokarda okayan Arslandady.Ona soygusini duydurjak bolyady yone ol ondan ilkinji soze garasyardy.Arslan ona biparhdy sebabi ol basga birini yagny Gulnary halayardy. Ona soygusini duydurmaklygy yuregine duwdi we mekdebe ir gelip Gulnaryn yoluna garasdy.Bu gezek Gulnaryn yeke ozi gelyadi bu bolsa Arslana onayly pursatdy.Arslan onunden cykyp: -Salam,Gulnar! -Salam!Ha name boldy…diyip soragly seretdi. -Neme Gulnar…diyip sozuni sonlamanka elindaki hatly bukjany eline uzatdy. -Name bu? Diyip hayrangalyjylyk bilen seretdi -Bu menin sana yurek sozlerim. -Arslan men muny kabul edip biljek dal. -Namucin? -Yok Arslan gaty gorme men soygi kocesine hali girjek dal…diyip yzyna owrulip gitdi. Sebabi Mahrinin Arslany halayanyny bilyadi… Bu bolan zatlardan Mahri habar tapyar.Ol’’Arslany men halayan ol Gulnary soyup bilmez’’diyen pikir bilen mekdepde ol barada yalan gurrunler yayradyp baslayar.’’Gulnar Arslana suykenip ony soydurjek bolya…’’diyen gurrun eyyam obada yayrapdy. Bir gun Gulnar oyunden okuwa baryarka kocedaki gybatcy ayallaryn:”Myrat aganyn gyzy Gulnary gowy diyip yordum,ol butin mekdebin oglanlaryna suykenip yor diyyaler…ata-enesinin yuzuni yere garatdy” diyen sozler gyzyn yuregine edil hanjar bilen urlan yaly bolyar.Gozlerini yasardyp baryan gyz mekdebe gija galmayyn diyip gaty-gaty yorap baslady.Mekdepde ol ozuni hic zatdan habarsyz yaly hereket etsede onun gozlerinden duymak bolyady.Okuwda son oyune keypsiz,halsyz bolup gelya.Oyde ejesinden basga hic kim yokdy.Kakasy oz ulpetleri bilen oturlysykdady.Sol oturlysykda icen aragynyn tasirine dostlarynyn biri gyzy hakynda esiden gurrunlerini agzyndan cykyp gidyar.Kakasy olaryn arasynda ozuni kicelen yaly duyyar.Gyzynyn hereketleri yuzune urlan ata oturlysykdan cykyp gaydyar… Oyune gyzynyn yanyna gelip,kopculikde yuzi gyzaran ata gyzynyn pak,arassa…yuregine oz eli bilen pycak uryar.Naman namedigine dusunmedik biguna gyzyn agzynda dine yekeje “name ucin?”diyen soz cykyar.Hawa,ar namys diyip ata oz gyzynyn omur tanapyny uzyar…Ol eden hereketine okunip aglayar…Gyzyny bu halyny gorup ejesi onun saclaryny oz goz yaslary bilen sypayady:”wah balam ne gunlere dusdun” Biguna gyz seydip tohmetin pidasy bolyar… Gyzda name guna bardy,onun soyuleni gunamidi?!Soyulmegin hem ayby barmy? Ah,durmus sen namucin seyle…?! Name ucin adamlara yowuz darayan? Goy,bizi gybat-tohmetlerden ALLANYN ozi saklasyn! Her birinizin kalbynyzdan iman nury ocmesin!

135

14

3

2

1

0

2
Teswirler:
 Premium
 BAYOGUL [off]
  Aldamak aňsat biz ýaly sadalary
 11.05.2024 / 08:25

+0

Mlds


Täzeje
Guljagaz  (11.05.2024 / 10:05) 

BAYOGUL,
Pasiba

 Özümiziňki
 Muawiye [off]
 11.05.2024 / 12:08

+0

Käşgä administrator super dislike (ýa-da uly dislike) düwmesi goýsady, bizem gaty halamadyk zadymyza "pa-at" diýip uly dislike ýelmesedik.))

Bu-da beýlekiler ýaly (meniň sözüm bilen aýtsak) "boldy-geçdi" hekaýalaryň biri. Derrew söze gir, heniz nämäň nämedigine düşünilmänkä, "häh" diýmänkäň "mäh" diýip hekaýadakylary öldür, gyr, ýok et, töhmet atylsyn, urşulsyn, uly goh wejera, gysga netije... Soňy!))

Tüweleme biziňkiler şeýle ussat ýazyjy welin, iki abzaslyk setire ikinji jahan urşuny sygdyryp bilýärler.)

Ýazyjynyň çagajykdygy, örän eýjejik çagajykdygy gaty mälim. Başy bilen soňunyň hekaýanyň özi bilen näme baglanyşygy bar? Başyny okaýaň welin "hä, söýgi barada, aýralyk barada" diýip pikir edýärsiň, soňuny okaýaňam welin aýrylşan jübütleriň nalasyna meňzeýär. Oglan bilen gyz diňe gürleşip duran bolsa, medeni görnüşde düşünişip, ahlaky kadalary bozmaýan bolsa (meselem bazar ýerlerinde öpüşip durmak, erbet manyda elleşip durmak we ş.m) onda bu ýerde ýazgaryljak zat ýok, gaýta goldanjak zat bar. Gybat edýänlerem (mysal hekaýadaky aýallar) bar bolsa-da kändir öýdemok. Adamlaryň derdi özüne ýetik we beýle läş düşünjeli adamlar azalandyr diýip pikir edýärin. Kakasyny goşup, hekaýany 0-dan 100-e göni birden çykaraýypdyrlar.) Bu wagt aralygynda dem alyp ýetişemoga how. Olar ýaly kelesaň adamlaram bardyr öýdemok. Arak seni üýtgedenok, seniň içiňdäki häsiýetiňi ýüze çykarýar, basdyrlan duýgularyňy ýüze çykarýar we sen arkaýyn islän zadyňy diýýärsiň ýa-da edýärsiň. Mysal üçin bir kişi arak içip gyz-gelinlere ýanaşmaga synanyşýan bolsa, asyl häsiýeti şoldur, ýöne jemgyýetiň we töweregindäki adamlaryň garşylyk bermeginden, ýazgarmagyndan çekinip, saklanyp ýörendir. Eger kakasy ganhor hetdine ýetjek (hem-de diňe bir gep bilen. Gaty gülkünç) adam bolsa, muny hökman hereketleri bilen bildirerdi. Mysal üçin "Gyrnak" romanynda Merdan iň soňunda aýaly Ogulnyýazy pyçaklap onuň aradan çykmagyna sebäp bolýar. Sebäbi bolsa oňa berlen gep, oňa berlen meçew. Ýöne Merdanyň özi hem aýalyny başdan bäri halap duranokdy, gaty ýigrenýärdi we özi baryp ýatan serhoşyň, akmagyň biridi. Ejesi hem özi ýaly haram jandar bolandygy üçin, ony gowy görýärdi, şol sebäplem ejesiniň meçew bermegi bilen "hiç" halamaýan aýalynyň janyna kast etdi. Ýöne bu ýerdäki hekaýa olar ýaly hem däl-ä, gyzy how ol.
Ýene-de beýle namart kakalar ýok diýip biljek däl. Möhüm bolan zat, olaryň alýan howasyny, kislarodyny kesip, maýyp bolan we ýaşaýyşa berk ýapyşýan keselli çagalara bermek. Eger edip bolsa.))

Borda, ýene-de aklymyzdan 1 IQ ogurlan bu hekaýanyň ýazyjysyna sagbolsyn aýdýarys.


Täzeje
Guljagaz  (11.05.2024 / 18:02) 

Muawiye,
Yazyan zatlarny doly okamogam bu hekaya ogurluk dal goçurlen men muny özm yazdm diysem ogurluk bolardy


Özümiziňki
Muawiye  (11.05.2024 / 18:42) 

Guljagaz, "Ýazan zatlaryňy okamogam" sözüni, näme maksat bilen aýdýarsyň? Eger "ýazan zatlaryň ähmiýetsiz" manysynda aýdýan bolsaň, bu gelşikli hereket däl, ikinjiden niresiniň ähmiýetsiz, ýalňyşdygyny aýtmaly bolarsyň. Men "ogurlyk etdiň" diýemok...

 Betinden
 rexha [off]
  En büyük hatanız kör sandınız🍃
 12.05.2024 / 01:08

+0

Goşulyan şoňa

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Dillen..!


Gowy bolan 🙂...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dillen..!
Belki (Şugün, 18:30)

Dillen..!


Şular ýaly goşgy ýazyp bilýärkäňiz, näme ün adyňyzy gizleýärsiňiz? Buýsanmak gerek. Juda täsirli goşgy. Okanyňda suw ýaly akyp dur. Ylham çeşmä...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dillen..!
Gulmahrem (Şugün, 18:17)

Dillen..!


😇:-)))...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dillen..!
Машарипова (Şugün, 18:09)

Dutar heňi🙂


Goşgyny birtäsin gördüm bir zat aýdyljak bolan ýaly welin gepiň uzap gitmegi bilen gyzygyny gaçyrypdyr. Awtora Üstünlik ýetirip duruň!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dutar heňi🙂
Hyyalbent (Şugün, 17:03)

Adamlara ynanyp


Hekaýalaram bar öýdýän şu şahyryň?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Adamlara ynanyp
Gulmahrem (Şugün, 16:21)

💎💎💎💎


Goşgyny adatyrak gördüm soňky iki goşgusynam ýa meniň goşgudan gözleýän zadym başgaçarak zatdyr, garaz her kime her hili goşgy ýaraýar. Awtora Üs...dowamy...
Erkin mowzuklar | 💎💎💎💎
Hyyalbent (Şugün, 14:08)

💎💎💎💎


Tarypyna söz yok juda gowyy...dowamy...
Erkin mowzuklar | 💎💎💎💎
Hanogul (Şugün, 12:50)

💎💎💎💎


Malades...dowamy...
Erkin mowzuklar | 💎💎💎💎
Akademik3 (Şugün, 12:41)

Ýüregimiň armanydyr


Brawooo...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýüregimiň armanydyr
Akademik3 (Şugün, 12:40)

c/c++ programma dilinde ilkinji programma


İslenilip capa cykan gornusi bu suratda yerlesdilen...dowamy...
Programmirleme dilleri | c/c++ programma dilinde ilkinji programma
Akademik3 (Şugün, 12:16)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика