“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : 1 agajdan milion otly çöp çykar 1 otly çöp milion agajy ýakar ?

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Ejem... / esseler ýygyndysy
 Täzeje
 dabir [off]
 Şugün, 09:17

Giriş

Ejem bugdaýreňklä ýakyn ak ýüzli, juda görmegeý, biçak mähriban adamdy. Elbetde her bir ýüregi päk ynsan üçin öz ejesinden eziz, ejesinden mähirli, ejesinden gözel zenanyň jümle-jahanda bolmaýşy ýaly, meniň üçinem ejem öňem, häzirem asly toprakdan ynsanlaryň içinde naýbaşylaryňam naýbaşysy bolup hakydama-da, göwnümiň törüne-de, tä soňky demime çenli ornaşyp galdy.
Ejemiň çyn ady Ogulbaýram bolsa-da, hemmeler onuň adyny: “Maýa” diýip tutardylar. “Maýa gelneje”, “Maýa eje”, “Maýa daýza”, “Maýa dogan”... Hatda mamam bende-de ejeme: “Maýam, Maýa jan” diýip ýüzlenerdi. Diňe, men dünýä inmänkäm ýurduny täzelän enemiň uýasy Keýik daýzam görgüli ejeme: “Ogulbaýram” diýerdi. Ýöne ejemiň adyny kim näme diýip tutsa-da, onuň adyny menden ökde ýürege ýakyn edip tutup bilýän, megerem dünýäde ýok bolup, diňe doganlarymdyr uýalarym onuň adyny meniňkä deňeçerräk edip tutup bilen, bilýän bolsalar gerek.
“Beh, o nähili atka?” diýip geňirgenmegiňiz mümkin.
Ol at, dünýäde gursagynda ýüregi bar her bir ynsana iň mähriban, iň ajaýyp, iň täsin, iň yssy eşidilýän sözde aýdylýar – EJE.
Ejem hakda-da söz.
Şol sözem ejeme, ejem hakda tükeniksiz tämiz hakyda mynasyp edip aýdyp bilerinmi, bilmenmi...
Nesipdir.
Ýöne ejemiň mähribanlygyny hut meniň şahsy özümiň syzyşymy, duýşumy, özümden özgeleriň aňyna, kalbyna ýeter ýaly derejede beýan etmäge dilimiň ejiz geljekdigini, gelýändigini eýýämden aňýan. Şonuň üçinem...
...goý, dilim däl-de, ýüregim gürlesin...

Rişde

…On sekiz müň Älemleri ýaradan Ýaradan, owalybeletde gähi derdinägi döredende, Ümmülmezligiň jümmüşine uçup, gaýyp bolup gitmezligi ýa-da Düýpsüzligiň girdabyna gaçyp, ýitip gitmezligi üçin, onuň göwsünde mukaddes Käbäni bina kylyp, arş bilen kürsüň arasynda seňňi-mugallagy asyp goýupdyr.
Ony maňlaýlaryna togap edýän ynsanlaryň gözüne, magallak daşy asman bilen zeminiň arasynda asyl-asyl bolup, mizemän durmaga mejbur edýän hiç hili direg-u-bent ýok ýaly bolup görünse-de, ol päkize Perwerdigäriň gudraty bilen, pygamberlerdir-perişdelerden özge, ynsdan-jynsdan hiç kesiň gözüne görünmeýän dört sany rişde bilen-ä asmandan asylgy, dört sany rişde bilenem topraga baglangy…
Söýgi, Ynam, Umyt, Adalat – seňňi-mugallagy mawy asmandan asylyp, derdi köp topraga gaçyrman saklaýan rişdeler.
Paýhas, Ynsap, Rehim hem Gaýrat – ony onsuz örksüz galjak zemini terk edip, asmana uçup, gözden gaýyp bolup gitmekden saklaýan rişdeler…
…Ynsanyň jigeri hem edil şonuň ýaly, hiç bir rentgen enjamynyň görüp-saýgaryp, hiç bir lukmanyň agtaryp-tapyp bilmejek rişdeleri bilen, onuň gursagynda, onuň dünýä inmeginiň (kürsüň) hem-de onuň dünýeden gitmeginiň (arşyň) arasynda, asyl-asyl bolup hallan atyp dur.
Hakyda sapaklary ol rişdeler.
Olaryň aglaba köpüsi hem, oňa şu dünýäniň açylmagynyň – onuň, haýwan bolup amanada eýe bolup, ynsan bolup amanady yzyna – Hak Eýesine gowşurmak üçin, ýalňyşmak hem ökünmek üçin, şonuň üsti bilenem gözlemek hem düşünmek üçin, ahbetinem mynasybyňa mynasyp bolmak üçin ýaradylan barlyga gelmeginiň – ýeke-täk ýoly bolan ene bilen bagly.
Käte-käte-de ol rişdeler yzly-yzyna zarňyldaşyp, seňňi-mugallagy hallan atdyryp, jahany jähenneme gitmekden saklap duran şol mukaddes rişdeleri öz owazlaryna owaz bilen jogap berip, ol owazlary-da seniň kalbyňda ýaňlandyrmaga, şol mukamyň jadyly heňleri bilenem seniň haýwanlykdan ynsanlyga tarap barýan ýoluňda, saňa medet bermäge, goldaw bermäge mejbur edýärler…
…Ilki biri zarňyldaýar, ol rişdeleriň…
Dogrusy…
Rişdäniň bu nagmasy seniň öz ýatlamaň hem däl…
Ol seniň mähriban käbäň haçanam bolsa bir mahal, heniz sen mana düşmez çagajykkaňmy ýa-da soň, aga-gara düşüp ugranyňdamy, aýdyp beren gürrüňinden dörändir, belki…
Belki, ony mähribanyň saňa aýdyp berenem däldir…
Haçanam bolsa bir wagt, haýsy-da bolsa bir gün, käbäň ony öz käbesine gürrüň berýärkä, senem düşegiňde uklap bilmän agdarynjyrap ýatyrkaň ýa-da oýalyk bilen ukynyň arasyndaky serimsallykda ymyzganyp barýarkaň, eşidensiň belki…
Belki-de…
Beýle waka hakykatda bolanam däldir-de, ony seniň hyýalbent hakydaň seni terbiýelemek üçin, seni maňlaýyňa ýazylan ýazgydyňa imrikdirmek üçin özünden oýlap tapandyr…
Belki-de…

Düýş

Ejem pahyr aram-aram, gaýtalap gürrüň bererdi.
Menden öňki Serdarjyk (1975-nji ýylda doglan) üç ýaşaman ýogalypdyr. Kakam pahyram özi ýetim ulalansoň, meniň şumatky bolşumdan müň esse beter çagaň ölemeni. Ejem görgüli bolsa, öňem ekiz gyzyny ýitirip, soňam tutak-tutak bolmaga ýaran ogluny ýitirip, kakamdan milýon esse beter. Türkmen aganyň: “bagyr awusyny Alla görkezmesin...” diýeni, kakamdyr ejem ikisi perzent ýitgisinden soň hiç özlerini alyp bilmeýämişler.
Ýogsa, ikisem takdyra ten berip, Hudaýa şükür etmeli, şol wagt tüweleme, üç ogul, üç gyzlary bar.
Emma onda-da ýöne, bu iki garamaňlaý biri-biriniň ýüzüne seretdikleri, ýaňky maňa ady dakylanja oglanjygyň keşbi gözlerine görnüp, şojagazyň hasraty hiç köňüllerinden sogrulyp gidibermeýärmiş. “Nirä baksak ojagaz gözümize görnüp, gözümize görnüp, halys ýüregimiz tüýdülip barýar-da, ikimiziňem... Düşek-ýassyklyja sallançagam dur törde... boram-boş... eşijekleridir, oýnawaçlary, agzyna emzik dakyp süýjülije çaý berýän çüýşejigimizem ýerli-ýerinde... Tutuş içerimizdenem ojagazamyzyň bäbek ysy kükeýär... gije-gündiz syryljap gözüme çiş kakylan ýaly bolup ýatyşyňa käte usurgap ymyzganyp galýarsyňam welin, birdenkä ojagazyň ukudan oýanyp aglaýan sesi gulagyňda ýaňlanýar-da, ýarym oýa äm-sämlikde laňňa galyp sallançaga ylgaýarsyň... barýaň welin, olam boş... Garaz, nätjegimizi bilmän geçäýýärdik-dä...» diýerdi, ejem pahyr.
Onsoň kakam-a, şonuň ýaly bolanda, tapyr-tupur turup, öýden çykyp gidiberer ekeni.
Ejemem çagalaryny gorkuzmajak bolup, perýadyny bokaurdagyna tegek edip, sessizden-sessiz zir-zöwran.
Iň erbet ýerem, ikisiniňem beýleki bir gujak çülpesi bilen hiç seri ýokmuş.
Hamana, ojagaz gidende, özi bilen galan çagalara bolan mähir-muhabbetem, ata aladasy bilen ene hamraklygynam alyp giden ýaly, ikisem dünýäniň hemme zadyna buzdan beter sop-sowukmyşlar.
Şol wagt o çagalaryňam iň ulus-a 12-13 ýaşynda. Körpesem ýaňy bäşini dolduran etene.
Bu çagalaram, öň hemişe daşlarynda kökenek bolup jöwlan urýan eje-kakasyna näme bolýandygyna teý düşünip bilmän, hamana, şol bolup geçýän zatlara özleri günäkär deý, otdan pes, suwdan sus, ýüzlerini sallaşyp, gum-gukluga beslenen içerileri içre tensiz salgyma dönüp, müýnli gezişip ýörmüşler.
Soň-soňlar ejem görgüli şo günlerini ýatlanda, gaty gyýylardy.
«Men petigara, bularyň näme iýip-içýäni bilenem düzüwli gyzyklanmandyryn. Özüme zor salyp, kä gün özümi nahar-şorlaryny etmäge mejbur etsem, kä günler-ä şoňa-da höwesim bolmandyr. Şo-o-ol gatan gurbakga ýaly dulda syryljap, içimi tutup, hatda aglamaga gözýaşymam tükenip, doňňara-daş bolup ýatypdyryn. Onsoň ýöne, şu uly bajyňyz bilen agaňyz ikisi, itenek-çomanak bolşup, aşak ýanyndakylaryň naharyna-da seredipdirler, poh-püsürinem ýuwup-ardypdyrlar» diýerdi.
Elbetde, häzir düşünýän, beýle öte hasrat çekmegem Allanyň edeninden dilgir bolup, ondan daş düşmek. Ýöne, onda-da ikisem perzendine şeýle mähriban edilip ýaradylansoňlar nätsinler?!
Onsoň, bu ýagdaý gaty uzaga çekse, kim bilýä, näme boljak?
Ýöne, elbetde, şo alty sany garagöz çülpäň maňlaýyna, “şu, bir desse bigünä, diri ýetim galmasynlar” diýip Allatagala garaşyk edendir-dä.
Hudaý diýen ýerleri, şo çagasyny jaýlaly bäri birki hepdeläp ibaly uklap, beýnisine dynjam berip bilmeýän ejem pahyr, daňdan usurgapdyr weli, düýş görüpdir.
Özem, ejem görgüli: «o düýşüm düýşem däl-de, hakyýt çyn ýaly, özümem ukuda däl-de, oýa gezip ýören ýaly» diýerdi.
Ine onsoň, ejemiň şol düýşünde, daň şapagynyň ýaňybir düýbi çyzylyp ugranda, biziň şol köneje, tagaşyksyz, solakreň ýaşyl derwezämizden, bir, ap-ak uzyn donly, juw-ak selleli, jowur ak sakgally, ýüzüniň nury nazaryň düşen badyna gözüňi dokundyrýan bir ýaşuly girýärmişin.
Ejem: «ony görenimde, edil kakam pahyry (babamyň ýogalanyna şomat 5 ýylrak bolan ekeni), gören ýaly bolup, birhili ýaman kyn günümde hossar tapynan mysaly, dessine köşeşäýdim» diýerdi.
Özem, ejem pahyr, nämüçindir, o goja özüni tanatmasa-da, heniz kelam agyz geplemese-de, ony öz ýanyndan, ýüzüniň ugruna: «Azady!» diýip, Pyragy atamyzyň kakasy Garrymolla hasaplap, buýtar-suýtarsyz, çürt-kesik kesgitläpdir.
Ejemiň şol: “Azady” diýip hasaplan ýaşulusynyň elinde-de, bir tokarja oglanjyk barmyş. Özem kakam-ejemiň gideniň yzynda ölüp bilmän ýören Serdarjygyna, edil bir almany iki bölen ýaly meňzeýärmiş.
Ine onsoň, ýaňky peşeneli goja, ejeme ýakynlapdyr-da:
-Al, gyzym, köşeş, rahatlan! Ine saňa, öňküjäň öwezine Öwez ogly! Al, nesip etsin!-diýip, gujagyndakyjany ejeme bermänkä, ony depesine galdyrypdyr. Soňam üç gezek: «Tüf, tüf, tüf! Ejesiniň-kakasynyň derdine derman çaga bolasyň, ylaýym!» diýip, oglanjygyň ýüzüne çüfläpdir-de, ejeme uzadypdyr.
O çaga-da ýadyrgap, ýaşula gysmyljyramagyň deregine, gaýta ejem pahyra ganat-goljagazyny uzadyp, onuň gujagyna ýetjek bolup dert-azarmyş. Özem öz dilinde nämedir bir zatlar wüjürdäp, ejeme göwünlik berýän ýaly, gürläp bilmese-de gürlejek bolup, ala-başagaýmyş…
Şo taýda-da, näçe gün bäri aglabam bilmän, gök daş bolup ýatan ejem: «ýarym-ýaş bolup oýandym» diýýär.
Özem oýananda, şeýlebir süňňi ýeňilmiş, şeýlebir süňňi ýeňilmiş.
Onsoň özi turupdyr-da, ýuwnup-ardynyp gelipdir. Heniz doly daň atmadygam bolsa, keýpi kök, şähdi açyk, ýeke özi çagalary, kakamy oýarmajak bolup, daşky aşhanamyzda, çyranam ýakman gara daňdanyň ümüş-tamyş alagaraňkylygynda hamyr ýugrupdyr.
Soň hamyryny basyryp, gidip nijeme gün bäri gögele uly gyzy tarapyndan çalak-çulak sagylýan sygryny höre-köşeläp, mazaly iýmläp, gowy edip sagypdyr. Süýt atarypdyr.
Soň süýt bişýänçä hamyr ýaýyp çörek ýasapdyr. Süýdüni aýrybam, tamdyr otlamaga gidipdir.
Özem şol pille, edil, näçe wagtlap aç-suwsuz, gymyldysyz, lapykeç ýatman, «ýaňyjajyk oglan jigimiň şüweleňli gelnalyjysyndan gelen ýaly, ýaman süňňüm ýeňil-dä, şomat men» diýerdi, pahyr.
Garaz, kakam, çagalar oýananda, öňleri doly saçaga-ha mele-myssyk nan. Heýgenek diýjekmi, blinçik diýjekmi, mesgeli gyzdyrma diýjekmi, gowurdakly batyrma diýjekmi, çaýçorba diýjekmi... Öýde bolan zatdan kimiň göwni näme islese, taýýarjak edilip goýulgy diýýär.
Onsoň ejeleriniň bolşuna, näçe günläp görmedik aladalaryna çagalaram, kakamam gül-gül açylyp, ençe hepde bäri ýas läbiginde gark bolup oturan öýüň howasy täzelenene dönäýipdir. Çagalar dagy jagyl-jugul bolşup, öwran-öwran kakam ýa ejem onsundan-munsundan çekip durmasalar, asmana garşy uçubam gitjekler diýýär.
Onsoň ejem, ýüzi salyk kakamyňam keýpini götermek üçin düýşüni gürrüň berse, o pahyram Leningradda okan, owalam kommunist terbiýesini alan, Lenindir-Staliniňem janköýeri, duran-duran ýerinde “güpbe ynanaýdy” diýýä.
(Elbetde pahyr, göwni üznüksiz matam gazamadyndan çykmagyň alajyny tapyp bilmän, urnup ýörendir-de, gark bolup barýanyň sypala ýapyşyşy deý, ejemiň düýşüniň uzadýan ysgynsyzja: «çybygyndan» haraý isläp, şoňa-da ýapyşmaga howlugýandyr-da).
Garaz, şondan soň on aýa golaýlanda-da men doglupdyryn. Adyma-da şojagaz neressejigiň adyny dakypdyrlar.
Äý garaz, durmuşda. Her hili ýagdaýlar bolup geçýär. Adamy hasratyň garaňky girdabyndan halas etmek üçin jinnek ýalyjak zatjagazam sebäp bolýar duruberýär-dä.
Şol düýşi sebäplidir-dä, ejem pahyr, çagakam mekdepden gowy baha alyp gelsem ýa-da ýolda-yzda mugallymlar sataşyp, men ýanyndakam meni öwseler ýa-da soň-soňlar ownukly-irili bäsleşiklerde ýeňenimde-de, 1999-njy ýylda ilkinji hekaýajygym «Güneş» žurnalynda çap edilende-de, harby gullukda birnäçe gezek hormat haty alanymda-da, ýokary okuwa girenimde-de, her gezek iş ýerlerimde sylaglanlarynda-da... hemişe maňa: «Agzyna Azady tüýküren, balam!» diýip söýünerdi.
Heh.
Oglankam ejemiň bu söýünjine düýbünden düşünmezdim. Öler ýalam ýokuş görerdim.
«Diýme-dä-how, şonyň-ou, je-e! Näm-aý, indi men, her bir entäp ýören gelip, (estagpurulla!) agzyna tüýküribermeli çumo-maý, hä?!» diýip, ejemiň al-petinden alardym.
O bende-de: «Wah, köküň kesilmesin, ýaşy uzamyş! Agzyna agam gelse, gara-da gelse samrap goýberýän, sammyg-a sen!» diýip, käýinerdi.
Çyn ejeler, hakyky (ýaşlar: «arginal» diýýämi? :-)) ejeler, hut şeýle-de bolýan bolmaly. Şol birwagtda saňa hem-ä sögünýärler, hemem söýünýärler…
Jaýlary jennet bolsun, ejem pahyrymyňam, kakam pahyrymyňam! Görmedigi görde galandyr-la, ol görgülilerimiň ikisiniňem...
Belki, jenneti ruhy uçmahda, kakam pahyr bilen bileje, henizem maňa-da, beýlekilerimize-de söýünmeklerinem, käýinmeklerinem bes edýän däldirler-dä, ylaýym!
Indi, yzyma seredip, düşünýän – görlüp otursa, şol, menden öň dünýä inip ýogalanja neressejige nesip etmedik, şoňa sarp edilmän, ahmyrly bertigip galan, ejem-kakamyň mähir-muhabbetem, doganlarymyň ezizligem maňa nesip eden ekeni.
At dakylanlaryň bolsa, “bolan bolşy şeýle” diýýärler. Sebäbi olar, iki adamyň deregine ýaşaýarmyşlar.
Ilk-ä öz deregine.
Soňam, kimiň ady dakylan bolsa, şonuňam öwezine.
Alla gaýrat bersin-dä, garaz.
Sebäbi, meniň pikirimçe, şu meselede at dakylmagyň diňe eşreti däl-de, jogapkärçiligi, borjy-bergisem, şonuň ýaly iki essemikä diýip çaklaýan.
Anygynam Alla bilýär.
Belki Allam, ejem-kakamyň menden gören hözirleri, ýagty hem ýagşy duýgulary, guwançlary, begençleri, olaryň öňündäki şo ady dakylanja, gözüm görmedik agamyň perzentlik borjunam, meniň öz borjumam doly ýapsyn-da...
«Dile geldi, bile geldi», onam aýdaýyn: ejem pahyryň eliniň gaty süýjüdigini bütin oba ykrar edýärdi. Ejem pahyr garransoňam, dostumyň kakasy — mekdep mugallymy aram-aram: «Serdarjan, oglum, şü seniň ejeň bişirýän ýagly çöregi, meger diňe uçmahda bişýän bolmasa, başga aýak ýa elýeter ýerdä-hä onuň ýaly eşret tapylmasa gerek. Ýogsa bahasy näçeden diýseler-de, özem Daşhowzuň Tagtasynda diýselerem, paýu-pyýada gitmelem bolsa gidip, gowy edip garnymy ýazyp geljeg-aý!» diýip, ejemiň ýagly çöregini iýesi gelýänini ýaňzydardy.
Onsoň menem baryp, ejeme aýtsam, bende gülerdi-de: «ol kakaňam dosty, ýaşkalar ýörite bize ýagly çörek iýmäge gelerdiler, ýöne soň garradylar-da, utançlary oýandymy nämemi, zygyr-zygyr gatnap ýörmeklerini kesäýdiler» diýip oýun ederdi. Soňam gelinlere-de ynanman, öz eli bilen ýugrup, ýaýyp, bişirip, ýaňky dostumyň kakasyna gyzgynjak ýagly çörek ugradardy.
Her kimiňem-ä ejesi-kakasy, özi üçin deňsiz-taýsyz ajaýyplykdyr weli, meniň ejem bilen kakam-a hakykatdanam dünýe döräp gaýtalanmajak adamlardy...
Ejem bolsa, nä, şonuň ýaly düýşi hökman göräýmelidir-dä.
Sebäbi pahyr, ol wagt, ýaňyja çagasyny ýitiren, güýçli emosional sarsgyndaky ene. Üstesine-de näçe günüň aç-suwsuzlygy. Öňem şol çaga ýogalmanka, keselläp, hassahanadan hassahana gatnap gören hupbatlary. Umumy psihiki hem emosional argynlyk — garaz barysy baslygyp, iň soňunda güýçli ruhy basyşyň aşagyndan çykyp bilmän, mynjyrap barýan beýnisiniň, şol düýş bilen öz-özüne ýeňillik bermesi bolubam biler.

S.Ataýew. Ejem... / esseler ýygyndysy. A., 2026. Golýazma hukugynda.


8

3

0

0

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Durmuşum.


Gowy tema. ýöne şu emeli aňa ýazdyrylan ýaly welin bir hiýli gurok bolupdyr. Negatiw kawul etme. sen emeli aňa gowy tekst ýazdyrjak bolsaň onda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşum.
Fantom (Şugün, 04:32)

IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 7


Karlik name diymek...dowamy...

Gyrrygyz'ymyz


Ölümli jülgeden őlmänjik geç, öläýseňem aýt depip barlap görjek...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
zM (06.07.2026 / 19:33)

Ýagşylyk


Bu name repmi?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýagşylyk
Kimgerek_ (06.07.2026 / 17:53)

Gyrrygyz'ymyz


Pygamber yashy 63 daldimi...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Kimgerek_ (06.07.2026 / 17:45)

Kän garaşdyñmy?


Kän garaşdym kän.....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Kän garaşdyñmy?
Ayjahan (06.07.2026 / 00:41)

Gyrrygyz'ymyz


Agyyy zenk yu weri mach yone menin doglan gunum dal gyyy...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Garrygyz (05.07.2026 / 23:29)

Gyrrygyz'ymyz


Ýüregiňe görä ömrüň bolsun, uzak ýaşa!!...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
MaD_B (05.07.2026 / 22:36)

Degişmejik.


byrynjy gowy ekeni...dowamy...
Degişmeler älemi | Degişmejik.
SerdarG (05.07.2026 / 18:50)

Gyrrygyz'ymyz


Entägem Gyrgy gyz diymänsiñ:d)Gutlyaýan!Doglan günüñ bagtly bolsun!...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Candi (05.07.2026 / 16:59)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->