“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
Belki : Iñ söýgüli aýdymymy diñleýşim ýaly gaýta-gaýta seni göresim gelýänine aldanma! Adatça ýygy-ýygydan diñleýän aýdymlarymy gysga wagtda telefonymdan bozýaryn #Belki

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Azerbaýjanly ýazyjylardan gysga hekaýalar
 Täzeje
 Saparow [off]
 30.04.2026 / 21:40

AZERBEÝJANLY ÝAZYJYLARDAN GYSGA HEKAÝALAR

•DAŇ

Düýn bu güne garaşýardym. Bu gün geldi-de ertire garaşjakdygymy ýatlatdy.

Bobak Alyýew

****

•KAST

Ejem meni ilkinji we soňky gezek düýşünde gördi. Şol gün daňdany gan içinde garşy alyp meni öldürendigine göz ýetirdi.
Men ne güni, ne-de penjiräniň aýnasyndan ýagyş damjalaryny, ne başga gözellikleri synladym. Men hyjuw we söýgiden ýaraldym, kakamyň buýrugy we ejemiň kabul eden karary sebäpli öldüm.

Hüseýin Hüseýinzada

***

•ÖMÜR ÝOLY

Gyzjagazyň daşary ýurtda okamak, bagtly maşgala gurmak, ene bolmak ýaly kän arzuwlary bardy, ýöne ömüri ýetmedi, abort edildi.

Fuad Resulzada

***

•DÜNÝÄ NÄHILI AJAÝYP

Kynlyk bilen dem ýalýardy, ähtimal, sanalgyja demi galandygyny, ömrüniň soňlanýandygyny duýýardy. Garaşylmadyk wagty howludan ahy-nala eşidildi. Ol şepagat uýasyna näme edip bolsa hem özüni penjirä golaýlatmagyny haýyş etdi. Bir adam ölüpdir, hossarlary dady-perýat edýärdi. Muny görüp kalbyny gussa gurşap aldy, gözüni ýaşlap iň soňky sözlerini aýtdy:
– Dünýä nähili ajaýyp

Elnur Sadykow

***

•ENE GARNYNDAKY ÇAGA

Başyndan injek belalary bilse hem dünýä inmäge synanyşýardy…

Sewda Saparalyýewa

***

•ESGERIŇ ŞATLYGY

Birnäçe sagat bäri dowam edýän söweşde onuň ýekeje islegi bardy: «Wah, hany bäşje minut söweş dursa ädigimi çykaryp aýagymy gaşaýsam». Kämahal elindäki ok doly awtomady aýagyna atyp, boşatmak isleýärdi. Mundan artyk çydam edip biljek däldi. Aýagynda gijilewük bardy, dermanlary bolsa gutarypdy. Soňky söweş… edil gapdaljygynda mina atyldy… Jesetler töwerege atyldy.
Gospitalda gözüni açdy. Ýadynda galan soňky zat: aýagyny bir sapar gaşamak islegidi…
Esger olary indi hiç-haçan gaşamaly bolmajakdygyny bilip şatlygy içine syganokdy.

Perwiz Imanow


Terjime eden Saparmyrat GÜRGENÇLI


82

9

1

4

0

0

0
Teswirler:
 Premium
 Orazjan [off]
  Sapby soranjaň
 01.05.2026 / 08:02

+0

Estagfurullah bularaý

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Meniň şansym nola deň


Men bolsa hiç ýerde tanymal adam däl. Onsoň Men näme edenimde BMG guramasynyň sekretary bolup bilerin. Bu mümkin däl. Diňe amatly pursat men tara...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Şugün, 09:08)

Meniň şansym nola deň


Görşüňiz ýaly indiki kanditatlar tanymal wezipeli adamlar. Üstesine olaryň hemmesi diýen ýaly öz ýurtlarynda ýokary wezipeleri eýelän kanditatlar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Şugün, 09:05)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->