“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New chat ,,ertir chat" - Biz bärde🙂 (täzeden agza bolmaly, täze açdyk)
Ýürekdeş sözler!
YekeMen : _Ozumcxe bary yiogy sylamo_

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Nirede işli we bagtly ýaşamaly
 Täzeje
 Sahet [off]
 Düýn, 09:48

Halkara arenasynda bolup geçýän ähli negatiw faktorlar biziň ýurdymyza hem gönüden-göni ýaramaz täsir edýär. Ýurdymyza täsir edýän bolsa diýmek halkymyzyň hal-ýagdaýyny peseldýär. Bu halkyň düzüminde men hem ýaşaýan. Şonuň üçin men oýlanyp başladym. Özüme näme etmeli diýen soragy berýärin. Ýer ýüzünde bolup geçýän ahli wakalary şol sanda gowy wakalary hem yzarlýaýan. Emma ýürekde ullakan teselli ýok.
Maýda-çüýde gowy maksatlar bilen ömrüňi uzaldyp bolmaýar ýada käbir uly bolmadyk girdeýj we üstünlik bilen birine kömek edip hem bolmaýar. Düýn şunyň ýaly bir waka boldy. Birine kömek etmeli boldum. Hemişe aňsatlyk bilen gysganmazdan we oýlanmazdan kömek edýärdim. Emma bu gezek kömek etmezden ozal oýa gidip galdym. Pikirlerim hemme zady yzarlady.
Ilkinji bilen men bu kömek bermeli adamyň halal gazanç edişi barada oýlandym/ Daşyndan pukara garyp bolsada otyryşmalary gowy görýär. Ünsi şagalaňda. Dynygsyz zähmet çekip pul we serişde ýygnamaýar. Işlap gazanjak bolman karz pulyň hasabyna jan saklamana ymtylýar.
Bu gezek maňa bir ýanyny karza diräp oňa kömek etmek islemedim. Dogry hyýalymda kömek et diýen hyýal ýanymda asmandan asylyp durdy emma elim uzaamady.
Sebäbi, meniň gysgançlygymdan bolmady. Ýok. Meniň ýaşaýan ýerimde ekologiýa katastrofa derejesinde pesledi. Mundan üç-dört ýyl ozal iýýän palawymyz indi jöwenden bişirilýän ýarma meňzedi. Palawyň ysy hem ýok. Içine salynan et hem palawy tagamly edenak.
Näme üçin diýilýän soraga palaw bişirýän aşpezler şalyny haşal otdan arassalamak üçin ulanylýan gerbisid (Özbegistanda çykýan Mamuna atly gerbisid) tüwiniň mazasyny peseldýär diýdler. Özüm şaly ekmeýän. Emma ekip gördüm.
Diňe tüwi däl eýsem beýleki miwedir gök önümler hem mazasyny ýitirdi.
Suw filtrläp içp otyrys.Gök önümleriň üýütgemän durmasy gysgaldy. Dukan suwlary hem mazasyny peseltdi.
Çörek tiz gataýar we heňleýär.
Liniýada togyň güýji pes. Jaýlar garaňky. Internet işlänok köp wagtlap. Öý tehnikalary ahmal bolsa köýjek bolup dur. Uly ýollar opyrylyp ýatyr. Ýollar remont edilmeýär.
Oba köçeleri tozan we kirşen. Ýollarda otlap ýenjilip hapalanyp ýatyr. Boş we hapa baklaşkalar nerwiňe degip hapalygy bilen ýaramaz täsir edýär.
Oba ýollary mal tezekden doly. Katlar we kamazlar yzyny üzmän ýerleri oýyp topragy asmana galdyrýar. Çäge resurslary azalyp barýar.
Kanallary haşal otlar basyp ýatyr.
Umuman ekeologiýa ýaramaz. Şunyň özi ýetelik bu ýerden göçüp gitmeklik üçin.
Emma nirä göçmeli diýen soraga jogp bermeli bolanda diňe Aşgabat şäheri göz öňüne gelýär.
Onsoň diýeli Aşgabada göçmek üçin näçe milliard pul gerek?.
Bu mümkin däl. Ýöne Aşgabadyň hem hemme ýeri gowy bolmasa gerek.
Soňuny oýlap iş etmek gerek/
Aşgabada baranymdan soň meniň bu ýerde edýan kärim ýitip gitmeli bolar. Täze kärden bolsa meniň maşgalam ezýet çekmezmi. Mysal üçin öýümiziň kimdir biri köçe Aşgabada baranymyzdan soň süpüriji bolmaly bolsa bu kär biziň maşglamyzy kemsidýär. Biz karz bilen gün görýän maşgala hem däl.
Ýa bolmasa özümizden pullynyň we weipesi ýokary bolan aga-ini garyndaşlarymyza ýallaklap gün görýänlerden hem däl/
Biz neýtral maşgala. Özümizde degişli ýerde zähmet çekip gün görýänlerden biz. Öz ukybymyza daýanyp biznes edýän adamlardan biz.
Ýagdaý şeýle häzir. Sizde näme täzelik bar. Men siz tarapa göçüp barsam siz bäri göçüp gelip bagtyňyzy synap görmeli bolaýmasaňy.
Birje nakyl bilýan bu ýagdaýa degişli. Horaz hemme ýerde deň gygrýar.


12

5

0

1

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️

...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Şumy?
...dowamy...

Bu dogry emma bu aldaw.


Vine oynama gowy senariya eken...dowamy...

Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.


Diri sylan beg bolar ölini sylan baý bolar diýip eşitdik bizä haýsy dogryka indi bularyň?...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Ondan pagtany sorup alýan enjam çykarylsa gowy bolmazmy. Meselem, sen enjamy eliňe geýýäň, özi pagtany hanasyndan sorup alýar we fartugyňa geçirý...dowamy...

Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.


Öňem mazarstanlygyň gapdalyndan geçip barýan taksist, gapdalyndaky ýolagça: - Hany ýaşuly okap göýber diýende, Ýaşuly aňarsyna bärsine seredip: -...dowamy...

Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.


Molla kop ekenow barde 😕...dowamy...
Ylym-bilim ösüşi | Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.
HUNTER369 (17.07.2026 / 23:34)

Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.


Öňüräk bir deň-duş adamyň biri Namaza okamok, ýöne biri ýogalsa ugratmaga barýan, birde gonamçylygyň deňinden geçenimde el galdyrýan diýipdi. Ol...dowamy...

Sen diňe umyt et uýam, umyt et!


Ýüzi ýapyk, elleri gabarçak bolsa-da, köçe süpürýän şol gyzyň süpürgesi — dünýäniň ähli nadanlygyny we hapa pikirlerini arassalamaga synanyşýan m...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->