Ýürekdeş sözler!
Bir gyzyñ gündelik ýazgylaryndan.
Vector_Pro [off]
12.05.2026 / 17:12
Köçe Mekdebi. Ynam däl, kynçylyk öwretdi.
Men seni söýdüm, a sen duýmadyñ... Seni şol mamamlarda toýda gören günümden bäri, sen meñ arzuwlamda ýaşaýañ.
Seniñ her bir hereketiñ, ýylgyrşyñ, agrasdan dogumly sözleýşiñ ýadymda. Men seni soñ ýitirdim.. Gözledim, netije bolmady. Sen hakda ýakyn joralaryma aýtmadym, utandym. Belki, sen meni hakda pikir edýän dälsiñ, ýatlaýanam. Meniñ iñ uly arzuwlarymyñ biri seni ýekeje minut hem bolsa, görmek boldy. Ondan bäri gör, näçe ýyl geçdi. Ýene mamamlara toýa geldim, hemem seni gördüm, gözlerime ynanmadym. Begenjimi söz bilen beýan edip bolmady. Ýanyma gelip salamlaşañda, biraz çekindim. Näçe ýyldyr taýýarlyk görüp aýdan sözlerimi bir demde unutdym. Meni unutmanyñ meni hasam begendirdi. Geçenleri ýatlaşyp gülüşdik. Ýöne... ýöne meñ gülkim a:ga öwrüldi. Sen meni öz gelniñ hemem oguljygyñ bilen tanyşdyrdyñ. Soñam degşip, gyzjagazym ýolda diýdiñ. Ýüzüm güldi, ýüregim weýran boldy. Seniñ yzyndan seredip durşuma, gözümden ýekeje damja ýaş akdy. Şol ýekeje damja göz ýaş meniñ saña bolan jogapsyz söýgüm...
63 |
12 |
1 |
4 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
TäzejeGerceknazar [off]
13.05.2026 / 18:03
+2
Haladym, duýgylandyrdy. Şular ýaly durmuşdan duýgyly setirleri okamagy halaýan, paýlaşanyň üçin minnetdar.
Vector_Pro (14.05.2026 / 07:39)
Gerceknazar, bolya sagbol
Soňky teswirler
Durmuş Sapaklary
Mena bashda maglumatdyr oydup pikir etdim asyl goshgy eken, ay boljak kopurak yazypbersena kapyyada girjek eken...dowamy...
JAŇ EDIŇ!
Prostq gyzyklanma: Ejeesi yanynda bolsa onam gunde azyndan 7-8 gezek hosh soz aydyp opyan bolsa bashyna tac edyqn bolsa onq tqgzym edyan bolsa. B...dowamy...
Ýatkeşligi ösdürüň!
Gowy cykalga aslynda shu meselede menem kop ejir cekyan belki bizede peyda eder hokman barlap gorerin...dowamy...
GARGALARA BILBIL BOLAN GÜLKI MEN...
Gowy synanyzhyk bolupdyr. Google translate yaly cem popular dalde dogry terjime etmegini arzuw edyan...dowamy...
GARGALARA BILBIL BOLAN GÜLKI MEN...
Ylhamda umuman pikir uzlem-saplamlygy orboyuna galyar dip pikir edyan. Aytmaklaryna gora, sonky dowur hasam samahyllapdyr. Tiktok şahyry bolupmyş...dowamy...
JAŇ EDIŇ!
Eje, häzir agtygyňy ugratjak, şoo hälki bişiren kökejikleňden 1 paket edip ugradaýda... diýip jaň edäýsemmikäm? :D...dowamy...