“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New chat ,,ertir chat" - Biz bärde🙂 (täzeden agza bolmaly, täze açdyk)
Ýürekdeş sözler!
Yekejelai : Dostlarymy azaltdym. Bir seretsem dushmanlarymam azalypdyr. #Yekejelai

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Bujakbegi: Tüniduman / fentezi romandan parça
 Täzeje
 dabir [off]
 Şugün, 12:03

...Öýleden agyberende olar eýýäm Bükür galasynyň ýerleşýän belent baýrynyň düýbünde durdular. Olaryň duran ýerinden serhet galasynyň diwarlarydyr diňleri görünmelidi. Emma baýryň çürbaşyny gabsan goýy garamtyl ümürden ýaňa hiç zat saýgartmaýardy.
-Täsin duman,-diýip üşändigi sebäpli eýerde ýygryljyraýan Guduz hüňürdedi:-Atlara-da birhili düşnüksiz ynjalyksyzlyk aralaşdy, begim... Ýokaryk galmajak bolup, götin tesýärler.
Ony jogapsyz galdyran Garaman beg, çar-töwerekdäki gaýynlaryň (berýozalaryň) belent başyna nazar oklady-da:
-Ýel demirgazykdan öwüsýär,-diýdi:-Ümür bolsa günortadan süýşýär. Ýeliň tersine.
Hasgurtlar tebil tapyp, özara garanjaklaşdylar. Çagalykda ejeleriniň, atalarynyň aýdyp beren gorkunç ertekilerindäki Tamugyň hakany, üznüksiz lowlap ýanýan Gara Ýerlik (Erlik) han hakdaky bilýänjeleri hyýallarynda peýda boldy.
Bada-badam Erligiň ýalňyz aýagy agaçdan, daşdan ýa çakyr süňkden, guraýak albassy-arwah kempir sypatly, aýjyn gyzlary Keýlikleriň gorkunç keşbi gözleriniň öňünde jana girdi. Dessine-de onuň sandalyna uran çekijiniň her zarbasyndan dörän ogullary, garaňkylykdyr gorkynyň betgelşik, elhenç ruhlary, gözsüz, tekizýüz Görmezler hakdaky hakydalaryna ýelmeşip galan ygym-sagym übtükler, öz-özünden göwünlerinde galkyp göterildi.
Emma, ilk-ä agöýli galalarynda zabun atabegler, soňam bujak ýygnynda onbaşylardyr alp-bahadyrlar tarapyndan, etden ötürip süýege ornaşdyrylan, hasgurt bolup demiň gelip-gidýärkä, herne halda-da tabynlygy, düzgün-nyzamy saklamak endigi, olary elden-aýakdan çykaryp barýan howsalanyň holtumyna gaçyrman, häzir-ä saklaýardy.
-Goş alaşalaryny bärde galdyrmaly!
Garaman beg, kän oýurganyp, ikirjiňlenip durman, emr etmäge başlady:
-Birinji ellilik, söweş nyzamynda. Ikinji nakyplyk ätiýaçlykda. Galan iki onluk goşuň goragy bilen çandawul . Gönderler öňe! Galkanlary göteriň! Tirendazlar tir-kemanlary häzirläň! Beýik Hakanyň ady bilen! Ebedi Gök Taňryň penakär adyndan ant içýän! Eger-de kimde-kim söweş sapynda hallyň-sallyňlyga ýol berip, gözüme düşäýse, enesiniň eteginden gaçan gününe puşman etdirerin! Guduz! Sag bykynymdan bir ädimem terse tesäýme!
Garaman begiň yzly-yzyna suňşurýan buýruklary, hemle urmasy, ençeme ýyllar bäri Oguz Töresiniň harby nyzamynyň gujagynda ýaşap ýören kişiler üçin gündelik adatylykdy. Şolam üstlerine abanýan nämälim howpdan erksiz elheder almaga başlan ynsanlar üçin iň rahatlandyryjy melhemdi. Hasgurtlaryň ýüregindäki her bir yrgyldyny diýen ýaly aýdyň syzýan goja bujakbegi, hut aýny pursatynda bilgeşleýin pertden-pert, ynamly, sowukganly buýruk bermäge başlapdy. Ol öz golastyndaky urşujylaryň gursagyna aralaşan wehimi öwrendikli adatylygyň kapasasyna dykmaga itergi berýärdi.
Azsalymdan atlylar söweş nyzamyna düzüldiler. Ýüzlerçe hupbatly türgenleşikleriň netijesi – üzeňňini üzeňňä ýabşyryp diýen ýaly, bedewlerini başma-baş deňeçerlikde haýaljakdan gorgunladyp, öňe ýöneldiler. Olar iniňi tikeneklediji eýmenç dym-dyrslyga beslenen serhet galasyna ýakynladyklarysaýam dünýäni gabsan ümsümlik hasam goýalýar. Guşlaryň-a guşlaryň sesi gürüm-jürüm welin, hatda şemalyň agaçlaryň pürüdir-şahalaryny daraklaýan ygşyldysam eşidilmeýär. Diňe toýnaklar astynda çagylly, toýunsöw toprak ses edýär. Onsoňam hasgurtlaryň tuwulgasyndan aşak basyp, ýüzlerine örten ýalpyldawuk polat nikaplarynyň göz yşyndan jeňatlarynyň başydyr öňe gezelen naýzalaryň ümür çygy siňen bozaç sakgally (çal seçekli) başaklary (uçlary) görünýär.
Galanyň alkymyna ýetenlerinde olaryň derwezä gözi düşdi. Derwezäniň bir taýy petlesinden gopuk. Ýöne onuň berbat bolup ýatyşy goçbaşy bilen süsňäp-süsňäp döwlene çalym etmeýär. Ony edil haýsydyr bir dergazaba münen ertekewi mähnet ýa döw, gara güýjüne baýrynyp petle-setlesi bilen goparyp taşlana meňzeýär.
Garaman beg ýanaşyk gelýän hasgurt sapyna togtamagy yşarat etdi. Öňe saýlandy-da, polat nikabyny tuwulgasynyň depesine galdyrdy. Burnuny ýelkenlendirip, howany uzyn-uzyn ysgady.
-Sen! Yzym bilen,-diýip ol, Guduza üm atdy:-Iki onluk yzyňa eýersin. Galan üçüsi, gözüňiz dört tarapyňyzda! “Häh” diýenimde “mäh”, çozmaga-da, gaçmaga-da hatyrjem duruň! Eger-de tokaýçadan bigäne biriniň garasy görnäýse, ýaýçylar ony bäriligine gözüni çerreltmäge ýetişmänkä, kirpiň maslygyna döndersin!
Şemal gaýyňlaryň başyny oýnaýar. Emma daş-töweregi gurşaýan gos-goýy, çalymtyk aklyk mizäýinem diýmeýär.
Atyny debisgiläge-de ýene bäş-on ädim ätdirip, derwezeden girip gidibermäge garry hasgurduň teý aýagy çekmeýär. Bu pursat nazary birwagtda dünýäniň Öwresinem, Çöwresinem görýär. Onuň öňünde-de Astky dünýäden Ortaga aralaşan tüni dumanyň parçalary latga-latga bolup köne serhet galasynyň agaç diwarlarydyr diňleriniň gözaralaryndan sallanyşyp dur. Olar, göýä janyndan jyda düşürilip, emer-damaryndan gany-ýülügi, suwy sorulyp, guradyp-kakadylyp, gara matadan boş lybasa dönderilen ynsan tenlerine çalymdaş. Jinnekçe-de gymyldy-hereketsiz asyl-asyl bolup duruşlary iniňi tikenekledýär. Gözüniň owasyndaky hemişe kütekleç, endikli agyram bu mahal, azyndan ýüz esse dagy güýçli. Bäbenekleridir göreçlerini içinden eredip gelýär. Emma goja bujakbeginiň bütin ömri, islemeýän zadyny edip, ädesi gelmeýän ädimini ätmäge eýlenen.
Oguz Töresini, Müňgi (Müňýyllyk, Baky) Iliň çäklerinem, halkynam wagşylykdan, açgöz, basybalyjy garakçylykdan goramagyň hatyrasyna...
Her towuşdan elheder alyp, balagyna buşugyp oturan, towşantüý ýelýürek däl-de, är bolup, kişi bolup, hasgurt bolup ýaşamagyň hem ölmegiň hatyrasyna...
...Garaman beg kellesini nägile silkdi. Öz-özünden dörän bu ýerliksiz oýlary aňyndan kowdy. Soňam kükregini dolduryp uludan dem aldy. Dişinden syzdyryp:
-Girdik! Gözüňizi giň açyň!-diýdi.
Girdiler. Garaman beg gyzyl-ýaýyrt bolup ýatan, parçalanan jesetleri görerin öýdýärdi. Çünki ol at üstünde geçirilen başagaý ömrüniň dowamynda gör näçe sapar şeýle jeň meýdanlarynyň gözli şaýady boldy. Beýik hökümdar doganlar, Bozgurt aýmagynyň ilhanlary hem serdarlary Bumyn han bilen Hasdemir han (Istemi han) ikisi egin-egne berip, Beňgu Iliň binýadyny tutýarkalaram ol goly gönderli, bili gylyçdyr sagdakly, eýer üstünde, kuýaşreňk böribaşly gök tuguň astyndady.
Soň çar ýandan Oguz halkyny öz golastyna alyp, Oguz Töresiniň ornuna öz kada-kanunyny, däp-dessuryny, edim-gylymyny ornaşdyrmaga gaýta-gaýta dalaş edýän çet ýurtly hökümdarlara, ýurt üstünde, Oguz Töresiniň hatyrasyna serden geçilip garşylyk görkezilýän haýhatly eýýamda-da onuň tutuş ýaşlygy, ýetişen erkek kişiligi – “göreşiň hem geňeşiň äri” ýaşy, söweşdir-garpyşyklarda ötdi.
Gaýduwsyz göktürkmen hasgurtlarynyň gazabyna sarsyp, oguzlaryň atamekany – gadymy Oguz ýurdy – Aba ýeri (Abar, Ataýeri) Turandanam kän alysda, Tabgaç-kytaň hökümdarlary, Çyn ýurdunyň Altun hany, Majar halkyýetleri, Ewrenogullary, Guryganlar, Tuňguzlar, Jürjanlaryň wagşy taýpalary, Sasany şalary, “Dolanmadyklar” (Arnautlar, Albanlar), Rum kaýsarlygy mugyra gelende-de, ol Kaganlygyň leşger saplaryndady.
Beýik Bumyn handan soň, ol onuň nowbahar ogly, Beňgu Iliň ikinji hökümdary Gara Yssyk hanyň serkerdeligindäki ýörişlere gatnaşdy. Soň Bumyn hakanyň ikinji ogly Mugan han, galyň oguz şadlary, teginleri, ilhanlary, tudunlary, begleridir tutuglary (serdarlary) tarapyndan, Il Gurluştoýunda (Döwlet Gurultaýynda), hormatyň apaly keçesinde, Asman sary üç mertebe göterilip, hakan – hanlaryň hany diýlip yglan edildi. Ol atasyndan, agasyndan miras galan hökümdarlyk tagtyna eýe çykdy. Şonda-da Garaman beg hasgurtlar nyzamynyň depesinde parlaýan jeň tugunyň degresini terk edip, öňki bitiren hyzmatlarynyň saýasynda, öý-ojagynda, hatynynyň dyzyny ýassanyp, aýaklaryny uzyn salyp ýatmady. Ine indem ol üç ýyl bäri, Bumyn hakanyň üçünji zürýady Tadbar hakan Arslan hanyň hökümdarlygynda, ýene Oguz Töresiniň goragynda bujak begligini berjaý edýär. Tas dört dokuz ýyldanam gowrak, tutuş eýýamy özünde jemleýän şol wagtyň içinde-de onuň gören jeň meýdanlarynyň hetdi-hasaby ýok. Emma bu serhet galasynyň içi welin, şol söweş meýdanlarynyň hiç birine-de meňzemeýär.
Galanyň derwezesinden tapawutlykda onuň içinde hiç hili ýykan-ýumrançylyk, uruş-çaknyşyk yzlary görünmeýär. Günorta ganatyna degşir ugurdaşlykda, gupbalap, güberilip oturan galagär bujakçylaryň alty, sekizganat öýlerinde-de. Demirgazyk ganatynyň astyndaky teblehanalarda-da. Galanyň merkezi meýdançasam edil bular gelmeziniň öň ýany syrylyp-süpürilen mysaly, ýalpyldap dur. Tämiz meýdançanyň ortarasynda bolsa, bujakçylaryň özleriniň, atlarynyň aýak astynda depgilene-depgilene zynç edilen toprakda hasgurtlaryň jesetleri ýatyr. Öz nakypbaşylary Süňi Narynjyň kellesiz göwresiniň baştutanlygyndaky tutuş galagäh ellilik. Süňi Narynç hatda ölümindenem soňam bitginli, daýaw göwresi bilen beýlekilerden saýlanyp dur.
Özem olaryň jesetleri başly-barat ýatmaýardy. Jansyz göwrelerden gaty uly yhlas bilen, hatda göz çenine-de ynanman eli mygmar (binagär) ýüplükli – rejeli ölçäp diýen ýaly, juda çylşyrymly halkaç sarmal (spiral) ýasalypdyr. Bir jesediň kellesi beýlekisiniň aýagyna galtaşýar. Indikisiniňem aýagy soňkynyň kellesine. Ählisem çuw-ýalaňaç edilip, eşikleri sypyrylypdyr.
Olaryň ýarag-esbaplary bolsa tertipleşdirilip, biri-birine ýabşyrylyp goýlupdyr. Naýzalar, gylyçlar, çokmarlar, serdesseler, ok-ýaýly sagdaklar, ujy gurşundan guýlan gurtbaş lokgaly söweş dürreleri, zyňylýan harpyk paltaçalarydyr balyksypat gamajyklar, hanjarlar, pyçaklar, gaýdyrylýan paşşyk pişmepisint golalar, galkanlar, kireýke sowutlar, çaraýnaly demirdonlar, goşganatly ýa ganatsyz, demir nikaply polat tuwulgalar, polatdan aýaklyk, bileklik esbaplary, ellikler, torgaýgöz demir şelpeden penalyk geýdirilen söweş ädikleri... Edil agöýlüleriň uly tälim ýörişiniň bir gün öňünçäsi, ýarag-şaýlaryny öz atabeg-serkerdeleriniň synag-barlagyndan geçirmäge taýýarlaýyşlaryna meňzeýär. Meýdançanyň gyrasynda gylyç gylja, pyçak pyçaga, gönder-göndere... degşir dur. Ýarag-esbaplaryň beýle serenjam goýluşy, nazaryň kaklyşan badyna Kaganlygyň şäherlerindäki uly uruşlarda agyr ýygynlary gyssagly ýaraglandyrar ýaly ätiýaçlyk üçin taýýarlanan ýaraghana ammarlaryny ýadyňa salýar.
-Ýa Taňrym...
Garaman bege ýanaşyk diýen ýaly gelýän ýaş hasgurt, gözüniň görýänine elheder almakdan ýaňa hopugyp, nädip pyşyrdanynam, atynyň başyny biygtyýar çekeninem duýman galdy. Eýesiniň süňňüne aralaşan tolgunma tebil tapan janawer, jylawynyň oslagsyzdan tagaşyksyz dartylmasyna başyny talawladyp, duran ýerinde aýaklaryny tapyrdatdy-da, nägile horgurdy.
Bujakbegi muňa ähmiýet bermedi.
-Hatardan dargaň! Galaň içine ýaýraň!-diýip ol, demsalyma-da çekmedik äm-sämligini erkiniň demir ýumrugyna gysdy-da, endikli ynamlylyk bilen buýruk berip ugrady:-Onbaşylar, öýleri, at ahyryny, bassyrmalary, iým, azyk, esbap ammaryny, ýerdöleleri, diňleri, diwarlary barlap çykyň! Derrew netijesini maňa ýetiriň! Guduz! Yzymdan galma!
Jesetlere ýakynlan Garaman beg dykgat bilen olardaky tyg yzlaryny gözden geçirdi. Her bir merhumyň damagy çalnypdyr. Özem, Kaganyň Böri Budun müňlüginiň düzümindäki duşman garawullaryny ses-selemsiz ýok etmegiň ussatlary, Akynjygurt, Razgurt, Gözgurt ýüzlükleriniň hasgurtlarynyňky ýaly, bu pişä iňňän çulum ezberlik bilen, akgynlydan çalasyn ýekeje hereketde, gulakdan gulaga çenli takyk dilnip taşlanypdyr. Ýöne näme üçindir jesetleriň ýatan tämiz topragynda birje damjada gan yzy ýok. Diri adamyň damagy çalnanda onuň al ganynyň nädip zogdurylyp, çar ýana çüwdürip gidýändigine bolsa Garaman beg belet. Üstesine-de jesetleriň astyndaky topragam näme üçindir kömür kimin hüýt-gara.
-Bularyň gany ni...nirä sss...sumat bbb...bolupdyr?
Biygtyýar sakawlap ugran Guduz, gus-gury dodagyny ýalady. Sesini endiredibem boguk pyşyrdady. Elbetde Guduz, düýn dünýä inen bäbek däl. Ýaňy on bir ýaşy dolanda, urugyň oglanjyklarynyň arasyndan saýlap-seçilip agöýli gala, tutuş üç ýyla çekjek agöýlülik tälimini bermäge alnyp gaýdylan bozogjygam däl. Bu mahal şondaky ýaly ejesem onuň özünden aýra salnyp äkidilip barylýanyna gözüni çygjardyp, delmirip yzyndan garap duranok. Ol hasgurt.
Jeň näme, serden geçilýän ganda-pyçak gyrha-gyrlyşyk näme?
Ol bilmän duranok. Zanny-ýasawy boýunça-da ol öz kölegesinden tisginip-ürküp ýören towşanýüregem däl. Eger-de ýelýürek bolan bolsady, onda ol agöýlüligiň birinji çärýeginde synçy atabegler tarapyndan goşy arkasyna çemçesi biline daňlardy. Soňam yzyna, dogduk köýüne (obasyna) – özüne sabyrsyz garaşýan enesiniň gujagyna gaýtarylardy.
Elbet, bu-da Oguz Ilinde bolmaýan zat däl. Oguz Ili diňe ýurduny, halkyny, Oguz Töresini goly ýaragly gorap, günde-günaşa şirin janyny orta goýýan hasgurtlary bilen kuwwatly däl.
Oguz Töresi üçin hemme kişi deň.
Oguz Töresi çöl-sähralarda mal yzynda gezýän çarwa çopanam, meýdanda ýer sürýän oturak (oturymly) çomry daýhanam, ussahanasynda alyn derini döküp senede meşgullanýan ussanam, il-günüň toýuny sowýan bagşy-ozanam, ýurdy edara etmäge meşgul ildar-buýruklaram (emeldarlaram)... deň goraýar.
Olaryň her haýsyndanam derejesine, durmuşyna laýyklykda, Oguz Ilin-ä abadan, Oguz Töresinem berkarar etmek üçin takyk ölçelen goşandyny goşmagy talap edýär.
Çopan-daýhanmyň?
Oguz Töresini syla, berjaý et, salgyt töle.
Hasgurtmyň?
Ýaragyň goluňda, Oguz Töresiniň, Oguz halkynyň asudalygynyň, abadançylygynyň serhetlerinde sak dur.
Ildar-buýrukmyň?
Oguz Töresiniň ile-güne, döwlete has peýdaly amal edilmegini gurna, ýöret, amala aşyr.
Gam atasymyň?
Oguz Töresini ile ýaý, halka düşündir, wagyz et, golça gopuzyňdyr hümmet hasaňy goluňdan düşürmän, boýdan boýa, ilden ile, ýoldan ýola aýlan, iliň-günüň derdini derman sözüň bilen ýeňlet, öňküleriň yzyndan gelýän soňkulara dessanlardyr namalar gaýryp, Oguz Töresiniň nämedigini, asyl manysyny öwret, onuň mukaddesligini göwünlerine guý, Oguz Iliniň gamynda, şatlygynda, asuda gününde onuň ýoldaşy, syrdaşy, gardaşy, dertdeşi bol, Oguz Töresiniň düýp-gözbaş taryhyny marysyndan (halypasyndan, mugallymyndan, ussadyndan) miras alyp, şägirdine-de miras goýjak diri kitaplyk borjuňy çirksiz berjaý kyl...
Bolany.
Oguz Töresi üçin bihuda adam ýok. Şolaryň hemmesi bilenem Oguz Ili kuwwatly, berkarar. Şolaryň ählisiniň güýç-gaýraty, tertip-düzgüne, ynsançylyga, ähli ýagşy, ýagty binaýatlara (binýatlara, esaslara) ymtylyşy bilenem Oguz Töresi öz höküminiň ýöreýän çäklerinde, dymşyk (damask) poladyndan pugta, mähnet galkandyr-gylyja dönüp, abadançylygyň goragynda ähli ýaramaz apatlara garşy mizemän durmagyň hötdesinden gelýär.
Bu zatlaryň barysyna Guduz aňryýany bilen düşüş. Bularyň hemmesini agöýli oglanlykdan atabegleridir gam atalary olaryň aňyna gaty pugta guýdular. Onuň, şol agöýlülik mekdebiniň, ha han, ha beg, ha tutuk (serdar), ha sogt (söwdagär), tygratçy (seýis), tebip ýa darygçy (daýhan)... kimiň çagasy bolsaň bolaý, zerreçe-de eglişiksiz, barypýatan rehimsizlige ýakyn zabun türgenleşikleridir synaglaryndan üstünlikli geçip, şu güne çenli atyň üstünden düşmän ýörmegem, onuň züwwetdin däldigini aňladýar. Ýöne nikabyň yşyndan, üstüňe okdurylyp gelýän ýagynyň saplaryna joşgunly garap, hasgurdyň durkuny doldurýan söweş heýjany bilen naýza gezäp öňe topulmak bir başga. Ine şunuň ýaly, gümürtik ajal bilen wepat eden ýaragdaşlaryň katra-da gan-petsiz, damagy çalnan meýdini ömrüňde ilkinji sapar synlap durmagam bir başga.
-Topraga,-diýip hümürdän Garaman beg, jesetleriň üstünden göwnübir ätleşdirip, eýmenç sarmalyň merkezine bardy. Jesetlerden ýasalan çyzyklaryň sepleşýän şol ýerinde gödeňsi lokga daş durdy. Bu daşyň bir ýerden getirilendigi, onuň adaty günde serhet galasynyň merkezi meýdançasynyň orruk-ortarasynda durmajakdygy köre hasady. Iň garaňky gijäniňem gözedürtme tümlügi gatap, doňup galana çalym edýän bu daşyň beýikligi dyzboýydy. Daşyň üstünde Süňi Narynjyň saç-sakgalyna çal sepen kellesi goýlupdyr. Gyzgyn myh sokulyp düýp-teýkaryna çenli köýdürilene meňzeýän garaklarynyň owasam boram-boş. Garalyp, hoňkaryp dur. Agzynyň içine bolsa mäjerlenen arsagüldür gum dykylypdyr.
Garaman beg demir çaňňalar berçinlenen, gön daşlykly, mäkäm mata assarly (içlikli) söweş elligini sag penjesinden sypyrdy. Ol daşdyr kesilen kellä tarap aýasyny uzadaryna mähetdelem, hälden bäri onuň ýanyndan aýrylman, her bir hereketini sypdyrman yzarlaýan Kömür, hyňranmasyz beýlekisiz, ses-sedasyz özüni oňa tarap zyňdy. Goja begiň omzuna döşi bilen urup, ony senem (but, wasan) edinilen gara daşdan yza tesmäge mejbur etdi. Itiň böküşi bilen deň diýen ýalam Guduzyň howsalaly sesi eşidildi:
-Elleme, beg aga!
Emma Garaman beg olaryň ikisiniňem bolşuna pitiwa etmedi. Gara daşdan ganguýma gözlerini aýyrman bogazynda gaýnadyp üznüksiz hyňranýan Kömüri azajygam bolsa rahatlandyrmak üçin ony emaý bilen sypady. Soňam senemi (buty, wasany) elledi. Dessine-de gözüniň öňünden aýady dünýä gaýyp boldy-da, nämedir bir zat hut garaçygynda ýalpyldap, gözüni gapdy...
...Haýkylyk. Ýüzlerçe bokurdakdan çykýan jynssyz uwwuldy. Ynsan hamy dartylan tebilleriň (depleriň) endigan ýaňy. Ol zulmat tümlügine barabar gijäni gördi. Dünýäniň Çöwresindäki Ebedi Tümlük Dumanyna beslenen gijäni. Şol ümürdenem kölegeler syzylyp çykýar. Kölegelerden çar ýana eliňi-aýagyňy örksüz baglap taşlaýan, aýylganç gorkynyň tolkuny ýaýraýar. Garaman beg edil özi şol eýmenç gije olaryň arasynda duran ýaly aýdyň görýär: Süňi Narynjyň hasgurtlary salgymlaryň çykarýan wehim tolkuny zerarly, ýarag göterip garşylyk görkezmekden ýa gaçmakdan ellibizar, edil jadylanana dönüp, ilk-ä ýaraglaryny bir gyrada, yrsaramagy, iňirdemegi juda eý görýän, talapkär leşger ammardaryna tabşyrýan dek tertiplije goýýarlar. Gylyç gylja, pyçak pyçaga, gönder-göndere...
Soňam misli bazar mähellesiniň öňünde el-aýagy, kellesi ýüpli gawurşaklary (gurjaklary) oýnadyp, tomaşa görkezýän, meşhur aýazylylar (gurjak oýnadýançylar) Garagözdür Aýazyň gödekden bihaýa wäşi sahnasyndaky, hiç zada erksiz bazar burhanlary deý, tagaşyksyz hereketler bilen egin-başlaryny sypba-sypyrýarlar. Eneden dogma bolanlaryndan soňam ençeme jeňlerde hiç bir ýagynyň öňünde ýan bermedik ýaşu-gartaşan bujak hasgurtlary, edil neşeli melhemden gerk-gäp edilip, serinden jyda düşürilenden soňra butuň öňünde özleri serrelip ýatan gurbanlyk gullara dönýärler. Olaryň her haýsy hiç kim aýtmasyz-beýlekisiz, özlerinden bilip, anyk orna geçýärler-de, goragsyz damaklaryny çalmak aňsat bolar ýaly edip ýatýarlar. Her hasgurt kellesini ýere degren dessine-de: “Ýat! Oýanyş ýakyn...” diýen ajal hazany çaýylan, biperwaý owaz eşidilýär. Soňam kölegeleriň biri gözeilmez çaltlykda zymdyrylyp baryp, ýatanyň üstüne egilýär. Niresindendir bir ýerinden ýanardagdan çogup çykyp gatan gara-gyzyl çakmakdan taraşlanyp ýasalan tygly pyçagy bilen gymyldaman ýatan hasgurdyň damagyny çalýar. Ýerde ýatýan her hasgurdyň göwresi bilenem serhet galasynyň merkezi meýdançasynda mojuk halkaça sarmalyň iniňi tikenekledýän şekili barha bitişip, emele gelip barýar...
Garry hasgurt gerşi agyr ýükli uzak aralygy ylgap geçen dek, şagga derläp, demi-demine ýetmän sojap, daşsenemden elini çekdi. Burnunda gan göründi. Kösençlik. Emma ol bärde bolup geçen elhenç wakanyň özenini görmegi başardy. Bu galada adamlar gara jadynyň üsti bilen akyl-huşundan jyda düşürilip, pida berlipdir. Özem galany barlamak üçin geljek leşgeri ýa-da Beňgu Iliň hökmürowanlaryny eýmendirmek üçin goparylan hokga däl, bu. Bu sarmal – açar. Ýa-da ýiti “keser”. Dirileriň dünýäsini gaýry barlyklardan gorap saklaýan, tükeniksiz Gudratly Gök Taňrynyň emri bilen bina bolan, synmaz Örtügiň pynhan işigini açýan açar ýa-da Baky Perdäniň süňňüni serpip, dilik dilýän keser. Hasgurtlaryň dirilik deramatyny şu gara daşyň üsti bilen “içen” nämälim tünporhany ýa gara gam atalar, bu dünýä nämedir bir zat ýa-da kimdir biri “girip” biler ýaly etmek üçin, şol “jan güýjüni” açara ýa kesere öwürmegiň hötdesinden gelipdir.
Ýöne olar Dirileriň dünýäsine kimiň gelmegine ýol açmak isleýärler?
Goja bujakbegi aňyna näçe agram salsa-da hiç düşünip bilmeýärdi.
Birdenem onuň köp zatlara-ha gören, görmedik zatlaryna-da oýlanyp-oýlanyp akyl ýetiren garry beýnisinde täze çaklama ýyldyrym çakan dek ýalpyldap gitdi. Bu çaklamadan ýaňa-da garry hasgurdyň kebze tüýleri, edil özüne gurlan duzaga düşeninden soň daşynyň gabalandygyny aňşyran garry möjegiňki dek syh-syh bolup dikeldi.
-Bujakçy-y-y!-diýip Garaman beg sesinde baryny edip gygyranda, bu haýkylyga garaşmadyk Guduzyň endamy jümşüldäp gitdi. Onuň göwnüne bolmasa garry serdaryň towuşynyň zarbyna galanyň diwarlarydyr öýleriň uk-tärimdir gamyş-keçeden süňňem elesläp, galkyjaklap giden ýaly bolup göründi.
-Hatara-a-a dü-ü-zül!-diýip, ýantutarynyň ziňkildänini aňşyrjagam bolmaýan garry beg bolsa zowlatmagyny dowam edýärdi:-Töwerekleýin gora-a-g! Atlar aljyrap baş bermese, pyýada-a-a! Gönderler ö-ö-ňe! Galkany gö-ö-terrr! Tirendazlar diwardyr diňlere-e-e! Janyňyzdan irmedik bolsaňyz, haýdaň, möjegiň dölleri-i-i!
Nämäň nämedigine akyl ýetirip bilmän, gözlerini petredip oňa seredýän Guduz dillendi:
-Näme bolýar, beg aga?!
-Duzak,-diýip, hasgurtlaryň haýdan-haý ýerli-ýerine geçişlerini sabyrsyz dykgatlylyk bilen synlaýan Garaman beg, özüniň mön oglanjyk deýin şeýle aňsatlyk bilen hilä salnyp, barmak ujunda pyrlanyp goýberilen ýumalaga dönderilendigine janyýangyn, dişini gyjady-da, senem (but, wasan) edinilen gara daşa baş atdy:-Bu örkçyragy! Byzgak (ildirgiç)! Garaoglan Görmezleriň haýsam bolsa biriniň öz arwahy ýygnyny Tamugdan bu dünýä geçirmek üçin pis ýalwy (hapa jady) bilen bäriligine dartýan urganýolunyň (ýüpýolunyň) ujundaky gaňyrçak bu! Şol gaňyrçagynam ol – Yns ýagysy Jyns han – hut şu ýerden – Bükür galasynyň bagryndan (merkezinden) ildiripdir. Indem şol urganýolundan sakyrtga deý ýapyşyp, bäriligine – Dirileriň dünýäsine ýol çekmäge dyrjaşýar.
-Ýa Gudratly Penakär Taňrym!-diýip hümürdän Guduz ýene hiç zada düşünmän düýrükdi:-Begim, nähili duzak? Kim bu duzagy gurdy? Ewrenogullarymy? Men-ä munuň ýaly zady mundan öň görmändimem, eşitmändimem.
-Bu Ýaka taýpalary däl,-diýdi-de, jeset sarmalynyň arasyndan saýlanyp atyna atlanan Garaman beg jogap berdi:-Olar serhet galasynyň ahmalyny arap, gapyl basan bolsadylar, bujakçylaryň barça ýarag-esbabyny, atlaryny, galanyň ähli goş-golamyny oljalardylar. Wepat bolanlaryňam başlaryny kesip, öz serdarlarydyr gam atalarynyň öňünde öwünmek üçin, edermenlikleriniň nyşany hökmünde torba gapgaryp äkiderdiler. Serhetde nämedir bir zat öwrenip, soňra şol öwrenenjäňe daýanybam biderek ölümden aman galjak bolsaň, hemişe gözüň-ä giňräk açyp, kelläňi-de işledip ýaşa, basut!
Onýança-da ýagyrnysynyň tüýlerini dim-dik edip söweşe taýýar halda çus duran Kömür, galagärleriň öýlerine tarap öwrüldi-de, üýrmäge başlady.
-Begim!-diýip şol tarapdan hasgurtlaryň biriniň sesi geldi:-Bärde diri galan bar!

© S.Ataýew. Bujakbegi: Tüniduman. Roman. A.,2026. Golýazma hukugynda.


8

3

0

0

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Oratdy şahyr / hekaýa


Gynandym-lay, son cun menem kopluk yerde gosgymy hodurlap duramok. Gowy hekaya. Sag bolun, Serdar aga!...dowamy...
Erkin mowzuklar | Oratdy şahyr / hekaýa
Belki (11.07.2026 / 12:26)

Oratdy şahyr / hekaýa


Nazaryýet — bu haýsydyr bir zat barada hemme zat mälim bolsa-da, şonuň hiç zadynyň düýbünden işlemeýänligi. Amalyýet (tejribe) — bu haýsydyr bi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Oratdy şahyr / hekaýa
dabir (11.07.2026 / 09:32)

Hudaýsyzlar 8- nji bölümi.


Baydak yaly gelin elden gitdi Haysy manyda aydylan shu :"baydak"sozi...dowamy...

Durmuşum.


Eger ol seniň ýüregiňdäki şol paklygy görüp bilmeýän bolsa, onda ol seniň söýgimize mynasyp däl diýmekdir. Emeli añ dalmi sho? "Söygumize"...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşum.
rexha (10.07.2026 / 11:09)

Durmuşum.


Gowy tema. ýöne şu emeli aňa ýazdyrylan ýaly welin bir hiýli gurok bolupdyr. Negatiw kawul etme. sen emeli aňa gowy tekst ýazdyrjak bolsaň onda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşum.
Fantom (10.07.2026 / 04:32)

IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 7


Karlik name diymek...dowamy...

Gyrrygyz'ymyz


Ölümli jülgeden őlmänjik geç, öläýseňem aýt depip barlap görjek...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
zM (06.07.2026 / 19:33)

Ýagşylyk


Bu name repmi?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýagşylyk
Kimgerek_ (06.07.2026 / 17:53)

Gyrrygyz'ymyz


Pygamber yashy 63 daldimi...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Kimgerek_ (06.07.2026 / 17:45)

Kän garaşdyñmy?


Kän garaşdym kän.....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Kän garaşdyñmy?
Ayjahan (06.07.2026 / 00:41)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->