“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
Alladin : Iň gowsy ýekelik,söýgüň sony name etsenem ikilik

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Ýör, göwnüm!
 Gerekli
 Dreamfull [off]
 16.01.2024 / 00:18
 Каждому нужен кто-то, кто его выслушает.

Tur, göwün, gideli,
gaşymyz çytman,
Ykbalyň ýalkajak, güljek ýerine.
Bu ýerlerden biziň tamamyz çykmaz,
Bu ýerler degenok alyn deriňe.

Haýsy kysmat bilen geldik azaşyp,
Göripleriň bagty çüwen ýerlere?!
Gara bagryň gidermikä badaşyp,
“Körlere” — yş, owaz bolup “kerlere”?!

Ýör, gideli, yzymyzda turuzyp
Bahyllara süýji-süýji gybaty.
Hemem olaň begenjini örüzip,
Gün bereli, ýaşasynlar ybaly.

Aýaklarna tiken çümüp nalanlar
Çüý bolup çümenin bilmez ýürege.
Haşal ot deý basar bizi nadanlar,
Ylym üçin dönsek ýelim-ýüpege.

Biziň bilen gurulmandy bu dünýä,
Bizsizem ýaşar ol!
Ýykylmaz!
Sarsmaz!
Ýör, göwün, gideli,
batma:ly ünjä,
Biziň üçin dünýäň gözýaşy sarkmaz!..

Akmyrat JUMAÝEW


128

3

0

1

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Durmuş Sapaklary


buň stili näme?...dowamy...

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Üýtgeşik bir zat aýdyp, ýazyp orta çykyp gepläp bilmejegiňi bilýän. Türkmen telewideniýesinde okalýan goşgylary diňlär ýaly däl. Sen hem şolaryň...dowamy...

Başsyz gurjaklar/ hekaýa


Birhileklaý...dowamy...
Erkin mowzuklar | Başsyz gurjaklar/ hekaýa
афганка (Düýn, 10:12)

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Nahili gechdi sohbetdeshlik...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
афганка (Düýn, 10:07)

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Nahili gechdi sohbetdeshlik...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
афганка (Düýn, 10:06)

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Blaaa gecip gitda indi hacan berilya yaylyma...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
Vector_Pro (20.06.2026 / 23:58)

ARZYLY GÜN


Shu oglanam gowy yazyan eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | ARZYLY GÜN
MG8 (20.06.2026 / 22:45)

Goşgy_1


Gowy shahyr gowy goshgy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Goşgy_1
MG8 (20.06.2026 / 22:42)

JESET OGRUSY. 7-nji bölüm


Ay nahili bolday...dowamy...

Maňa sabyr ber Allam!!!


Temasy gowy eken...dowamy...
Erkin mowzuklar | Maňa sabyr ber Allam!!!
MG8 (20.06.2026 / 22:36)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->