Ýürekdeş sözler!
Sessiz arhitektor we daşky sesler
hickim [off]
14.06.2026 / 21:38
Dereksiz ynsan...
Bir wagtlar, öz maşgalasy üçin uly we weýran bolmaz ýaly berk gala gurmagy ýüregine düwen bir binagär bar eken. Ol galanyň diňe bir owadan bolmagyny däl, eýsem iň güýçli tupanlara, harasatlara we kynçylyklara çydamly bolmagyny isläpdir. Şonuň üçin ol gurluşygy iň çuň we agyr fundamentden — esasdan başlapdyr.
Binagär ir-säherden tä gije gijä galýança işleýärdi. Daş-töwerekdäki adamlar, köçeden geçýänler we işsiz oturanlar galanyň daşynda üýşüp başlapdyrlar. Olaryň gürrüňi, maslahaty we tankydy hiç gutarmaýardy.
Biri aýtýar: "Beýle köp işläp näme edýäň? Seret, hemme kişi dynç alýar, gürrüň edişip wagt geçirýär. Senem dynç alsaň bolanokmy?"
Başga biri bolsa galanyň içindäkiler bilen gepleşip başlaýardy: "Görýäňizmi, ol hemişe işli. Siziň ýanyňyzda köp wagt geçirmeýär, size owadan sözler diýip, göwnüňizi açanok. Başga ýerlerde durmuş has aňsat, gyzykly we hezil ahyran."
Bu sözler galanyň içindäkileriň käwagt göwnüne degýärdi, olar hem käte şol daşarky seslere ynanar derejä gelýärdiler. Emma arhitektor binagär olaryň hiç birine jogap bermeýärdi. Ol gepleşmän, diňe nobatdaky agyr daşy ýerine goýýardy. Sebäbi ol bir zady gaty gowy bilýärdi: daşarky adamlaryň sözleri arzan we olar jogapkärçilik çekmeýärler.
Günleriň bir güni, asman garalyp, gaty uly tupan we harasat gopýar. Şol wagt näme bolýar? Ýaňky owadan gepleýän, akyl satýan we owadan sözler bilen başgalaryň durmuşyna goşulýan adamlaryň hemmesi öz janlaryny halas etmek üçin ylgap, öýlerine gaçýarlar. Daşarda hiç kim galmaýar. Olaryň hiç biri yzyna dolanyp: "Gel, men saňa kömek edeýin, seni goraýyn" diýmeýär.
Emma binagär şol wagt galanyň gapylaryny ýapyp, içindäki halaýan, gatnaşýan we söýýän adamlaryny — arkasynda dag bolup duranlary, asuda we durnukly diwarlaryň arkasynda goraýar. Şol pursat galanyň içindäkiler bir zady doly we aýdyň düşünýärler: hakyky alada we söýgi — bu boş gürrüňler, wada ýa-da wagtlaýyn güýmenje däl eken. Hakyky söýgi we sylag — daşarky gep-gybatlara üns bermän, seni geljekki ähli kynçylyklardan gorajak diwarlary we üçekleri sessiz gurup bilýän, adamyň zähmetidigini aňlaýarlar.
Durmuşda hem şeýle. Daş-töweregiňdäki adamlar seniň durmuşyň hakda gürlemegi gowy görerler. Olar arkaýyn wada bererler, gep getirip, gep äkiderler, sebäbi olaryň ýitirjek zady ýok. Emma durmuşyň hakyky kyn günleri gelende, ýa-da wajyp kararlar kabul edilende, olar gürleşmän ýitip giderler. Seniň ýanyňda diňe seň üçin dogrudanam janyny gaýgyrman işleýän, ýagdaýyňy düşünýän adamlar galar. Akylly adam daşarky adamlaryň owadan gepine däl-de, kim özüniň rahatlygyndan geçip, geljegi we asudalygy gurmak üçin ylgaýanlara sereder. Netijede sözleri şemal äkider, emma gurulan gala hemişe dik durar.
Hiçkim...
43 |
7 |
0 |
2 |
0 |
0 |
2 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Meniň şansym nola deň
Men bolsa hiç ýerde tanymal adam däl. Onsoň Men näme edenimde BMG guramasynyň sekretary bolup bilerin. Bu mümkin däl. Diňe amatly pursat men tara...dowamy...
Meniň şansym nola deň
Görşüňiz ýaly indiki kanditatlar tanymal wezipeli adamlar. Üstesine olaryň hemmesi diýen ýaly öz ýurtlarynda ýokary wezipeleri eýelän kanditatlar...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Outlier (30.07.2026 / 06:29)
Outlier (30.07.2026 / 06:29)
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Belki (26.07.2026 / 10:12)
Belki (26.07.2026 / 10:12)
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...