Ýürekdeş sözler!
Bir arapdan_bir şarapdan №12
Basmacy [off]
Şugün, 18:28
Biziň azap çekmedik zadymyz, biziňki däldir...
Ondan mundan zat ýazýan rubrikamyň 12-nji sanynda gezip ýörün. 12-ä ýetenini bir özüm bilýän, bir özüme gyzykly. Hemmesi yzygiderli bir saýtda ýa bir profilde ýok. Hersi bir saýtda açyldy.
Ýazjak zadymyň sözbaşysy , ýa bir bölejik pikiri zametgada bellenilgi durýar. Haçan ýazaýyn diýsem, göni şol wagty ýazylyp, mowzuk açylýar.
Bir zada niýetläp ýa-da "gel gulagyňy tut, bir zat öwredeýin" diýen maksadym ýok. Şoň üçin serýozny kabul etmäň. Diňe bir adaty adamyň ýaşyna, bilimine görä ýazan söz toplamlary ýalyrak bir zat.
*****
Bu günki sanymyzda...
Oglanlaryň gyz saýlaýşy we gyzlaryň şoňa görä özüni alyp baryşy
"Haçan gyzlar daş keşbe dälde , akyla üns berip başlar" diyseňiz, haçanda erkekler gyzlary şol taraplaýyn saýlap başlasalar...
Saňa nähili haryt gerek bolsa, şoňa göräde import-eksport medeniýeti şekillenýär.
Meselem, bagşylary mysal getireliň. Klip çykarsalar iň modelini, iň ýaşyny, kukulka ýaly doňup duran gyzlary saýlaýalar we ol gyzlary dürli rakursda klibe düşürýäler.
Gyzyň özünede we klipçilerede ol gyzyň gelejegi gyzykly däl ýaly. Oňa bir sungat ýaly seredýäler.
Emma şol meşhur aýdymçy oglana "şul gyzy özüň gelin edip aljakmy" diýseň, "men näme samsykmy" diýer. Özleri öýlenjek bolsalar obaňam obasyndan bir totam ýerden gyz gözlärler. ..
Şeýle bagşylara meň ýüzlenesim gelýä "Näme onda biz samsykmy?". Özüň-ä gözellik, yşk, söýgi, keýp diýilse, bir ýaş gyzyň bedenini, oňa bolan hapa hyrsyňy mysal getirip klip düşürýäň, proganda edýäň, özüňe bolsa beýle "ýeňil kelleleri" rowa görmeýäň.
Bagşylary bärde diňe mysal getirendirin. Edýän zadyňyz göwnünize jaý bolsa basyberiň. Towugyňyza tok diýjek ýok.
Mowzugyň başyna gelsek...
Gyzlarymyz çykdaýjy edip bezenýäler, wagt sarplaýalar. Daşky görnüşe gereginden artyk kän üns berýäler. Emma sen dogulanyňdan tää ölünçäň gyz bolup geçeňoga. Her bir aýal jynsynda barybir "enelik instikiti" bolýar ahyryn. Bir gün gelip kimlere eje, kimlere gelneje, kimlere mama bolmaly...
Oglanlar!
Saýlow eliňizde.. geljekde maşgalaňyzyň abat bolmagyny, çagalaryňyzyň görüm-göreldeli bolmagyny isleýän bolsaňyz, isleglerimizi/kriteriýalarymyzy dogrulamaly bolýas.
Eger oglanlar daş keşbe, aldowçy şpaklyowkalara üns bermäni azaltsa, gyzlar hem özüne artykmaç bezemäni, daşyna bezäp - içini ýatdan çykarmany, azaldarlar. Haçanda ýeňil gyzlar ignor edilip başlansa, olaram bir gün öz üstünde işlemäne başlarlar. Saýlow - geljek - bize bagly.
*****
Türke gidenler
Bular hakynda kän ýazsa boljak welin, maňa gerek adamlar häzir bu saýtda ýok. Öňler türkde oturyp, bize (bärdäkilere) nähili ýaşamany öwredýänler bardy. Meselem: @Katanges şolardan biri bolmagy mümkin. Entek çaklama. Ýöne Islenende-de, Dostlukda-da köpdüler. Şol wagtky sere gelen pikirleri gysgaça belläp goýupdym, şu gün üstüni dolup az owlak ýazmakçy. Mümkin, yzyny teswirlerde dowam ederis
... Şol ýurda başda-başda özüni oňarýanam gitdi, onarmaýanam.. baransoň, gysmaly ýeriňi gysyp, gazanjyňy edip gezibermeli welin, kimi görseň 1 ýyl geçmänkä, açyk platformalarda akyl satmana başlaýa. Bärde mahaly köwşüniň apgyrdyna basyp ýöreniň biri...
1-nji okan kitabyndan, 1-nji gören youtube bloggerinden täsirlenip, kimsi politik-sumak bolup gidýär. Global meselelerden gürrüň açýar. Kimsi ekstrimist, kimsi filosof, fanatik.... We.ş.m
Aňryk baransoň kapasadan boşan maýmyn ýaly, az-owlak erkinligiň gyrasyndan gädip görensoň, bez limit platformalardan erkin peýdalanyp (öň nirde gören zady), köçede haýt-küş etjek milletdeşi ýok bolonsoň özlerini ýitirip masgara bolşup ýörler.
Ýalanmy eýsem?!
Sözüm gury bolmaz ýaly, janly mysal getirsem: şolar ýaly Türkde 2-3 ýyl bolup geleniň biri obasyna gelýärde öýündäki ejesine-bajysyna, garyndaşlaryndaky gelin-gyzlaryna azar berip başlaýar. Nämemiş - "daway, şu günden şeýläk örtüniň, hijap geýmeli" diyip. Kim bilyä, aňyrda mahaly haýsy çeşmeden suw içen, kimleň täsirine düşen.. belli däl. Onsaň, başda-başda höre-köşe edýäler. Garaz ejesinden ejap edip basymyny azaldýar, ýöne gyz jigilerine kän azar berip başlaýar. Ahyry gepi-gürrüňi çykansoň, goňşy edaraňkylar äkidip podwala düşürip ta**agyna depip, 2-3 gün saklap getirensoňlar, aklyna aýlanýar.
Garaz, şol ýurda gidip, uzagyndan biziň ýurdumyza ylym-bilim inwestisiya edip ýören-ä göremok men. Nabarot ahlaksyzlyk getirýäler
Häzirki wagtda türkiň özi nirä ýorejegini bilenok. Olaň özleri bulam-bujarlyga näme çäre görjeklerini bilenok. Sebäbi Türkiýede-de ýaşmaýan millet ýok. Turizm sebäp boldy olaryňam şeýle bolmagyna.
Şutaýda hiç zady subut etmedik adam, ol ýerdede subut edenok.
Şutaýdaka özüni oňarmaýan, otaýda-da oňaranok.
Türkmenistanda ýöretmeýän türkmençiligini Türkiýede ýöredermi onsaň...
Aýtmagynyz mümkin. Giden, gelesi gelenok. Ýa-da bärde köşk ýaly jaý gurdular gazanç edip, maşyn täzelediler.... we ýene-ýeneler
Meň bilýänlerimiň hiçisem şol bärde diklän, gurnan, satyn alan zatlarynyň hözürini görenok. Hözürini görmäne wagty ýok. Çagalaryny özi terbiýelemedi. Maşgala sowuk gatnaşyklaryň üstüne gurlan...
24 |
13 |
1 |
3 |
0 |
0 |
1 |
Teswirler:
TäzejeVandenes [off]
Şugün, 18:41
+1
Öňem bir tanyşlaň biri, maşgalasynyň gaşyna çenli elletmeýän aňryk gidip täze pikirde: türkleňki ýaly daňynsaň (hijap hem däl sözüň doly manysynda) günde salona girip çykmaga, hatda balak geýmägede (üstki köýnegi buda dyza çenli ýapylýan giň köýnek balak) rugsat berýän diýdi. Maşgalasy edenok ýöne)
Käbir oglanlar aýdan klibiňdäki ýaly gyz isleýäler öýlenjek bolanda hem (üstesine hem okuwly jaýly pully özüni oňarýan), tapdy diýeli, aldy soň ony edil garryja ejesi sypatda geýindirýär we täzeden ýene ýaňky klipdäkiler pisindi tapyp maşgalasyny pozýar... Logika :)
Ýazara zat köp welin...
Gysgaça, iki temaň hem onlukdan urdy. Näçe janyňy ýaksaň hem az.
Soňky teswirler
Bir arapdan_bir şarapdan №12
Öňem bir tanyşlaň biri, maşgalasynyň gaşyna çenli elletmeýän aňryk gidip täze pikirde: türkleňki ýaly daňynsaň (hijap hem däl sözüň doly manysynd...dowamy...
Söýgümiziň synagy
Ylhamy getirýän diri aýralyk oguşýa. Kakalykam "kakasyzlygyň yzasy" maňada az ýazdyrmandy......dowamy...
Söýgümiziň synagy
A Şasenemiň ejesi näme üçin onna Garybyň ýüzüne söýgü ýok diýip gaýta gaýta urýaka? Beýle söýgü ba bolsa şo aýalam beý diýmezdi ahyry.....dowamy...
Söýgümiziň synagy
Uzak wagt hiç zat ýazmadyň. Emma bu gün ýene şol köne söýgüliňi ýatladyň bu ýerde. Şeýlede bolsa geleniňe begenýän. Eger çyksa biz çalarak dost e...dowamy...
Erkek eşek (mi?)
Çopan: "aýlan geçi" -diýä weli määä-ää edýädä ana. 10ň3ň bilen seň.. Bendäň çagasy....dowamy...
Bilim, filosofiýa, din we maglumatlaryň görnüşleri
Bar bolan zatlar ylym bilimiň üsti bilen açylandygyna esaslanyp, mowzugyň başyndaky tehnologiýany garyşdyrmaň diýeni soňuna ýetinçäm böwrüme sanj...dowamy...