Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : Bolmanda men hakda gürlärsiñ özüñ hakda gürleseñ diñlejek ýok ??

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Oýunlar, testler we soraglar

Üns beriñ: Saýtymyzyñ pul baýrakly aforizmli surat bäsleşigi.
Premium
 Belki [off]
 14.05.2024 / 18:38
 Kupa kızı, sinek valesi ❤️

Salam, gadyrdan ýürekdeşler!
Bilşiñiz ýaly, saýtda öñ bir-ä aforizm bäsleşigi gurnapdyk, birem fotosurat bäsleşigi. Ine, bu gün şol iki bäsleşigiñ mazmunyny bir ýere jemläp, aforizmli surat bäsleşigini yglan edýäris. Bäsleşigimiziñ şertleri:
1. Bir surat tapýarys. Bu surat internetden alynan bolup biler, emeli aña çekdirlen bolup biler, düşürilen fotosurat bolup biler, çekilen surat bolup biler, animasiýa bolup biler.
2. Suratyñ ýüzüne owadan görnüşde aforizm ýazýarys. Aforizm siziñ hut özüñize degişli (awtorski) bolmaly. Aforizme "#" belgisi bilen öz nikiñizi goýmagy-da ýatdan çykarmañ.
3. Aforizm bilen surat özara baglanyşykly bolmalydyr. Meselem: Çakylygy okap oturan gyzyñ suraty. Suratyñ ýüzünde aforizm ýazylgy: Maña ikimiziñ adymyz ýazylan kagyz bölejigi sowgat et. Iñ ýokarsynda "Toý çakylygy" diýip ýazylan bolsun!" #Belki.
Gadyrdanlar, her agza bäsleşigimize iñ köpünden 3 sany aforizmli surat hödürläp biler.
Suratlar şu mowzugyñ açylan wagtyndan başlap, 17.05.2024 senesine sagat 21:00-a çenli kabul ediljekdir.
Bäsleşige hödürlenen suratlara saýta agza bolmadyk üç sany emin agza baha berjekdir. Emin agzalarymyz baha beren wagtynda şulary göz öñünde tutjakdyr:
1. Suratyñ hili, göze gelüwliligi.
2. Aforizmiñ many-mazmuny, çeperçiligi.
3. Surat bilen aforizmiñ baglanyşygy.
Suratlar kabul edileninden köpünden 2 gün geçeninden soñ bäsleşigiñ jemleri yglan ediler.
Bäsleşikde
1-nji orna mynasyp bolana 40
2-nji orna mynasyp bolana 30
3-nji orna mynasyp bolana 20 manat pul baýragy telefon belgisine geçiriljekdir.
Bellik: Ýüzüne öñ aforizm ýazylan suratlary almazlyga üns beriñ. Suratlar siziñ öz gözlegiñiziñ netijesi bolmalydyr, mähribanlar.
Suratlary eger başarsañyz, şu mowzuga goýarsyñyz, başarmasañyz @Bayogul agzanyñ şahsyna ugradyp bilersiñiz.
Bäsleşigimize işjeñ gatnaşmagyñyza garaşýarys!


829

53

26

3

0

2

2
Mowzugy vip edenler:
zveezda - 3 sagat vip etdi!
(16.05.2024 / 23:18)
Perhat_Sabirovv - 4 sagat vip etdi!
(14.05.2024 / 19:52)
Teswirler:
 Täzeje
 Dreamfull [off]
 14.05.2024 / 18:42

+0

İn halayan temam


Premium
Belki  (14.05.2024 / 18:45) 

Dreamfull, garasyas

 Premium
 Belki [off]
  Kupa kızı, sinek valesi ❤️
 14.05.2024 / 18:45

-1

Wiý goşgy ýazýanyñyz bolsa goşgam goýup bilersiñiz aforizm deregine. Ýöne iki bentden köp bolmazlyk şerti bilen. Sebäbi suratyñ köp ýerini ýapar ondan uzak bolsa.

 Premium
 Belki [off]
  Kupa kızı, sinek valesi ❤️
 14.05.2024 / 18:47

+0

Aforizmiñ nämedigine düşünmeýänler meniñ öñ saýtda açan "Aforizm bäsleşigi" mowzugyma seredip bilersiñiz.

 Täzeje
 Babaniyazow [off]
 14.05.2024 / 20:37

+0

Udaçi

 Premium
 Belki [off]
  Kupa kızı, sinek valesi ❤️
 15.05.2024 / 04:21

+0

Neme, adamlar, meñem gatnaşasym gelýä. 3 sany emin agza suraty #Gül niki bilen hodurlesem, olaram mendigimi bilman baha berseler...Nenen goryaniz? Son yeniji bolsam adalatsyz diyjek bolsanyz derkar dal...


Täzeje
 (15.05.2024 / 08:47) 

Belki, sen bu hereketini
Oz toyunda at capdyryp uly bayrak goyup onada oz inisini gatnasdryp utduran yaly bir zat dp gararlar


Premium
Belki  (15.05.2024 / 09:07) 

HAKYKAT, boleda onda


Täzeje
 (15.05.2024 / 18:22) 

Belki, ay yok ejeke gatnash senem hakyn ba ahry!


Premium
Belki  (15.05.2024 / 18:28) 

Dreamfull, sey diyewerin

 Premium
 Belki [off]
  Kupa kızı, sinek valesi ❤️
 15.05.2024 / 11:39

+0

Serediñ maña ýalñyş düşünenler bolupdyr. Hokman 3 surat bolmaly diymedim. Eger artykmac surat bilen gatnasasy gelyanler bar bolsa 3 sany hem bolar diydim. 3 den artyk bolmasyn yone. Nace surat ugradanynyz hic hili rol oynanok. Hersine ayratynlykda baha beriler.

 Täzeje
 Dreamfull [off]
 15.05.2024 / 16:10

+0

(1)jim

 Täzeje
 Dreamfull [off]
 15.05.2024 / 16:11

+0

(2)jim

 Premium
 Belki [off]
  Kupa kızı, sinek valesi ❤️
 15.05.2024 / 17:52

+0

TM 99
3 surat
Bayogul 2 surat
Dreamfull 2 surat

Suratlaryñyz kabul edildi!

 Premium
 Belki [off]
  Kupa kızı, sinek valesi ❤️
 16.05.2024 / 06:00

+0

Admin şu mowzugy wiplap beray!

 Täzeje
 Agzamen [off]
 17.05.2024 / 21:28

+0

Ana bu taýdaky puldanam nesibesi galdyk

 Premium
 Belki [off]
  Kupa kızı, sinek valesi ❤️
 17.05.2024 / 23:36

+1

Adamlar, men bu gün jemlejek diýemog-a. Bu gün diñe hödürlenşik gutarýa diýdim. Jemleme uzak diýemde dynç gününde bolar. Mowzugy gowy okañ.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hormatly ulanyjylar !


10000balla ýetip gelýädim grandit nike geçjek bolup ýördim...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Power (Şugün, 19:57)

Hormatly ulanyjylar !


Eeyyy :id 48 17 gun aktiwdym ballym 3kdan gecipdi, mowzuklarm 40 sanak bady teswrlerim 300e yakn pikirlerm 5k dan gecipdi likelerm 300di goni...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Zxch (Şugün, 15:16)

Seni tanasym gelýär: 2. Ahal


Indi*****yyldyzly nik bara sony tanasymyz gelya pikire gatnasanok hickim bilen isi yok sol agza ses beryan...dowamy...
Söhbetdeşlik | Seni tanasym gelýär: 2. Ahal
Bagul (Şugün, 10:23)

Hormatly ulanyjylar !


530,000 ball bilen 111 manat 11 teññe howa boldy. Profilem yitdi. id 106. 47 gün online hiç zat bilen işi ýok bir agzadym men....dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Beter (Şugün, 08:57)

Hormatly ulanyjylar !


Aý Näme, işlerňizde üssünnik... Onça bunça bolýalaý! Meň idym 71 ýesli çto... )) Gyýnandyrýan ýeri, ähli mowzuklar komentlar gidipdir ýaly?...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Fantom (Şugün, 06:42)

Seni tanasym gelýär: 2. Ahal


Tema gowy bolupdyr,maňa bildiriş gelmedi we men düýn gördüm temany! Aslynda özüm barada aýtmagy halamok,ýöne seň azabyň biderek bolmasyn, käbir s...dowamy...
Söhbetdeşlik | Seni tanasym gelýär: 2. Ahal
Ahal (Şugün, 06:09)

Seni tanasym gelýär: 2. Ahal


Dowam etmegimi isleyan bolsanyz indiki sohbetdes bolunmaly agza ses berseniz gowy boljak yogsa-da su yerde su rubrika nokat goymaly......dowamy...
Söhbetdeşlik | Seni tanasym gelýär: 2. Ahal
Belki (Düýn, 21:00)

BAGLYLYK


Derdiň men bolaryn, dermanyňam men, Ýöne men seň üçin lukman bolmaryn....dowamy...
Erkin mowzuklar | BAGLYLYK
Ahmal (Düýn, 08:27)

BAGLYLYK


Awtory erkek bolsada zenanyn adyndan yazypdyr oytyan....dowamy...
Erkin mowzuklar | BAGLYLYK
Ahmal (Düýn, 08:26)

Bir arapdan_bir şarapdan №7


[b]Men näme diýjek bolýan. Şeýle ýagdaýa düşen bolsaňyz, düzelmejegini bilseňizem iň soňky mümkinçilige çenli hereket ediň. Çykdaýjy bolup geçsin...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bir arapdan_bir şarapdan №7
Ahmal (18.08.2025 / 08:31)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика