Ýürekdeş sözler!
Duzak / gysga hekaýalar
TäzejeSaparow [16s]
12.05.2026 / 20:32
• DUZAK
Zenan gara pişik kesip geçen ýoldan yzyna dolandy we çatrykda serhoş sürüji dolandyrýan ýükulagyna gabat geldi…
• ZENAN KALBY
Aýaly ärinden öýkeläp ýüzi-gözüni bürüşdirdi. Elindäki gymmat bahaly atyry görkezip:
– Özüm almasam, alyp beräýeýin diýeňok– diýdi.
Äri birnäçe sekunt näme diýjegini bilmän «Wah munyň bahasyna birlaý geýnip boljaga, kyrk ýaşabam bu aýala akyl girmedi, nämä gerek şu… üstesine öýkelänem bolýar. Indi näme diýsemkam» diýip oýlandy, daşyna çykarmady. Soňra şadyýanlyk bilen ýylgyryp, aýalynyň gulagyna:
– Maňa öz tebigy ysyň ýaraýar!– diýip pyşyrdady.
Gaşlaryny bürüşdirip duran aýalyň şol bada ýüzi açylyp, gözleri guwançdan parlady. Ärine mähirli garap atyry ýerine goýdy. Äri «Hudaýa şükür gutuldym» diýdi. Aýaly «Bilýärdim! Henizem meni söýýär» diýdi.
• OGRY
Hyzmatkär aýal kömekçisi, on alty ýaşly gyzyny gujaklap:
– Hanymym, biz näme günä etdik? Bizi kowmaň, men bir dul aýal, maňa rehim ediň, çagajyklarym aç-hor bolar!– diýdi.
– Ine gyzyň jübsünden çykdy– hanymyň elindäki gymmat bahaly sagat ýalpyldady– Ogluma sagbolsun aýdyň, polisiýa habar bermegimizi islemedi.
Gyz göz ýaşlaryny gizledi, dodagyny dişledi…
Ýigit bolsa jübüsindäki göwrelilik testini gysymlady…
• DÄP-DESSUR
Toý dabaraly geçdi. Gelin munuň ýaly bagty hyýalyna hem getirmändi. Köşk deýin jaý, köp gatly äpet bina, hatar-hatar ulaglar.
Indi toýdan soňky däp-dessurlaryny berjaý edýärdiler. Gymmat baha şaý-seplere bürenen täze gelin, gelin salamyny tamamlady. Öý hyzmatkärini bolsa işden boşatdylar…
Mastura ABDYREÝIM GYZY.
Terjime eden Saparmyrat GÜRGENÇLI.
53 |
12 |
1 |
2 |
0 |
0 |
1 |
Teswirler:
TäzejeGerceknazar [off]
13.05.2026 / 18:11
+0
Terjime gaty gowy däl, bökdeýän ýerleri kän. Ýöne hekaýalar juda manyly, ajaýyp.
Soňky teswirler
Durmuş Sapaklary
Mena bashda maglumatdyr oydup pikir etdim asyl goshgy eken, ay boljak kopurak yazypbersena kapyyada girjek eken...dowamy...
JAŇ EDIŇ!
Prostq gyzyklanma: Ejeesi yanynda bolsa onam gunde azyndan 7-8 gezek hosh soz aydyp opyan bolsa bashyna tac edyqn bolsa onq tqgzym edyan bolsa. B...dowamy...
Ýatkeşligi ösdürüň!
Gowy cykalga aslynda shu meselede menem kop ejir cekyan belki bizede peyda eder hokman barlap gorerin...dowamy...
GARGALARA BILBIL BOLAN GÜLKI MEN...
Gowy synanyzhyk bolupdyr. Google translate yaly cem popular dalde dogry terjime etmegini arzuw edyan...dowamy...
GARGALARA BILBIL BOLAN GÜLKI MEN...
Ylhamda umuman pikir uzlem-saplamlygy orboyuna galyar dip pikir edyan. Aytmaklaryna gora, sonky dowur hasam samahyllapdyr. Tiktok şahyry bolupmyş...dowamy...
JAŇ EDIŇ!
Eje, häzir agtygyňy ugratjak, şoo hälki bişiren kökejikleňden 1 paket edip ugradaýda... diýip jaň edäýsemmikäm? :D...dowamy...