“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
PeRMaN : Ol gyz meni şeýle bir söýdi welin, maňa garşy uruş yglan etdi. Bilýäňizmi näme üçin?! Maňa ýesir düşmek üçin! (Şekspir)

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Kiçijik hekaýam
 Özümiziňki
 Minigim [off]
 11.05.2026 / 01:45
 Lekum dinikum ve liye din

Bir patyşa ýurdunyň hemme adamlaryny uly meýdança çagyrypdyr we orta çykyp:
Kim tutuş bir gijäni dagyň çür depesinde geçirse, ölmäni güneşi görüp bilse oňa mülkümiň ýarsyny bererin, 100 sany ýorganam menden diýipdir.
Adamlaryň her biri daga çykyp bir gije geçirjek bolupdyrlar her bir giden adam ýany bilen patyşanyň beren ýorganlaryny alypdyrlar. Her giden adam dagyň depesine çykanda 1 ýorgany aşagyna galan 99 ýorgany üstûnden ýapynyp ýatypdyr ýöne adamlar dagyň sowugyny jydap bilmänsoňlar ertire çykyp bilen bolmandyr.
Bir gün garyp bir ýigit patyşaň ýanyna baryp ýorganlary alypdyr we daga gidipdir ol beýleki adamlaryň tersine 99 ýorgany aşagyna ýazyp ýekeje ýorgany üstüne örtüp ýatypdyr. Ertesi irden turup patyşaň ýanyna baranda patyşa haýran galyp seredipdir we oňa "Sen nädip diri galyp bildiň?" Diyipdir. Ýaş ýigit " Dagyň çür depesi sowuk emma sowugyň nirden gelýäni möhüm men 99 ýorgany aşagyma ýazyp ýekeje ýorgany üstüme örtdim sebäbi sowuk aşakdan geçýär" diýipdir.
Patyşa sözüni tutup ýene hemme adamlary uly meýdança üýşürüp ýaş ýigide baýlagynyň ýarsyny beripdir.

Soltan söýün we myraly


70

17

3

1

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Vandenes [off]
 11.05.2026 / 01:59

+0

Soltan Söýün bilen Myraly baradaky hekaýatlar. Awtory özüňmi))


Özümiziňki
Minigim  (11.05.2026 / 07:19) 

Vandenes, yok awtory ozum dal mugallymym cagakam gurrun beripdi yadymda galanson yazaydym asakdan oz adymam

 Premium
 Belki [off]
  "Dilerim ki... Dilerim ki asla caymazsın benim olmaktan..."
 11.05.2026 / 05:40

+0

Soltansoyun sonda Myralydan sorapdyr: Hey towereginde ot gorunyamidi? Myraly bolsa: Howwa patysahym pylanca uzaklykda (anyk yadyma dusenok sol uzaklyk) bir ot yanyady dipdir. "Boldy sen şona yylnyp serti bozupsyn" dip Soltansoyunem bayragy bermekden yuz donderipdir. Son bir gun Soltansoyunin Myrala isi dusup yanyna cagyrtsa Myraly "Men bir tunce atardym sol gaynasa barjak" diyen. In sonunda Soltansoyunin ozi baryp gorse tunce otdan pylanca uzaklykdamys. Soltansoyun "Myraly hey ol uzaklykdanam tunce gaynarmy" diyen. Myraly bolsa gulup "Soltanym sol uzaklykdan oda yylnyp bolyan bolsa tunce de gaynar" diyenmis. Seydip Soltansoyun sert eden baylygyny Myrala bermeli bolupdyr.


Özümiziňki
Minigim  (11.05.2026 / 14:19) 

Belki, hiiim muny şumat senden eşitdim

 Özümiziňki
 Fantom [off]
  Wagtyňyzy manysyz geçirmäň, çünki her bir pursat altyndan gymmatlydyr...
 11.05.2026 / 18:53

+0

Ikisinem okadym diňläpdim.

şu goýunly gürrüňlerem bolmaly.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ertir ahyrzaman /hekaýa


Birem yzy yokmy muň...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir ahyrzaman /hekaýa
Minigim (Düýn, 20:26)

Ertir ahyrzaman /hekaýa


Bobardimonçy näme?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir ahyrzaman /hekaýa
Minigim (Düýn, 20:25)

Durmuş Sapaklary


Mena bashda maglumatdyr oydup pikir etdim asyl goshgy eken, ay boljak kopurak yazypbersena kapyyada girjek eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Durmuş Sapaklary
MG8 (25.06.2026 / 01:14)

JAŇ EDIŇ!


Prostq gyzyklanma: Ejeesi yanynda bolsa onam gunde azyndan 7-8 gezek hosh soz aydyp opyan bolsa bashyna tac edyqn bolsa onq tqgzym edyan bolsa. B...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | JAŇ EDIŇ!
MG8 (25.06.2026 / 00:32)

Ýatkeşligi ösdürüň!


Gowy cykalga aslynda shu meselede menem kop ejir cekyan belki bizede peyda eder hokman barlap gorerin...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýatkeşligi ösdürüň!
MG8 (25.06.2026 / 00:19)

GARGALARA BILBIL BOLAN GÜLKI MEN...


Gowy synanyzhyk bolupdyr. Google translate yaly cem popular dalde dogry terjime etmegini arzuw edyan...dowamy...

GARGALARA BILBIL BOLAN GÜLKI MEN...


Ylhamda umuman pikir uzlem-saplamlygy orboyuna galyar dip pikir edyan. Aytmaklaryna gora, sonky dowur hasam samahyllapdyr. Tiktok şahyry bolupmyş...dowamy...

JAŇ EDIŇ!


😏 arman arman arman. Mende hem bolsady...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | JAŇ EDIŇ!
hickim (22.06.2026 / 22:31)

JAŇ EDIŇ!


Eje, häzir agtygyňy ugratjak, şoo hälki bişiren kökejikleňden 1 paket edip ugradaýda... diýip jaň edäýsemmikäm? :D...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | JAŇ EDIŇ!
Fantom (22.06.2026 / 20:25)

Hudaýsyzlar 4- nji bölümi.


5- nji seriyasy hacan bolya...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 4- nji bölümi.
HUNTER369 (22.06.2026 / 17:12)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->