“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
yalansoz : yrylasym geldi, yryldym.ynanasym geldi,ynandym,sen yuregmin eyesi S

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Men ýeňmesem, soňlanmaz
 Täzeje
 Princessa04 [off]
 Şugün, 19:59
 Özüň üçin ýaşa adamlar iýmekden doýmaýar.. 🌍🎓

Men ýeňmesem, soňlanmaz.

Sözbaşy

Men ýa ýeňiş gazanaryn ýa-da öwrenerin

Durmuşymyzdaky şertler elmydama çaklanşy ýaly bolman biler. Kä wagtlar adam, aklyna hat-da pikirine hem gelmedik synaglara duçar bolýar. Käteler şeýle bir wakalar bolýar welin, tutuş dünýäniň ykbaly täzeden ýazylýar. Pajygaly ölümler bilen doly ýokanç kesel, zalym uruşlar ýa-da beýleki tebigy hadysalar... Bularyň ählisi uly ýitgilere sezewar etjek tejribeler... Ýöne olaryň hiç biri hem soňy däl.
Asyl hakykat başyňa näme geleni däl-de gelen wakany nähili garşylaýşyň, şol külpediň içinden nädip baş alyp çykyşyň ýa-da batyp galyşyňdyr.
Durmuşyň erki biziň elimizde däl... Her niçigem bolsa, durmuşumyzdaky kararlary özümiz berýän hem bolsak, saglygymyzy aýap saklap, geljegimizi çaklaýan hem bolsak, öz günümize özümiz eýe çykýan ýaly görünäýsek hem, ähli zady hemizaman durnukly saklamak biziň elimizde däl. Hiç zadyň ýa-da hiç kimiň adyna kepil geçip bilmeýäris. Gije parahat uklan düşegimizden nähili halda çykjakdygymyzy bilmeýäris. Hat-da şol düşekden çykjakdygymyza hem güwä geçip bilemzok. Iň bärkisi, sanlyja salymyň içinde hem ähli zatlar, hemme hasap-hesipler, tutuş ykbal düýpgöter üýtgäp biler.
Başarmak isleýän işiň başa barmaz, «mümkin däl» diýenleriň hem ugrugyp gider. Sagdyndyr, emma başyna betbagtlyklar iner, baýdyr ýöne garaşylmadyk ýagdaýda, ullakan ýitgä sezewar bolar. Durmuş – duýman durkaň, her bir pursatda artygy bilen başdan aşak üýtgäp biläýjek ulgamdyr.
Esasy wajyp zat bolsa, şol «başdan aşak» diýilip, atlandyrylan synagdan soňra, nämeleri gazanandygyň. Şemsiň hem aýtmyşy ýaly: «Durmuşuň astynyň üstden has gowy bolup bilmejegini sen nirden bilýärsiň?».
Öwrenşilenlerden daşary çykmak diňe akyl taýdan howsala we dartgynlylyk döredýär. Sebäbi akyl elmydama gönümel işleýän, tertipli ulgamyň içinde barlygyny dowam etdirmegi saýlaýar. Aklymyz üçin gündelik tertip-düzgün ynamdardyr. Öwrenşilen, bilinýän ähli zatlar elmydama rahatdyr. Öwrenşilenlerden azajyk hem bolsa daşyna çykmaklyk, akyl taýdan ullakan bir gorkyny döredýär. Ynjalyksyzlykdyr, ähtibarsyz ýerdir we rahat däldir.
Akyl üýtgeşmeleri halamaýar. Her bir özgerişlik, başga bir ýitgi bilen des-deňdir. Hemişeki ýol bilen öýüňe dolanmagyň deregine, dürli ulaglar bilen we has-da uzak wagtlap, üsti-üstünede bilmeýän ýerlerinde aýlananda hem, akyl bedene howsalany we dartgynlygy ýükleýär. Ýeri gelende aýtsak, düýnki ýaşan durmuşuňy, bu günki gün dolulygyna terk etmek ýa-da terk etmäge mejbur bolmak, isleseň islemeseň akyl taýdan gündelik tertip-düzgüniň, rahatlygyň we asudalygyň üýtgemegidir.
Ýogsa-da, gündelik tertip-düzgünden çykmak, «başdan aşak» ähli zadyň düýpgöter üýtgemegi, hiç wagt hem ýykym sözi bilen deňeşdirilip bilinmez. Düzgüniňden her gezek çykanyňda, haçandan bäri işlemedik myşsalaryň işlemäge çagyrlandygyny pikir et. Durmuş hem senden başga myşsalaryňy işletmegiňi isleýän bolmagy ähtimal. Düşünje myşsasyny, ynanç myşsasyny, höwes, döredijilik, öndürjilik, pikir myşsalaryňy işjeňleşdirmegiňi isleýändir.
Ahyr soňunda näme boljagy hiç möhüm däl...
Başarmak ýa-da başarmazlyk bir zadyň soňy hasaplanmaz. Iň wajyp ajyp zat wagtdyr. Başarnyga giden dogry ýolda ýöremegi göz öňünde tutmagyňdyr. Elbetde, men saňa başarjakdygyň hakynda kepil geçip bilmerin, emma hiç haçan hiç zady ýitirmejekdigine söz berip bilerin.
Islän netijäňe ýeteniňden soňra, isleýşiň ýaly gutlarsyň, çünki sen muňa laýyksyň. Isleýän netijäňe ýetmedik bolsaň, indi nähili hereket etmelidigini bilýändigiňe ynanmalysyň. Bu ýerden öwrenenleriňi saňa hiç bir mugallym, hiç bir akyldar we hiç bir kitap hem öwredip bilmezdi.
Şonuň üçin bu durmuşda hijem ýitgi ýokdur.
Adam ýa başarar ýa-da öwrener.
Hiç wagtam unutma, sen ýeňmeseň, bu hekaýa soňlanmaz...



Heniz redaktirlenmedik...
Ýalňyş ýerleri bolup biler...
Terjime eden Annadursun Annalyýewa


4

2

0

0

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️

...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->