“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Я делаю вид, что всё прекрасно. Умирая изнутри.

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Ilkinji edebiýat birleşmämiz ☺
Premium
 Belki [off]
 31.05.2026 / 03:00
 "Dilerim ki... Dilerim ki asla caymazsın benim olmaktan..."

Salam gadyrdanlar! Ine, ahyrsoňy biz ahallylaryň hem özbaşyna edebiýat birleşmesi bar. Menem bu gün ilkinji edebiýat birleşmämizde bolup geçenleri gyzyklanýanlara gysgaça beýan etmekçi.
Duşuşyga bellenen wagtdan ýarym sagat giç baranlygym az ýaly, erkin döredijilik mekanynyň dogry girişini tapmanam ep-esli eglendim. Umuman men islendik ýere baranymda dogry girişi tapsam boýnumdan medal asmaly. Dogry girişini tapýan iki sanyjak ýerim bar, biri öýüm, beýlekem edaram.
Baranymda Gerçeknazar Amannazarow goşgy okap oturan eken. Zalda kyrka golaý adam bardy. Münberiň gapdalynda goýlan kürsilerde halypalar - Kakamyrat Rejebow, Seýitmyrat Geldiýew, Orazmyrat Myradow otyrdy. Gerçeknazar goşgy okap bolanyndan soň adamlar el çarpdylar. Ondan soň Mätgurban Mätgurbanow özüniň "Fewral" goşgusyny okady. Mätgurbanyň goşgy okaýşyny ýaşuly şahyr Süleýman Ilamanow halamady. Diýmezçe-de däl, ol juda ýuwaş sesde okapdy. Seýitmyrat Geldiýew ýaşlara goṣgy okalyşyny öwretmek maksady bilen Süleýman agaň özüne goşgy okatdy. Ýaşuly şahyr obraza girip goşgy okady. Goşgudan soň Orazmyrat Myradow "Okaýşyň-a gowy" diýip onuň bilen degişdi. Şondan soň menem goşgy okadym. Okamazymdan öň "Diňe el çarpman tankydyňyzam aýdaýyň" diýdim. Süleýman aga "Biz seni şonsuzam gazetlerde okaýas. Gazetde çykýan bolsa gowudyr ýazýan goşgyň" diýdi. Men "Gazetde çykan her goşgy gowy däldir" diýenimde oturanlar baş atmak arkaly pikrim bilen ylalaşdylar. Goşgymy okanymdan soň tankydy belliklerini aýtdylar.
Soň gezek-gezegine Medet Mededow, Nurmuhammet Haşyrow, Mukam Bekgylyjow we adyny ilkinji gezek eşden birnäçe şahyrlarym goşgy okady. Bazar Annaýew hem gyzyklyja hekaýasyny okady. Ýaşlardan soň myhman bolup gelen halypa şahyrlara söz berildi.
Merdan Baýat eje, kaka barada ýazylýan goşgularyň gowşak çykmagynyň sebäbini "Güýçli garşylyk esasynda ýazanoklar" diýip düşündirdi. Ondan soň münbere çykan Aýgül Garaýewa goşgynyň ýazaýyn diýip ýazylmaýandygyny aýtdy. "Goşgy ýazylýan we döreýän goşgular diýen iki topara bölünýär" diýdi.
Münberde söz sözlän Gurbanjemal Annakowa bolsa "Meniň tankyt ediň" pikrim bilen ylalaşmaýandygyny, tankydy ýörite ylymlar akademiýasynyň alymlary etmelidigini nygtady. Şundan soň esasy çekişme tankyt meselesiniň töwereginde boldy. Mämmetgurban Mämmetgurbanow Kakamyrat Rejebow we Seýitmyrat Geldiýewiň özlerine şägirt taýýarlamalydyklaryny belledi. Gurbanjemal gelnejä garşy çykyp, tankydyň hökman gerekdigini, bu gidişine gitse bileleşmämize geljek adamlaryň azaljakdygyny nygtady. Tirkişmyrat Nurýagdyýew hem tankydyň, öwgüniň zerurdygyny aýdanda Orazmyrat aga "Indikide Tirkişmyrat Nurýagdyýewiň döredijiligine bagyşlap, ýörite ýygnak geçireris" diýip oturanlary güldürdi. Seýitmyrat Geldiýew "Bize ylymlar akademiýasynda kabinetinde oturan edebiýaty öwrenijiler gerek däl. Goý tankydy makala ýazsynlar" diýdi. Birleşmämize indiki gezek edebiýatçy Aman Şyhnepesowyň gatnaşjakdygyny, bu gezek işi çykyp gatnaşyp bilmändigini belledi.
Süleýman aga Seýitmyrat Geldiýewiň Marynyň edebiýat birleşmesi barada öwgüli sözlerine garşy çykyp, olardan gelýän goşgularyň hiliniň pesdigini aýtsa, Orazmyrat Myradow "Marynyň edebiýat birleşmesinden çykan Eziz Amannazarow ýaly şahyry "Edebiýat we Sungat" gazeti otuz ýylda çykaryp bilmedi" diýip jogap berdi. Aýgül Garaýewa "Näme bu zawodmy ony çykardy, muny çykarmady" diýer ýaly diýdi.
Duşuşygyň jemini Kakamyrat Rejebow jemläp, indikide tankydyňam beriljegini muňa wagty tygşytlamak üçin goşgulary elektron poçta ugratdyrjakdyklaryny ýa-da kimleriň çykyş edip, syn berjeklerini öňünden kesgitlejekdiklerini aýtdy. Ýygnakdan soň ýadygärlik surata düşdük.
Umuman ilkinji birleşmämiz çekeleşikli geçdi. Indikide edebiýatçylaryň gatnaşmagy we tankyt prosesiniň goşulmagy bilen has gyzykly geçer diýip pikir edýärin.


120

34

5

10

1

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Candi [off]
 31.05.2026 / 10:19

+1

Haladym!Gaty haladym.Islenende hem tema edip paylaşmagyña sabyrsyzlyk bn garaşýardym.Işlerimi birýanýüzli edenimden soñ heziller edip okayardym.

 Özümiziňki
 Basmacy [off]
  Biziň azap çekmedik zadymyz, biziňki däldir...
 31.05.2026 / 10:21

+0

Byrynjydan-a "Ahalyllaň" diýip zat ýok. Haçanda resmi yglan edilende diýip bilersiň ony.
Aşgabat Ahal-a degişli däl. "Merkezde" diýseň ýerlikli bolardy. Merkeze bolsa hemme kişi ýygnanyşyp biler. Ýerli, daşary ýurtly...
Onsuzam sanan adamlaryň deň ýarsy Marlylar ekeni. Nädip onsaň "Ahalyllaňky" bolýar. Nädip "Merkezde" diýen söz zybanyňa gelmändir... Ýa_w_hayrane

Ikinjiden.
Seniň "meni tankyt ediň" diýmegiň çyndanam dürs däl. Birhili "meni üns bilen diňläň" diýen ýalak bolýar (eşdilýär). Artyk ýeriň ýokdura olardan?
Oňa derek "ine bu okajagym täze goşgym" , "ine bu okanym özümiň iň halaýan goşgym" diýilen bolsa ýerlikli bolardy.

Üçünjiden.
Beýdip her bir aýdylan dialoglary ýazga geçirmek dogry hasap edemok. Näme bolsada olaryň käbiri "agramy bar" adamlar, her pikiri syýasy terezä goýulýan adamlar. Senem beýdip olaryň ýüzüni açyp oturma. Olar-a indi erkinräk diýip, ýaşlaryň öňünde gürläsi gelýär.

Bular ýaly döredijilik üýşmeleňleri daşyndan gowy görülsede, siziň pikirleriňiz köp ýerlere ýaramazlyklary mümkin. Mysal üçin S.Geldiýewiň Ylymlar Akademiýasy hakynda aýdanlary, başga biriniň "Edebiýat we sungaty" pes bahalamagy...

Gysgaça şu.


Premium
Belki  (31.05.2026 / 11:17) 

Basmacy, yarysy Marylam bolsa olar paytagtda mesgen tutan adamlar, bu bir. Ikinjidenem isleyan halar, islemeyan halamaz, emma menin edebiyat dususyklarda bolanlary beyan edyan yazgylaryma garasyp, hezil edip okayanlar bar. Seyitmyrat Geldiyew yaly adamlar pikrimi biri esitse halamaz we s.m-leri oylayan adamlar dal... edebiyat cekismanin bar yerinde edebiyatdyr.

 Täzeje
 Hyyalbent [off]
 31.05.2026 / 12:32

+0

Berekella ýetirenňize minnetdar köp sagboluň!

 Özümiziňki
 Fantom [off]
  Wagtyňyzy manysyz geçirmäň, çünki her bir pursat altyndan gymmatlydyr...
 31.05.2026 / 17:35

+0

Minnetdar!

Dogrysy Gerçeknazaryň Hydyr Ylýasmy şo ýaşulylaryň ady? häzir ýadymda däl, ana şolar bilen geçiren edebiýat agşamyndan ýazanyny okapdym, soň beýle zatlara gabat gelmändim.

Wagtyňy gidirip ýetirýäniňe kööp sagbolsun al mendenem...

Şeýlede Okaýjylara Imo plotformasynda her Altynjy günler 21 30-da edebiýat agşamy geçirilýänini ýatlatýan. Aýlanyp gaýdaýyn diýseňiz.

 Täzeje
 Gerceknazar [off]
 05.06.2026 / 22:29

+0

Menem birleşme barada birzatlar ýazaýjakdym, Basmaçylardan ýaňa ýazjagyňam ýazyp bolanok, bar höwesiňi alansoňlar ýazasyňam gelenok. Oňarypsyň, ýazypsyň Mahym berekella. Nesip bolsa men has giňişliräk, başardygymdan sözme-söz ýazmakçy şu birleşme barada.


Täzeje
Candi  (06.06.2026 / 13:17) 

Gerceknazar, Şu bir zat ýazasyñ gelse üstüñe basmaçylar däl, garakçylar çozsada ýazgyn.Garaşýas!


Premium
Belki  (07.06.2026 / 18:48) 

Gerceknazar, howwa, siz sozme-söz yazyadynyz-ow. Men azajyk yaltarak, gysgaca yazayyan. Siz yazsanyz has gowy bolar. Basmacyny pikir etman, durmusda mydama-da negatiwini oklayan adamlar bolyar. Olar ucin haysy bir etjek hayyrly isinden galjak?!

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ilkinji edebiýat birleşmämiz ☺


Menem birleşme barada birzatlar ýazaýjakdym, Basmaçylardan ýaňa ýazjagyňam ýazyp bolanok, bar höwesiňi alansoňlar ýazasyňam gelenok. Oňarypsyň, ý...dowamy...

Ýatla meni...


Bir mowzugy, bir gezek halamak mumkin! Esasy Sada halkyň göwnünden tursa, ol seniň ýazan zatlaryňy ýyldan ýyla nämejik, asyrdan asyra geçirýär....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýatla meni...
Fantom (05.06.2026 / 17:14)

Ýatla meni...


Poeziyada lenc edilen pikirlerden gacarak durmak gerek. Meselem, gysda yazda yatla diyen yaly. Gosgyn icindaki uytgesijek bir zatlar aytjak bolma...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýatla meni...
Belki (03.06.2026 / 22:36)

Ahwal


Umuman alanda gosgyn tehnikasy sagdyn, duygusam bar. Birhili Cary Yegenmyradyn gosgularynam yatlatman duranok. indi minuslaryna gelsem kabir kapy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ahwal
Belki (03.06.2026 / 22:33)

Edebi söhbetdeşlik Taýmaz Seýidow bilen sorag-jogap


Tuweleme, gowy sohbetdeslik bolupdyr. Taymaz agan jogaplaryny men-a gaty haladym. Ayratynam 12-nji sorag we jogaby gaty yerine dusupdir. Ustunlik...dowamy...

Ýüregimiň Sözleri❤️


okajak bolup sakowladym...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýüregimiň Sözleri❤️
tony_montana (03.06.2026 / 13:51)

Ýüregimiň Sözleri❤️


söýgüň bäşiňisn, Belki ýaly bolup bir şahada 6 nar bolduň ýördüňaý. Hakylly bolarlara...dowamy...

Ýüregimiň Sözleri❤️


Emeli aň)...dowamy...

Ýüregimiň Sözleri❤️


Narmanny ýazö...dowamy...

Ýüregimiň Sözleri❤️


Şuň ýüregi näme diýýäkä? Diýip okadymda...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->