Ýürekdeş sözler!
Gyýanlydaky elektrik stansiýasynda ilkinji gezek gaz turbinaly desgalar işe girizildi
AyJennet [off]17.05.2026 / 12:45
🌙✨
Gyýanlydaky kuwwaty 1 müň 574 megawata deň bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynda 1-nji we 2-nji gaz turbinaly desgalar üstünlikli işe girizildi. Bu barada Türkiýäniň “Çalık Enerji” kompaniýasy penşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, gaz turbinaly desgalaryň işe girizilmegi elektrik stansiýasynyň gurluşygyndaky möhüm tapgyrlaryň biri boldy. Synaglaryň dowamynda hünärmenler esasy enjamlaryň işini we olaryň mundan beýläk hem ulanyşa taýýarlygyny barladylar.
Kompaniýanyň belleýşi ýaly, ýerine ýetirilen işler taslamanyň durnukly amala aşyrylýandygyny hem-de desganyň işe girizmek we sazlamak boýunça indiki tapgyrlara taýýardygyny tassyklaýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilen karara laýyklykda, elektrik stansiýany 2027-nji ýylyň maý aýynda ulanmaga tabşyrmak meýilleşdirilýär.
Çeşme:Biznes Türkmenistan saýty
67 |
15 |
1 |
2 |
1 |
0 |
0 |
Teswirler:
Belki [off]"Dilerim ki... Dilerim ki asla caymazsın benim olmaktan..."
17.05.2026 / 22:35
+0
Gaz turbinaly desga dusnukli dilde aytsan name bole?
Outlier (18.05.2026 / 00:55)
Belki, daşardan howa çekip alyp içinne ýygnap betinnen gysýa howany. Soňra gysylan basyş berlen şol howa gaz goýberip güp edip otlaýalar. Netijede ýokary derejeli gyzgynlykda basyş emele gelýä we ýel degirmeniniň perlewügünü ýeliň aýlaýşy ýaly o zatlar aýlanýada generatorlaryň götüne defip işledýä ana şeýdip şeýdip elektrik togy emele gelýe. Düşünnüňmä
TäzejeCandi2 (18.05.2026 / 17:25)
Belki, Meýmăää generatorlaryñ gõtüne depilip işledilýän ýerde işläsim tutýoreý , ejee
TäzejeCandi2 (19.05.2026 / 08:00)
Belki, wii Outliyere yazjakdym
Täzejemasterdollar (26.05.2026 / 22:39)
Candi2, tarakan mel satýan arzanja
Täzejemasterdollar (26.05.2026 / 22:40)
Outlier, ýalan gepleme
Soňky teswirler
Toba.(Hekaya)
Geliň şu hekaýadan ugur alyp biz hem eden ähli günälerimiz üçin toba geleli, Allahymyň toba gapysy kyýamat gününe çenli açykdyr...dowamy...
“Mydama çörek berjek hünär” / durmuşy tymsal
Gynandym sonuny okap. Okanyna degyan hekaya eken. Serdar aga salam bolsun!...dowamy...