“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
Admin : 《Dowzah-a giresim gelmeýär, jennede hem özüm baramok.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Daýhana goldawy jurnalistler etmeli
 Täzeje
 Sahet [off]
 Şugün, 15:33

Näme üçin türkmen habar beriş serişdeleri tankydy çykyşlary etmeýärler emma ýurt içinde olar üçin bu ugyrda etmeli iş köpe meňzeýär.
Ýol bilen gelýädim. Köne tanyşyma duşyp galdym. Ýol üstünde gawun satyp otyran eken. Özüm hem birazajyk gawun ekdim satmak niýet bar. Onsoň gawunyň nyrhy bilen gyzygaýyn diýdimde gawun satyp otyran köne tanyşym bilen salamlaşdym.
Nyrhlary soradym. Iň uly igdeýaprak gawuny 50 manat diýdi. Iň maýdasy 25 manatdan boldy diýdi.Bu ýyl gawun geçen ýyldan gymmatmy diýip sorasam “hawa, iki esse gymmat” diýdi.
Gawun gürrüni tamamlap beýleki daýhançylyklara geçdik. Pomidory öýden 5 manatdan alyp gidip dur diýdi şu wagt.
Indiki gürrüň pagta barada boldy.
-Bir gektar ýerim bar. Pagta ekýän. Zordan iýmitini berdim. Pagtanyň iýmitini bermejek bolýar ýokardakylar. Gygyryşyp aldym.Pagtanyň ikinj iýmiti häli berilenak. Alsam mellekdäki jöwene berjek. Pagta iýmit bereniň indi peýdasy ýok. Pagtanyň boljagy boldy.
Onsoň geçen ýylky pagtadan alynan girdeýjii barada soradym. Ol şeýle jogap berdi.
-Öňňül üçin berilen pagtanyň sary unyny alyp bilmedim. Haçan barsam künjara ýok diýip durlar. Gatnap bizar boldum.
Indi mende şu sorag ýüze çykýar. Şular ýaly maýda-çüýde işlerde daýhana jurnalistler kömek berse bolmaýarmy? Mysal üçin, türkmen telewideniýesiniň jurnalistleri bir jem bolup kameralaryny alyp baryp nirede pagta ýaramaz bolsa şol ýerleri wideo bilen surata düşürip türkmen kanallarynda görkezende ýalta we nalaedeýin hakimler we başlyklar tijenerdi. Daýhanlar bu wagt özleriniň künjarany alyp bilmediklerini telewidenýe arkaly hökümete ýetirerdiler. Hökümet bolsa daýhana künjarany öz wagtynda tölemediklere jeza bererdi.
Ýagny künjarany bermän otyran jogapkär adamlar halkyň nazaryndan utanardy, ýogsa künjaradan bazar doly. Kilesi 4 manatdan 5 manada çenli. Pagta ýygan daýhanyň künjarasyny pagta ýygmadyk söwdagrler satyp peýda görüp otyrlar.
Indi geçen ýylyň künjarasy hem berilmän dur. Näme üçin? Hemme dymýar. Bir-iki sorarlar. Onsoň goýarlar soramasyny diýýändirler.
Elbetde, daýhanyň edaradan edara aýlanyp ýöremäne pursady ýok. Häzir ýeten gawun bilen pomidory ýygyp satmaly. Ýygmasaň atyzda eräp akyp galar.
Bu halatda olaryň arkasyny alýan adamlar gerek. Daýhan fizki zähmet çekmeli. Jurnalistler bolsa ruhy taýdan daýhanlary goldamaly. Olaryň arkaýyn işlemegi üçin şert döretmeli.
Soňunda hemme tarap peýda görer. Bazarlar gerekli önümlerden doly bolar. Jurnalistler arzan hem ýokary hilli daýhan önümlerini satyn alyp hezil edip iýerler. Daýhanlar bolsa jemlän pullarynyň bir bölegini indiki ekin ýyly üçin maýa edip goýarlar.
Daýhany goldan halk dok bolar. Daýhan size realny önüm önderip berýär. Daýhanyň önderýän iýmitleri bazarda ýok bolsa hiç kim üçin gowy bolmaz. Häläm bir pille. Daýhanlar ak ýürerekden zähmet çekýärler. Olaryň zähmetiniň gadyryny bilip olara ýetmeýän zatlaryny wagtynda bermeli. Olar hem maşgala eklemeli. Saglygyny bejertmeli. Dem almaly.
Türkmen telewideniýesi bolsa daýhanlaryň halal zähmetini wasp edip olary goldamaly


11

5

1

0

0

0

0
Teswirler:
 Özümiziňki
 Mishel [off]
 Şugün, 16:06

+0

Näme üçin swet köp öçüp dur? Şu barada hem ýazyp swetleri gowylandyryp bilseň biziň üçin halal iş etdigiň bolardy ýogsa gözüm çala görýär öňdenem. Indi kör ýaly bolup galdym. Her ýarym sagtdan swet öçüp dur. Başym aýlanyp gidýär swediň bu oýnap durşundan. Siz tarapda hem şeýlemi halaýyk?


Premium
Ayjahan  (Şugün, 16:37) 

Mishel, hawa günde 3 wagtyna öçýär 1-2 sagatdanam gelýär iň erbedi obed öçse kyn gaty

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Daýhana goldawy jurnalistler etmeli


Näme üçin swet köp öçüp dur? Şu barada hem ýazyp swetleri gowylandyryp bilseň biziň üçin halal iş etdigiň bolardy ýogsa gözüm çala görýär öňdenem...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->