Ýürekdeş sözler!
Kime ýokar kime ýokmaz bu sözler
Mishel [off]
Şugün, 11:24
Käwagt kelläme gelip gidýär şu pikir ýagny Ýürekdeş.ru saýtyny satyn almak bilen bagly hyýallar.
Ýöne meniň köneden gelýän endigim bar. Haýsy işi amala aşyrmaly bolsamda ilki bilen bu işiň mugt edinmegiň usulyny gözleýän. Eger mugt bolmajak bolsa garaşyp ugraýan. Haçan ýene bir amatly pursadyň bolmagyna.
Parahorluk etmeýän. Emma işimi edip beren adama el haky bermäni halaýan.
Meniň pul tygşytlamak endidim meniň gyzgançlygymy görkezmeýär. Maňa pul gerek. Pul hemmä gerek. Emma pul maňa inwalidlere kömek etmek üçin gerek.
Eger men özüme degişli hususy işlerimi mugt edinip bilsem tygşytlanan pullary inwalidlere sarp edýärin.
Mundan iki gün ozal Türkmenistandaky inwalidleriň hal-ýagdaýy barada söz açdym. Bu aýydan sözlerimi size aýdyp berip bilmeýän çünki meniň bilen şeýle bir ýagdaý bolup geçdi.
Maňa tanyş bolan bir ýaşuly adam gaty köp pensiýa alýar. Bu adam bilen gepleşip otyran pursatymda men onuň adamçylygy bardyr öýdüp oňa şeýle diýdim.
Sen gaty köp pensiýa alýaň. Indi sen bu pensiýaňdan haýyr-sogap üçin baş-on manat inwalidlere berseň gowy bolardy diýdim.
Bu adam maňa topuldy diýsemde boljak. Ol maňa herrelip:
Berjek däl. Bu meniň pensiýam.Men borçly däl inwalidlere pul bermäne ýaly sözleri aýdyp maňa gaty gaharlandy.
Şu hili adamyň şu saýtda hem bar bomagy mümkin.
Ýöne men hemişe ýylgyrmany halaýan adam. Hem siziň ýylgyrmagyňyz üçin hem özümiň şu sözleri size aýydaýyn.
Çen bilen şu saýty men näçe manada satyn alyp bilerkäm?
Onsoň bu saýty satyn alanymdan soň näçe adam bu saýty taşlap gaçyp giderkä?
Onsoň saýt meniň elime geçse siz saýtyň menýu düwmesine bassaňyz ol ýerde näme temalar bolarka?
Eger telegram saýtyna meňzetjek bolsam bu saýtda näçe şaha bolmaly bolar?
Galany indiki söhbedimizde.
6 |
2 |
0 |
0 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Bir arapdan_bir şarapdan №12
Bir tanyşymyz bardy, maşgalasy(çagalarynam alyp) bn Türkiýe döwletine göçüp gitdiler. Soňra näme bolandyr öýdýäňiz ? rak bolup bir aýagyny kesdir...dowamy...
Aldygyna kowýan
Hawa,Allah haýyrly işleriňde ýardamçy bolsun, halkymyza peýdaly bolsa täzelikleri ulanyp kämilleşibermeli....dowamy...
Söýgümiziň synagy
Eger söýgüliň ýene seni öýkeletse ony taşlada maňa söýgüli bolaý!. Men seni öýkeletmerin Belki...dowamy...
Bir arapdan_bir şarapdan №12
Okap barýarkaň hakyky diýip geçen ýerim az däl okanlaň hersi bolmanda her ýerinde diýsede şul-a dogry diýendir. Hersi üçin ýazyp başlasam mowzukd...dowamy...
Bir arapdan_bir şarapdan №12
Öňem bir tanyşlaň biri, maşgalasynyň gaşyna çenli elletmeýän aňryk gidip täze pikirde: türkleňki ýaly daňynsaň (hijap hem däl sözüň doly manysynd...dowamy...
Söýgümiziň synagy
Ylhamy getirýän diri aýralyk oguşýa. Kakalykam "kakasyzlygyň yzasy" maňada az ýazdyrmandy......dowamy...
Söýgümiziň synagy
A Şasenemiň ejesi näme üçin onna Garybyň ýüzüne söýgü ýok diýip gaýta gaýta urýaka? Beýle söýgü ba bolsa şo aýalam beý diýmezdi ahyry.....dowamy...