Ýürekdeş sözler!
Siz tarapda pagtanyň nyrhy näçe
Täzejemasterdollar [off]
Şugün, 15:31
Howa yssy bolansoň çagalar hezil edip suwa düşýärler. Jykyr-jykyr gülýärler. Ulyjalary düşýärler kiçileri bolsa kanal gyrasynda durup suwa düşýänlere aňkarylyp durlar. Uly ýaşly adamlar bolsa salkyn we garaňky tamda ýatyrlar.
Yssy howa ýazdyrandan soň işlemeli. Esasan ýerde işlemäniň döwüri häzir. Kartoşkany ýygyp bolundy diýsemde boljak. Indi pomidor bilen gawun nobatda. Ýygyp satmaly. Pomidordan bolsa banka beklemeli.
Edil şu wagt kelläme şu pikir gelýär. Ýerde ýene bir ekin bar. Bu pagta. Häzir pagta iýmit berip suwarmaly. Ýol ugryna seredýän pagtalara. Ýaňy suwarylan ýerlerde bar. Indi suwarmaly ýerler hem az däl.
Soňky döwür pagtadan alynýan girdeýji barada agyz dolduryp sözleýän ýok. Adamlaryň arasynda pagtadan söz açylsa uzak gitmän bu baradaky gürrüň kesilýär. Emma bir wagtlar pagta ýygyp maşyn alýanlarda bardy.
Häzir bolsa pagtanyň nyrhy barada söz ýok. Bu ýyl pagta üçin tölenilýän pulyň nyrhy her kilesi üçin bäş manat berilýändiginiň üçünji ýyly. Birinji ýylynda pagtanyň sary unyny hem bermeli etdi.
Ikinji ýylynda bolsa pagta üçin berilmeli sary un biziň etrapda berilmedi. Indi bilip bolanok. Sary uny bermek hökümet tarapyndan kesidimi ýada etrap we welaýat häkimleri özbaşdak karar çykaryp sary uny berenokmy?.
Onsoň ýene-de bir düşnüksiz söz bar şu ýerde. Pagtanyň her kilesi üçin tölenilmeli pul hökümet tarapyndan baş manat diýip bellenilen bolsa näme üçin bu töleg pulydan bir topar hyzmat pulyny tutyp alyp galyp iň soňunda pagtanyň her kilesi üçin daýhanyň eline tutdyrylýan pul zordan üç manat töweregi bolýar.
Sary un bolsa köplenç hili pes, heňläp ýatan, hem yzgar sary uny halkyň eline tutdyrdylar. Birinji ýylda. Bu uny almak üçin bolsa üç aý çemesi nobata durylyp iň soňunda tanyş üsti bilen alyndy. Bu nähili ullakan minnet pagta ekýän daýhanlar üçin.
Ine, onsoň kelläme indiki pikir gelýär. Pagta ýygan daýhan hem edil şuwa düşýän çagajyk ýaly hezil edip pagta ýyganda bolmadymy?. Pagta ýygýan daýhan pagta üçin töleg pulyny alyp jaýyny remont etse bolmadymy ýada özüne mtr, traktor, biznes ösdürmek üçin maýa goýym edinse bolmadymy?. Emma bu hili pul almak häzir pagtada ýok. Ondada meniň ýaşaýan etrabymda.
Men eşitmedim pagtadan pul alyp jykyrdap otyran daýhany.
Indäm köp daýhanlar sary uny berermikä ýada bermezmikä diýip öz ýanlarynda pal açyp ýörler. Baryp soramana edara hem ýok. Daýhany gören häkim we başlyk aňyrsyna ters bakyp gidýär. Ýok aslynda häkim daýhany edil kijijik çagany aldan ýaly edýär. Birden daýhan özüne degişli zady sorasa häkim hol uzakda otyran stolyndan, kondisioneriň ýanyndan edil kere gygyrýan ýaly şu hili sözleri sugşyrýar.
Tizara bereris. Nirä gyssanýaň. Häli alaňakmy?
Ýöne bu sözüň soňy ýok. Daýhan öz mellegine gaýdyp gelýär. Onuň wagty ýok. Häkimi ýada başlygy gözläp tapmana.
Başlyk bilen häkim bolsa öz maşynynyň töründe gizlenip otyrýar. Şeýdip güýz geçip gidýär. Gyş gelýär.
Suwa düşýän çagalar yssy possunda ýygrylyp jykyrdaşýarlar. Daýhan bolsa malyny çöl meýdana sürüp äkidýär. Gyşda malyny otykdyrmak üçin.
Häkim bolsa belli däl. Näme edýäni.
Daýhan telli=pelli pul alýar ýygan pagtasy üçin. Gysymyna gysyp öýüne getirýär. Emma bu pul köp zada ýetmeýär. Çen bilen mugallymyň bir aýlygyny bir ýylda alman pagta ýygyp ýörenlerde bar.
Bu adamlar hiç kimiň aladasynda däl. Esasy zat bu adamlar pagta üçin töleg pulyny ýokarlandyr diýmese bolany. Telewizor bolsa güwlap dur. Diktorlar agzyny doldyryp daýhanlarymyz meslikden derisine syganoklar diýýär. Bagşylar bolsa bir gysym pagta ýygmasada pagtany magtap aýdan aýdymynda öz ülüşini alyp otyr. Başgasyny bilmýen.
6 |
3 |
1 |
1 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Soňky teswirler
Oratdy şahyr / hekaýa
Gynandym-lay, son cun menem kopluk yerde gosgymy hodurlap duramok. Gowy hekaya. Sag bolun, Serdar aga!...dowamy...
Oratdy şahyr / hekaýa
Nazaryýet — bu haýsydyr bir zat barada hemme zat mälim bolsa-da, şonuň hiç zadynyň düýbünden işlemeýänligi. Amalyýet (tejribe) — bu haýsydyr bi...dowamy...
Hudaýsyzlar 8- nji bölümi.
Baydak yaly gelin elden gitdi Haysy manyda aydylan shu :"baydak"sozi...dowamy...
Durmuşum.
Eger ol seniň ýüregiňdäki şol paklygy görüp bilmeýän bolsa, onda ol seniň söýgimize mynasyp däl diýmekdir. Emeli añ dalmi sho? "Söygumize"...dowamy...
Durmuşum.
Gowy tema. ýöne şu emeli aňa ýazdyrylan ýaly welin bir hiýli gurok bolupdyr. Negatiw kawul etme. sen emeli aňa gowy tekst ýazdyrjak bolsaň onda...dowamy...