Ýürekdeş sözler!
Türkmen boksçysy WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy
MaD_B [off]
30.05.2026 / 10:19
Tanamadyksyra meni göreňde...
Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk 29-njy maýda Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde geçirildi. Çärä meşhur sport işgärleri, şol sanda Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň wise-prezidenti Otabek Umarow hem gatnaşdy.
Imankuliýew garşydaşyny nokout edip, tutluşygy eýýäm birinji raundda möhletinden öň tamamlady. Türkmen türgeniniň garşydaşy professional derejede 8 ýeňşi, 1 ýeňlişi we 1 deňme-deň oýny bolan tanzaniýaly boksçy Adam Daça boldy. Tutluşyk ýarym agyr agram derejesinde (69,8 kg çenli) geçdi.
Hursand Imankuliýew — halkara derejeli sport ussasy, Türkmenistanyň 10 gezekki çempionydyr. Ol şeýle hem ýurduň adyndan dünýä çempionatlarynda we Aziýa oýunlarynda çykyş etdi. 2017-nji ýylda Yslam raýdaşlyk oýunlarynyň bürünç medalyny eýeledi, 2018-nji ýylda bolsa Polşada geçirilen Feliks Ştamm adyndaky XXXV halkara ýaryşyň ýeňijisi boldy.
Geçirilen bu tutluşyk Imankuliýewiň professional derejedäki ilkinji titully söweşi boldy.
World Boxing Council (WBC) — dünýäniň öňdebaryjy dört boks guramasynyň biri bolup, ol 1963-nji ýylda esasландыryldy. WBC Eurasia tituly bolsa sebit çempionlyk guşagy bolup, guramanyň resmi reýting ulgamyna girýär.
©TürkmenPortal
64 |
11 |
1 |
2 |
1 |
0 |
1 |
Teswirler:
Täzejemasterdollar [off]
30.05.2026 / 11:13
-1
senden soran bamy nirede näme bolandygy geçiniň öň aýagy ýaly boluberme
MaD_B (30.05.2026 / 12:51)
masterdollar, hool çatrykdan aýlanyp geç onno sen bom
Soňky teswirler
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️

Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.
Diri sylan beg bolar ölini sylan baý bolar diýip eşitdik bizä haýsy dogryka indi bularyň?...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Ondan pagtany sorup alýan enjam çykarylsa gowy bolmazmy. Meselem, sen enjamy eliňe geýýäň, özi pagtany hanasyndan sorup alýar we fartugyňa geçirý...dowamy...
Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.
Öňem mazarstanlygyň gapdalyndan geçip barýan taksist, gapdalyndaky ýolagça: - Hany ýaşuly okap göýber diýende, Ýaşuly aňarsyna bärsine seredip: -...dowamy...
Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.
Öňüräk bir deň-duş adamyň biri Namaza okamok, ýöne biri ýogalsa ugratmaga barýan, birde gonamçylygyň deňinden geçenimde el galdyrýan diýipdi. Ol...dowamy...
