“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
👉 Tanyşlyk Chat (üstüne bas)👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Söýgüli chat
Ýürekdeş sözler!
I_miss_you : "Aşk bazen iki beceriksizin işidir. Biri sevmez, diğeri unutamaz."

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Söýgümiziň synagy
Premium
 Belki [off]
 28.04.2026 / 13:40
 "Dilerim ki... Dilerim ki asla caymazsın benim olmaktan..."

Dawalaşyp aramyzdaky inçe duýgunyň näzik tarlaryny üzendigime heniz ýarym günem geçmändigine garamazdan sesiňi küýsedim. Mundan öňki "nokat goýuşlarymyzda" asla küýsemegime gezek bermän, sanaýmalyja sagatlaryň içinde idärdiň. Häzir bolsa gijäniň bir wagty böwrümi diňläp otyryn.
Göwnüňi bu gezek yza dolanardan has öte gyýaýdymmykam? Senem meniň ýaly gijäniň sessizliginde beýniňdäki soraglar bilen ikiçäk galyp, kalbyňdaky küýsegiň bilen göreşýärmikäň?
..."Söýgüde haýsam bolsa biri has köp söýermiş" diýýärler. Söýgümiziň "has köp söýýäni" sensiň diýip pikir edýärdik ikimizem. Emma häzir döşümiň edil ortarasyna sanjylyp-sanjylyp gaýdýan yzany duýup durkam-a ýalňyşdykmykak diýýän. Bu söýgüniň "has köp söýýäni" men bolmaly. Ony diýsemem, seniň nähili yza çekýäniňden habarym ýog-a. Wah, käşgä aýralykdan soň aşyk-magşuklar bir-biriniň halyny sorap bilýän bolsa. Ýa-da soramazdan nähilidir güýç arkaly şony bilip bilýän bolsalar. Eger şeýle bolanlygynda kim bilýär, näçe söýgüler täzeden başlardy, näçe söýgüler taryhyň çaň basan sahypalaryna aralaşardy...
Talypkam iňlis dili mugallymymyz sözleriň öňüne goşulýan "artikl" barada öwredeninde "Sanalyp bolýan zatlary aňladýan sözlere artikl goşulýar" diýipdi. Şondan soňky aýdan sözleri henizem beýnimde gaýta-gaýta gaýtalanýar: "Söýgä" bolsa artikl goşulmaýar, söýgi sanardan köpdür".
Ynsanyň ähli duýgulary san mukdary bilen aňladardan köp bolmaly.
Şu pursat bilesim gelýän zat ikimiz hakykatdanam ykbal deňizinde bir gäminiň ýolagçylary dälmikäk, ýa öz kejirligim sebäpli seni ykbalymdan goparyp taşladymmykam? Ýene birgiden jogaba mätäç soraglar. Seni ömürlik ýitirenimi-ýitirmänimem bilemok hatda. Munuň pikrini etmegem döşüme sanjy bolup durka, nädip ýoklugyňa döz gelmelikäm? Ýa seni özüm idemelimikäm? Ýa-da saňa tarap atygsamazdan ykbalyň ikimiz üçin taýýarlan tolkunlarynda ýüzübermelikäm?
Göwnümi iň geň galdyrýan zadyň nämedigini bilýäňmi? Dünýämdäkäň setanda-seýranda bir goşgy zordan ýazardym. Ylham kepderisi gara bermezdi. Aýralygymyzda welin, edil ýüregimiň üstüne gonupdyr-da "Kowsaňam gitjek däl" diýip dur. Aýralygyň getirýän ylhamynyň beýle güýçli bolaýşyny diýsene. Wah, ony häzir gözüň görjekmi? Çagalyk dostum "ylhamam" derkarlap oturjak däl ekenim sensizlikde. Sensizlik ýazdyrjak eken. Ýöne onuň ýazdyrjagam has beter ýandyrjak eken. Şol ýangyna döz gelip ýazybilýänler şahyr bolýan bolmaly. Şu pursat erenler gelip, şahyrlygyň kyrk badasyny içirjek bolsalaram, boýun towlardymmykam diýýän. Ýazjagym ýene yza berip durjak bolsa nämäme derkar beýle şahyrlyk?!
Meni oýlandyrýan zatlaryň ýene birem: Hakykatdanam aýralyk söýgüniň synagymyka? Eger şeýle bolsa söýgümiz bu synagdan bäşlik bilen geçermikä, ýa ikilik alyp, "synpyndan galarmyka?".
Meni munda birgiden soraglar bilen ikiçäk goýup, haýsy duýgularyň girdabyndasyň? "Niredekäň, näme seni güýmeýär" diýen şahyr bilen şol bir duýgulary başymyzdan geçirýäris. Belkem, indi senli pikirleriň bosagasyndan gadam goýmaly däldirin. Bu häzir serime mümkin bolmajak zat bolup dolýar. "Hatda mümkin bolmajak zatlary aýtsaňam ynanaryn" diýeniň ýadyma düşýär. Menem mümkin däl zatlary aýtsaňam saňa ynanyp bilerin. Ýeri geleninde özüme ynanmaryn, ýöne saňa ynanaryn. Geň ýeri, aýralygymyzam şol ynamymy syndyryp bilmändir. Gowsy, özüň aýt indi sen hakda pikir etmejegimi. Ṣonda ynanaryn. Hökman ynanaryn. Ýene şol aşyk-magşuklaryň aýralykdan soň bir-birek bilen habar-hatyry üzmegi baradaky ýazylmadyk ýowuz kada köseýär-dä...
Ýöne şu oýlanmamy ýazyp oturkamam muny saňa okatjak pursadymy göz öňüme getirýän. Bulary okap, bir gyýylyp, bir ýylgyryşyň. "Beýle bolsa näme üçin özüň "Ýaraşaly" diýäýmediň?" diýişiň...

*****
Şol güni el telefonyma gelen her jaňa, sms-e senden gelendir öýdüp begenip, başga kiṣilerdendigini görenimde bolsa boýnumy burup geçirdim. Kellämdäki galagoply pikirleriň seslerini-hä asyl lal-jim edibilmedim. Gowy tarapy, bu ýagdaýym uzak dowam etmedi. Umyt sapagym üzüldim-üzüldime ýeteninde jaň etdiň. Şol wagt göwün guṣumyň bulutlaryň arasyna neneňsi tizlik bilen aralaşanyny bir görsediň. Söýgümiz synagdan "bäşlik" baha bilen geçmegi başarypdy. Has dogrusy, seniň sada kalbyň maňa bolan yhlasy synagy "üstünlikli tabşyrypdy".

30.03.2026 ý.


146

33

10

8

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Outlier [off]
  25 ball sarp edendirin şuňa!
 28.04.2026 / 13:49

+0

Şahyrlaryň hemmesi çilim çekýämişin


Premium
Belki  (28.04.2026 / 16:07) 

Outlier, sahyr daldigimem gowy zat)


Täzeje
Outlier  (28.04.2026 / 22:33) 

Belki, iskrinşot edip goýdum

 Özümiziňki
 Mawy [off]
  Dymmak iñ güýçli sesdir.
 28.04.2026 / 14:05

+0

"Mejnun bilen söýgi synpynda bile okadyk, ol hemiše 4-lik, men bolsa diñe 5-lik alardym." Diýýådimi Oraz.Ýagmyr))


Premium
Belki  (28.04.2026 / 16:06) 

Mawy, howwa. Halayan so sozi.

 Özümiziňki
 Basmacy [off]
  Biziň azap çekmedik zadymyz, biziňki däldir...
 28.04.2026 / 14:37

+0

Eliňe köp sms gelýämi şolar ýaly


Premium
Belki  (28.04.2026 / 16:07) 

Basmacy, birlan-ikilan is bilen dahylly sms-ler.

 Premium
 Huzur [off]
  Akylyň öýi)
 28.04.2026 / 17:00

+0

Şu wagt ýaraşdyňmy


Premium
Belki  (28.04.2026 / 17:29) 

Huzur, yok gy hacanky zat cislosyna seret

 Täzeje
 koshejik [off]
  Maral zeýrendi
 28.04.2026 / 18:23

+0

äriňden aýrylyshdyňmy sen? .
we inni ýarashdyňmy?


Premium
Belki  (28.04.2026 / 21:00) 

koshejik, durmusa cykmadyk men!!!


Täzeje
Outlier  (29.04.2026 / 09:12) 

Belki, wüý äre-de çykyp aýrylşyp ýörsüňmi :D

 Öwreniji
 Mishel [off]
 28.04.2026 / 18:41

+0

Uzak wagt hiç zat ýazmadyň. Emma bu gün ýene şol köne söýgüliňi ýatladyň bu ýerde. Şeýlede bolsa geleniňe begenýän. Eger çyksa biz çalarak dost emma gowyja tanyş.


Premium
Belki  (28.04.2026 / 21:00) 

Mishel, kone dal hazirki soygulim.


Öwreniji
Mishel  (28.04.2026 / 22:16) 

Belki, täze ýigit tapdyňmy?


Premium
Belki  (28.04.2026 / 23:14) 

Mishel, 3 yyl bari durmusymda. Yone 5-6 ay bari soyguli.


Täzeje
koshejik  (29.04.2026 / 13:22) 

Belki, durmusho çykmadyn ýone söýgülinmidi ýa

 Gytyndan
 афганка [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 28.04.2026 / 22:16

+0

Onsoñ yarashdynmy


Premium
Belki  (28.04.2026 / 23:15) 

афганка, howwa.

 Täzeje
 zM [off]
  sallanchakdan gachan
 29.04.2026 / 07:37

+1

A Şasenemiň ejesi näme üçin onna Garybyň ýüzüne söýgü ýok diýip gaýta gaýta urýaka?

Beýle söýgü ba bolsa şo aýalam beý diýmezdi ahyry..


Premium
Belki  (29.04.2026 / 08:53) 

zM,eger soygi yok bolsa (sizin esaslanyan eserinizden mysal alyp aytsam) Sasenem namanin hatyrasyna Garyba 7 yyl garasdyka?


Täzeje
zM  (29.04.2026 / 16:00) 

Belki, Çarlz Bukowski "Zenenlar" kitabynda şeýle diýär: Biz aslynda adamlaryň özüni däl-de, olaryň bize berýän Erkinligini, tenini, puluny, biz üçin edýän aladasyny söýýäris. Bulardan haýsydyr biri gutaran wagty,terk etmäge taýýar bolýas.Çäksiz we ömürlik söýgi diýiliýän zat ýokdur. Gatnaşyk diýiliýän zat öz boşluklarymyzy doldurmak söwdasydyr.-diýä. Aslynda men size sorag beripdim soragyma sorag berdiňiz


Premium
Belki  (29.04.2026 / 19:51) 

zM, ol ritoriki sowaldy. (Namedigini bilyansiniz-le).

 Täzeje
 Rabiya [off]
  Her Nebis ölümi datjakdyr!!!
 29.04.2026 / 09:59

+1

Ylhamy getirýän diri aýralyk oguşýa.
Kakalykam "kakasyzlygyň yzasy" maňada az ýazdyrmandy...


Täzeje
koshejik  (29.04.2026 / 17:17) 

Rabiya, kakanyz ýokmy sizin


Özümiziňki
Fantom  (29.04.2026 / 17:30) 

koshejik, Maral, ýerliksiz soraglaňňy goýeý indi. seňem goçolmaly wagtyň geldi.


Täzeje
koshejik  (29.04.2026 / 17:34) 

Fantom, ýerliksiz sorog beremokmukam diýän . ( maňäda az ýazdyrmady diýä welin shahyrmy siz diýjek bolum ýa kakasy ýokmuka diýip sorog berdim ) bermeli dälmi ýa

 Öwreniji
 Mishel [off]
 30.04.2026 / 10:04

+0

Eger söýgüliň ýene seni öýkeletse ony taşlada maňa söýgüli bolaý!. Men seni öýkeletmerin Belki


Täzeje
koshejik  (30.04.2026 / 11:15) 

Mishel, 😨😵:shok:


Özümiziňki
Fantom  (30.04.2026 / 12:31) 

koshejik, Görýäňmi ana, gowşagrak tutsaň derrow äkitjek bolup durlar. şoň üçin berkiräk ýapyşgyn bomy?


Täzeje
koshejik  (30.04.2026 / 14:34) 

Fantom, äkitjek bolup duronom ýok bizä ätjegem gitje bagly ýüzümden gitjek kishä menzemeýän bolaýmasam äkitjekbolup duronom ýok üýtgeshil😝

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Pul gazandyrýan saýtlar


Freecash su sayt in gowysy diyya jipiti daýy...dowamy...
Internetde pul işlemek | Pul gazandyrýan saýtlar
ДжекМа (Şugün, 08:31)

Pul gazandyrýan saýtlar


Näme ishläp pul gazanylýa saýtda shono düshünemok men...dowamy...

Pul gazandyrýan saýtlar


Bizde mümkinçilik ýok. Ýaňy özümize mümkinçilik döredip başlaýasam welin saýty ýapmaga mejbur edýärler. Ýogsa türkmen webmasterlerem dünýä ýüzüne...dowamy...

Bir käse süýt


Emeli an bilen liboy zady edip bolyar indi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bir käse süýt
Anima (Düýn, 08:31)

Duzak / gysga hekaýalar


Terjime gaty gowy däl, bökdeýän ýerleri kän. Ýöne hekaýalar juda manyly, ajaýyp....dowamy...
Erkin mowzuklar | Duzak / gysga hekaýalar
Gerceknazar (13.05.2026 / 18:11)

Durmuş diýmek näme


Pandajyk hem şular ýaly gowy setirler ýazyp bilýärmi? Like....dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuş diýmek näme
Gerceknazar (13.05.2026 / 18:06)

Bir gyzyñ gündelik ýazgylaryndan.


Haladym, duýgylandyrdy. Şular ýaly durmuşdan duýgyly setirleri okamagy halaýan, paýlaşanyň üçin minnetdar....dowamy...
Erkin mowzuklar | Bir gyzyñ gündelik ýazgylaryndan.
Gerceknazar (13.05.2026 / 18:03)

Bir käse süýt


— Size näçe bergi boldum? — diýip soraýar. Täsin gepleşýän ekenaý. ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bir käse süýt
Fantom (13.05.2026 / 15:38)

Tötänlikmi ýa-da Takdyr?


Eöw näme ökjäňiz bilen pikirlenýäňizmaý. Nämesi geň taň mynyň. Eger olar kiçilikden bir şäherde ýaşan bolsa we Disney şol döwürde iň uly atraks...dowamy...
Erkin mowzuklar | Tötänlikmi ýa-da Takdyr?
Basmacy (13.05.2026 / 15:07)

Çäre bamy?


Çäre barmy dälde, çäre bolarmy diýseň gowy gabat gelerdi....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Çäre bamy?
AyJennet (13.05.2026 / 09:15)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->