“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New chat ,,ertir chat" - Biz bärde🙂 (täzeden agza bolmaly, täze açdyk)
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Sizin arzuwynyz barmy?!_Hawo,,bary yogy 2 sany,1ji sizin elinizen tutmak,2ji goybermezlik!

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Nobatguly Rejebowdan
 Täzeje
 MaD_B [off]
 31.05.2026 / 08:52
 Tanamadyksyra meni göreňde...

Nobatguly, kim sen?
Kim sen aslynda?
Asmany ataşmy gursakdaky ot?
Pýedestal bar dabanyñyñ astynda,
A üstüñde haýkyryp dur eşafot!

Nebir ýaşadyñ sen,
nebir ýazdyñ sen,
Nebir söndüñ,
Ne-de alawlap ýandyñ.
Ýapyşak deý gelniñ kalbynda galan —
Ne dogulýar,
Ne-de ölýär talantyñ!

Sen gijeler dünýäñ agysyn aglap,
Gündizlerne kyldyñ şagal mesligin.
Mansur Hallajy deý ölmäge gorkup
Gursakda jaýladyñ betbagt maslygyñ!

Jaýladyñ gursakda Arşyñ pikirin,
Jaýladyñ gan aglap şahyr messebiñ.
Ýanardagy ýaly atylyp bilmän,
Hepbesiz ýaşadyñ,
Öldüñ hepbesiz!
Öldüñ hepbesiz!

Melgunlar Nesimiñ hamyn sypyryp,
Ony Bakylyga heýkel etdiler!
Seniñ hamyñ soýman,
boş söze yryp,
Içiñden mazmunyñ sogrup gitdiler!

Sen ölümden gorkup ýaşap bilmediñ,
Sen ölümden gorkup ýazyp bilmediñ,
Sen ýanyp bilmediñ Ýanardag bolup
Pisada dönderlen çagy milletiñ!

Bakyda şa tagty garaşyp durka
Dilsiz gula öwrüldiñ sen panyda!
Nobatguly, hany seniñ sapançañ?
Kast eýlegil!
Rehmiñ gelsin janyña!

Ýurduñ alan çagy ogry-orramsy,
Türkmeniñ aýrylan çagy erkinden,
Alla durka,
Asman durka arkañda,
Ýeri, köpeý ogly gorkýarsyñ kimden?!
… Gaýta sen at alýañ,
Beýgeljek bolýañ,
Ýalan ýazýañ haýran edip uly ili.
Nobatguly, ýaşap ýörsüñ, unutma,
Gursagyñda jaýlap Nobatgulyny!


80

19

3

5

0

0

2
Teswirler:
 Täzeje
 Resul [off]
  Düşünjee - düşünilen durmuşdan başgaa zat däl.
 31.05.2026 / 15:13

+3

Özünii bilen welii diýipdirler. Edebiýatdaa ölmez-öçmez yz galdyrjak beýik şahyr bolmasadaa welää bolupdyr şahyr agaa. :)


Täzeje
MaD_B  (31.05.2026 / 17:07) 

Resul, Nobatguly agaň goşgulary täsirli.

 Premium
 Orazjan [off]
  Sapby soranjaň
 01.06.2026 / 11:39

+0

Nobatguly agaň goşgularna +++++

 Täzeje
 MG8 [off]
 11.06.2026 / 19:42

+0

Nobatguly mollumy yatlanalara÷÷÷÷

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Şumy?
...dowamy...

Bu dogry emma bu aldaw.


Vine oynama gowy senariya eken...dowamy...

Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.


Diri sylan beg bolar ölini sylan baý bolar diýip eşitdik bizä haýsy dogryka indi bularyň?...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Ondan pagtany sorup alýan enjam çykarylsa gowy bolmazmy. Meselem, sen enjamy eliňe geýýäň, özi pagtany hanasyndan sorup alýar we fartugyňa geçirý...dowamy...

Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.


Öňem mazarstanlygyň gapdalyndan geçip barýan taksist, gapdalyndaky ýolagça: - Hany ýaşuly okap göýber diýende, Ýaşuly aňarsyna bärsine seredip: -...dowamy...

Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.


Molla kop ekenow barde 😕...dowamy...
Ylym-bilim ösüşi | Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.
HUNTER369 (17.07.2026 / 23:34)

Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.


Öňüräk bir deň-duş adamyň biri Namaza okamok, ýöne biri ýogalsa ugratmaga barýan, birde gonamçylygyň deňinden geçenimde el galdyrýan diýipdi. Ol...dowamy...

Sen diňe umyt et uýam, umyt et!


Ýüzi ýapyk, elleri gabarçak bolsa-da, köçe süpürýän şol gyzyň süpürgesi — dünýäniň ähli nadanlygyny we hapa pikirlerini arassalamaga synanyşýan m...dowamy...

Sen diňe umyt et uýam, umyt et!


Köçeleri süpürýän adama diňe bir arassalygyň goragçysy däl, eýsem her günüň tämiz başlanmagyny üpjün edýän we jemgyýetiň hakyky medeniyetini ýazý...dowamy...

Sen diňe umyt et uýam, umyt et!


Garaňky gije gara garynjanyň ryzkyny beren Beýik Ýaradanyň ynsany unutmaly däldigi baradaky ynam — durmuşyň iň berk sütünidir.Zähmete, ynsana we...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->