“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
mahym.unaux.com/ Häzirlikçe şu ýere üýşüp bileris, çatsöýerler :)
Ýürekdeş sözler!
Bayradot : Ynsanyň gadryny ol ölmänkä biliň. Gadyry bilinen ynsan uzak we bagtyýar ýaşar.

Forum | YLYM-BILIM | Ylym-bilim ösüşi

"AKDAŞAÝAK" TOPONIMI HEM MIKROETNONIMI HAKDA KÄBIR ZATLAR
 Täzeje
 dabir [off]
 Şugün, 09:17

Oguz-Orhon ýazgylarynyň esasy böleginiň galdyrylmagyny gurnan, taryh ylmynda: “Ikinji Göktürkmen hanlygy (meýdany 4 million km2)” diýlip atlandyrylýan gadymy döwletiň iň beýik hökümdary Bilge han bilen onuň dogany hem baş serkerdebaşysy (sübaşysy) Bars beg Kültegin bolup durýar. Başga bir taryhy maglumatlara görä, bu daş tagtalary (stelalary) öz kakasynyň adyndan, Bilge hanyň ogly, ilkinji ady mälim göktürkmen şahyrlarynyň biri hökmünde ykrar edilýän Ýollyg kagan dikdiripdir. Olardaky ýazgylaram hut Ýollyg hanyň şahsy döredijiligimiş. Bilge han bilen Bars beg Költeginiň kakasy, Gökböri (Bozgurt, hytaýça: “Aşina”) kowmundan bolan Gutlug beg. Olaryň ejesi bolsa Gutlug (Bagtyýar, hytaýça: “Aşida”) kowmundan Bäbek bolupdyr. Ilteriş-bilge kagan – Gutlug begiň: “Halky birikdiren dana uly han (kagan)” diýen tagt ady. Ol Ikinji Göktürkmen döwletiniň 682-693-nji ýyllarda hökümdarlyk eden birinji kagany. Bu döwletiň ikinji hökümdary, tagt ady Gapagan han bolan Begjür (hytaýça: “Moun-çur”). Ol Ilteriş-bilge hanyň süýtdeş hem ganybir dogany. Ilteriş-bilge han bilen Ilbilge hatynyň ogullary “Kültegin hormaty ýadygärlik” ýazgylary galdyrylan Göktürkmen döwletiniň iki beýik şadlarynyň (häkimleriniň) biri hem Bars beg Kültegin. Göktürkmen döwletiniň üçünji, iň meşhur hökümdary Bilge han bolsa Ilteriş-bilge kaganyň nowbahar ogly.
Şol döwürlerde ata-babalarymyz kanun, ýagny töre derejesindäki döwletiň binýatlaýyn esaslarynyň biri hökmünde ykrar edýän bir dessury bolupdyr. Oňa laýyklykda, Göktürkmen döwletiniň hökümdarlary Oguz hanyň döreden kada-kanunlarynyň esasynda köki Oguz hanyň ogly Gün hanyň ogly Gaýanyň (Kaýynyň) nesillerine birigýän Gökböri (Bozgurt, “Aşina”) kowmundan saýlanypdyr. Hökümdaryň (hakanyň) başdaş aýaly (hatyny, kadyny – hökümdar zenany) bolsa hökmany ýagdaýda, rowaýatlara görä aňyrsy Oguz hanyň agtygy Baýadyň nesillerine birigýän Gutlug (Bagtyýar, Bagtly, “Aşida”) kowmundan bolmaly eken. Beýik Göktürkmen döwletiniň taryhyna ser salnanda, tutuş halk tarapyndan ykrar edilen özboluşly bir “jemgyýetçilik şertnamasy” hökmünde çykyş edýän Oguz hanyň döreden bu kadasynyň berk berjaý edilendigini görmek bolýar. Çünki Ilteriş-bilge hanyň aýaly Ilbilge hatynam, Bilge hanyň aýaly Bäbek hatynam (Bobeg, Bogybeg, Bo, Bogy – horjun, bukja. Akyl, gözellik, edep-ekram bukjasy, horjuny manysynda, hytaýça: “Pofu”) Gutlug oýmagyndan (taýpasyndan) ekenler.
Beýan edilenler bilen birlikde, Oguz-Orhon ýazgylary oýulan daşlaryň agramly bölegini öz buýrugy bilen galdyran beýik taryhy şahslarymyzyň biri hem Ilteriş-bilge hanyň hem-de Bilge hanyň baş geňeşdary we baş weziri bolan, Bilge hanyň başdaş aýaly Bäbek hatynyň kakasy, Gutlug kowmundan Tonýukukdyr (hytaýça: Aşide Ýuançžen (birinji ogul, nowbahar ogul)).
Mälim bolşy ýaly, W.M.Nikiforow «Языки коренных народов Сибири» atly 1999-njy ýylyň 5-nji sanynda çykan ýygyndyda çap edilen «К этимологии имени Тоньюкук» atly makalasynda “Tonýukuk” adynyň “Daşdaban”, “Daşaýak”, “Okdaban”, “Oktoýnak”, “Daştoýnak” diýen manyny aňladýandygyny degerli delillendirýär. Oguz-türkmen diliniň gadymy aýratynlyklaryny we taryhy hytaý çeşmelerinde oguz-türkmen atlarynyň tanalmaz derejede ýoýulyp beýan edilýändigini göz öňünde tutup, biziň pikirimizçe, Tonýukukyň adynyň: “Daşaýak” diýen görnüşde alynmagy dogry bolardy.
Bilge hanyň döwründe Daşaýak begiň wezipesi, derejesi, unwany (tituly) “Boýla baga tarhan” diýlip atlandyrylypdyr. Bu wezipe Göktürkmen döwletinde hökümdardan aşakdaky iň ýokary döwlet wezipeleriniň biri bolup, baş weziriň (premýer-ministriň) wezipesi bilen barabar ekeni. Bu unwan: boýla – taýpanyň ýa-da ülkäniň aýry-aýry bölekleri; baga – perman, buýruk, kuwwatly, beýik; tarhan – erkin, özygtyýarly, özerkli beg diýen sözlerden emele gelip, “Ähli illere (welaýatlara) özerkli emr edip bilýän beg” diýen ýaly manyny aňladypdyr. Daşaýak beg 646-731-nji ýyllarda ýaşap geçipdir.
“Akdaşaýak” toponimi (ýer-ýurt ady) hem-de mikroetnonimi (taýpa, urug-tire ady) barada ýene-de bir belläp geçmeli ýagdaý, bu adalga Beýik Seljuk-Türkmen şadöwletiniň soňky soltany Sanjar ibn Mälik ibn Alp-Arslan Muizz ed-Din Abyl-Harys Ahmet bilen baglydyr. Türkmen halkynyň içinde ady has meşhur bolan Soltan Sanjaryň özi, onuň peri aýaly hakyndaky rowaýatlar müň ýyla golaý wagt bäri dilden-dile geçip gelýär. Milli mirasymyzyň aýrylmaz düzüm bölegi bolan rowaýatlarda Soltan Sanjaryň nesilleriniň häzirki günlerde-de dürli türkmen tirelerine öwrülip, halkymyzyň arasyna ýaýrap ýaşap ýörendigi hakynda habar berilýär. Mysal üçin: eýranly Abdyrahman Teňli Tana ahunyň düzen şejeresine görä, Soltan Sanjar Mazy bilen onuň peri aýalyndan – Firuz şa diýen ogly – ondan ogly Akmelek – ondan ogly Garamelek – ondan ogly Gara mazy – ondanam dört ogly: Daşaýak, Ýaşaýak, Soltanazyz (Soltan eziz), Ilmelek dünýä inýärler. Daşaýakdan bolsa öz gezeginde: Akdaşaýak we Garadaşaýak atly ogullary bolýar. Şol sebäpli-de teke taýpasynyň akdaşaýak, garadaşaýak, soltanyz tireleriniň gönüden-göni Soltan Sanjaryň we onuň perizat aýalynyň nesilleridigi, Akdaşaýak obasynyň gyzlarynyň “peri gatançlydygy” hakyndaky ynançlar halk arasynda häzirki günlerem bar.
Şonuň bilen birlikde-de şol rowaýatlarda Soltan Sanjaryň bäşinji arkasynyň – gowlugy Daşaýagyň adynyň, Beýik Göktürkmen döwletinde iki hökümdaryň: Ilteriş hanyň hem-de Bilge hanyň baş geňeşdary hem baş weziri bolan Daşaýak beg (Tonýukuk) bilen atdaş bolmagy hem, taryhyň indi çözülmeli matallarynyň biri bolmagy ähtimal. Şonuň ýaly-da göktürkmenleriň ynanjyna görä, Daşaýak begiň kowmy bolan Gutlug aýmagynyň (taýpasynyň) öz gözbaşyny Duman han, Batyr han (Mete han) döwrünuň Hun halkynyň Bergutlar aýmagyndan (Bürgütler, ýagny “ber” we “gut” “bagt ber, bagt paýlaýjy” diýen manyny aňladan gadymy oguz sözlerinden emele gelen söz düzümi) alyp gaýdýandygy hakyndaky maglumatlar hem bu taryhy tapmaçanyň düzüm bölekleriniň biri bolup biler. Çünki esasy taryhy maglumatlara görä seljuklar hem öz nesillerini Oguz hanyň altynjy ogly Deňiz hanyň körpe ogly Kynykdan alyp gaýdýandyklaryny ykrar edipdirler. Kynygyň ady bolsa gadymy oguz-türkmen dilinde: “Hemmeler tarapyndan eý görülýän, ykrar edilen, maňlaýly, bagtly” diýen manyny aňladypdyr diýen çaklama hem bar.

© R.Kürenow, A.Çaryýew, S.Ataýew. Türkmen halkynyň we gadymy döwletleriň kanunçylyk esaslary. Monografiýa. – Aşgabat: Ylym, 2026. – 45-47, 65-66 sah.

POSTSKRIPTUM:

Häzirki wagtda Akdaşaýak hem Garadaşaýak obalary, takmynan 1740-60-njy ýyllar töwereginden bäri, Aşgabat şäherinden 20 km günbatarda ýerleşip, tas üç asyra golaý goňşulykda ýaşap gelýärler. Bu iki oba 2013-nji ýyldan bäri Aşgabat şäheriniň çägine girizilip, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň ýaşaýyş toplumlary hökmünde kesgitlenýärler. Akdaşaýak hem Garadaşaýak tireleri, Türkmen halkynyň Teke taýpasynyň Utamyş (Ýeňiş) ganatynyň Bagşy (sanskritde: “Bihkşu – Diri kitap”) köküniň Daşaýak kabylasyndan gelip çykýarlar. Türkmen halkynyň meşhur dana serdarlarynyň biri Keýmir kör hem akdaşaýak tiresiniň gyzyl urugyndan bolup, ilkä-hä akdaşaýak tiresiniň, soň utamyş ganatynyň serdary, soňam öz babasy Döwletmämmet Düýegöz aganyň baş serdary, orunbasary ýaly jogapkärli wezipelerde halkyna hyzmat edipdir.


10

2

0

0

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️

...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Şumy?
...dowamy...

Bu dogry emma bu aldaw.


Vine oynama gowy senariya eken...dowamy...

Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.


Diri sylan beg bolar ölini sylan baý bolar diýip eşitdik bizä haýsy dogryka indi bularyň?...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Ondan pagtany sorup alýan enjam çykarylsa gowy bolmazmy. Meselem, sen enjamy eliňe geýýäň, özi pagtany hanasyndan sorup alýar we fartugyňa geçirý...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->