Ýürekdeş sözler!
Ýadadym diýme..
Alyhroz [off]
18.05.2026 / 20:55
Sen hic ejizleme durmus kyndyr ejizlere!!
Ýadadym diýme..
Ýalançyda aladasyz adam ýok,
Göwnüňde saklama ykbala kine.
Dünýäň diňe süýjüligin dadan ýok,
Şoň üçin durmuşdan ýadadym diýme.
Bardyr munda beterinden beteri,
Kabul etmek gerek hakdan ýeteni.
Haýyrlydyr wah onuň her bir edeni,
Şoň üçin durmuşdan yadadym diýme.
Kim bilipdir has öňünden geljegin,
Nämäni ýitirip näme aljagyn.
Bellimidir aglajagyň güljegiň,
Şoň üçin durmuşdan ýadadym diýme.
Bir meňzeş bolmaýar ümriň gülleri,
Gyş bilen synalýar ýazyň gülleri.
Kop dert çeker wah Allaň söýen gullary,
Şoň üçin durmuşdan ýadadym diýme.
Şanazar Hydyrow.
89 |
23 |
2 |
8 |
3 |
0 |
1 |
Teswirler:
Täzejemasterdollar [off]
19.05.2026 / 06:54
-1
Yza galak
Alyhroz (19.05.2026 / 07:54)
masterdollar, tozo
TäzejeMugallyma (19.05.2026 / 13:58)
Alyhroz, ikilikçi
Alyhroz (19.05.2026 / 15:01)
Mugallyma, bul üçinji accoundyňmy
TäzejeMugallyma (20.05.2026 / 10:00)
masterdollar, ikilikçi
Orazjan [off]Sapby soranjaň
19.05.2026 / 07:46
+1
Durmuşdan ýadadym diýýänem ýadaýan däldir, ýadanlar dälirär ýada öler
Soňky teswirler
Toba.(Hekaya)
Geliň şu hekaýadan ugur alyp biz hem eden ähli günälerimiz üçin toba geleli, Allahymyň toba gapysy kyýamat gününe çenli açykdyr...dowamy...
“Mydama çörek berjek hünär” / durmuşy tymsal
Gynandym sonuny okap. Okanyna degyan hekaya eken. Serdar aga salam bolsun!...dowamy...