Ýürekdeş sözler!
Talyplyk, artistlik, ýuristlik we ş.m. hakda kelam agyz
Täzejedabir [off]
Şugün, 10:10
Şü, sahna, kamera, tomaşaçylaryň öňüne çykmak bilen men pahyryň kän ugrum ýok.
2002-nji ýyl.
Uniwersitetde, fakultetleriň arasynda talyplaryň döredijilik bäsleşigi geçirilýär.
Men hukuk fakultetiniň talyplar toparynda.
A.Çehowyň ebeteýsiz diş lukmany hakyndaky hekaýasynyň esasynda, kiçijek pýesa ýazdym.
Baş keşbi berjaý kylýançam — akgaňlar.
Özüňiz beletsiňiz, talyplaram gaty bir oýunçyl, garagol bolýarlar-a.
Meniň çykyş nobatymyň gelerine garaşyp, sahnaň arkasynda gyzlar, oglanlar degşip, gülşüp, çylkasyzdan-çylkasyz bälçireşip otyrys.
Meniň oýnaýan sahnamam başlanmanka, sahnaň perdesi ýapylmaly. Onsoň perdäň aňyrsynda iki sany daýaw ýükçi-kursdaş ýigitler, şakyr-şukur stol, oturgyç çykaryşdyryp, sahnada diş lukmanynyň iş otagyny şekillendirýän zatlary taýynjak edip goýmaly. Soňra, «diş lukmany» bolan-bolan bolýan menem, perde syrylanda, eýýäm, öz «iş ornumda» uklansyrap oturan kişi bolmaly. Ondan soň gapy kakylýar-da, dişagyrysyna çydaman, dişi mähnet seçekli gyňaç bilen, on ýedi oram daňylgy, ýene-de bir talyp-kursdaş, dişini «bejertmäge» gelmeli...
Garaz, oýnuň yzam şonuň ýalyrak.
Ýöne bu ýerde gep, pýesajykda däl.
Men, daşyma kursdaş gyz-oglanlary üýşürip – ýekkeje özüm giden bir teatr – yzly-yzyna suňşurylýan anekdotlar bilen olary güldürip, öz gepime özüm başagaý ahwalda.
Töweregimden habarsyz.
Şol pille-de, meniň – gybata gümra – kellämiň başga ýerdeliginden, bize görä has ýaşkiçi bolsa-da, bezzatlygy ýetik kursdaşlaryň biri peýdalandy.
Birdenkä:
-Agam! Seniň çykyş etmeli nomuryňy yglan etdiler! Haýdaweri-how!-diýip, gulagymyň agzynda, jynssyz haýkyrdy.
Muşakgat başymyza!
Meniňem, meniň gürrüňime aňkaryp oturan iki «ýükçiňem», heýýatymyz göçdi.
Olar-a hasyr-husur stol bilen oturgyçlary göterdiler-de, eňdiler, sahna garşy. Menem yzlaryndan haýdap barşyma, bet «lukmandygymy» aňladýan haladymy geýjek bolup ber-başagaý.
Sahna çykyp barýarkam, meni geň galdyran zatlar:
1. Sahnaň perdesiniň açyklygy;
2. Sahnada entegem kimdir biriniň çykyş edip durandygy boldy.
Ýöne, aljyraňňy bolanymyzdanmy nämemi, munuň näme üçin beýledigine ünsem bermändiris.
Ýaňky iki «ýükç-ä», dekanyň orunbasary — ýaman zabun gelneje tarapyndan, ençeme gezek repetisiýa geçirile-geçirile, depeleriniň öli gany alnansoň, öwredilişi ýaly, birjik-de säginmän, göterip getiren stol-oturgyçlaryny goýmaly ýerindejik patylatdylar-da, zut gitdiler. Menem «perde açylmanka» ýetişjek bolup, derrew oturmaly ornuma geçdim. Stol-a elimi, elime-de eňegimi diräp, gözümem pugta ýumup, ýatan kişiň keşbinde, yhlas bilen, çasly hor çekmäge başladym.
Gözümi ýumup barýarkamam, birki sekuntda-da bolsa, görmäge ýetişen zatlarym:
1. Agyzlaryny açyp, dodaklarynda lokga «o» harpyny ýasap, maňa aňalyşyp galan, tomaşaçylaryň birinji hatarynda oturan rektor, prorektorlar, dekanlar, olardan aňyrda mugallymlar, talyplar, biziň çykyşlarymyzy göni teleýaýlyma alýan operatorlar;
2. Sahnada, meniň iki ädim beýlämde, donly, selleli, ötürtme sakgally, aýagyna mesi tapylmansoň, mesä meňzeş tüflili, Magtymgulynyň keşbini çeper janlandyryp, onuň goşgusyny labyzly okap durşuna, maňa aňalyp, doňup galan, ýene-de bir, özem şahyrçylykda “gelin bolup görmese-de, öýüň üçegine dyrmaşyp, tüýnüginden jyklap” gören bolup ýören kursdaş ýigdim boldy.
Ol bende-de bu duýdansyz güpür-tapyrlyga halys aljyrandyr-da, joşup-joşup gaýyrýan namasyny tapba kesdi. Megerem nirede durandygynam undandyr-da, agzyna tutup duran mikrofonynam aýyrman, ymgyr mähelleden hümer zaly ýaňlandyryp, sorap goýberdi:
-Eý agam-aý?! Nämişläp ýö:ňüz-aý?
Menem bu bolup geçýän zatlaryň ýaman gyssagarada amala aşýandygyndanmy ýa-da tomaşaçylaryň känliginden howum basylypmy – gözümem açman, dişimden syzdyryp hüňürdeýän:
-Seniň özüň nämişläp ýö:ň-how? Ýok bold-a-how sahnadan! Ýohham häzir bi negözel oýny kellä geýýäň-ä!...
...Elgaraz, ssenariýa laýyklykda, gapyň kakylýan sesi eşidilende gözümi açmaly bolandygym üçin, «hor çekip, ýatan bolup ýatyryn».
Gapy kakylanok.
Ýogsa, bu oýnuň repetisiýasyny nijema gezek gaýtalanymyzda, hronometraž boýunça, gapy, perde syrylan badyna, 4-5 sekuntdan soň «kakylmalydy».
Kakylanok.
«Beh,» diýip, «hor çekip ýatyşyma» içimden pikir edýän: «Bu haýwanyň biri haýwan, nirä ýom-ýok bolduka, şu ikarada?» diýýän-de, «dişi agyrýançy» bolup «işikden» jyklamaly kursdaşyma gatyrganýan.
Onýança-da, ilk-ä zal tarapdan birlän-ikilän pyňkyrma sesi geldi. Soňam onuň yzy ala-pakyrdy bolaýd-a.
«Beh, Allajanlarym, bi gülküli sahnajygy oýnap başlamankam, gülüp, kese ýykylyp ýatyrlar welin, men şo derejede talantlymykam-aýt?! Meni gören batlaryna gülüp-gülüp öljek bolsalar, onda men okuwymy ýalňyşypdyryn-a-how! Ýuristligi okamaga girmän, sirk masgarabazçylygyna giren bolsam-a, puluň aşagynda gömlerdim-aý!» diýip, içimden öz-özüme monça bolup pikir etdim-de, daşarky dünýäde gopýan hadysalardan her niçigem bolsa, azda-kände habarlyrak bolup galmak üçin, gözümi çala yşyradyp, jykladym.
Dessine-de depämden gaýnag suw guýlan ýaly boldy.
Asyl biz, öň ýanymyzdaky Magtymgulyly sahnanyň arasyna sokulyp, dowam edýän çykyşyň zompa ortasynda, uliliň öňüne atylyp çykaýan bolsak nätjek?
Ýeri, indi nädersiň?
Sahnaň ýeňsesindäki kursdaşlardan haraý hantama bolup, delminip şol tarapa baksam, ýaňky bizi oýnan gögele topardaşymyz, arkan-ýüzin gaýşyp, jykyrdap dur!
Gapdalynda-da dekanymyzyň orunbasary — zabun gelneje, gözlerini jelladyň gözi ýaly çerreldipdir-de:
-Ýeriççççekenler! Gyrdyňyz-a milleti, gyrdyňyz-a! Kellä geýdiňiz-ä, hemme zady! Ol, «Magtymguly» görgülini dagy nädäýdiňiz?! Sakawlap duran etdiňiz-ä, o pahyry!-diýip, gahar-gazapdyr çygynmakdan ýaňa çym-gyzyl halda, pyşyrdap bagyrýar…
...Elbetde, soň akyr-ukurlarymyzy «ýükçülerimiz» yzyna ýygnap, menem süýräp, sahnanyň ýeňsesine äkitdiler. Soňra «Magtymguly» bende-de, eýdip-beýdip çykyşyny tamamlandan soň, biz öz «dişagyryly» sahnamyzy gowy oýnadygam.
Emma, şondan soň, sahna görsem, gaçgynym şol bolup galdy :-). Çarli Çaplin, Ýuriý Nikulin ýaly dünýä belli beýik komik artist bolmak pikirimdenem dändim-de, şol öňküje “garyp günüm – ýuristligime” yrza bolup, galyberdim :-).
Ýöne, dogrusyny aýtsam, şol ýyl ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasyndaky döredijilik bäsleşiginde ýurt birinjiligini alanymyzda, dekanymyzyň şol talapkär orunbasary meni dagy begenjine nirde oturdyp, nädip öwjegini bilmändi.
Sebäbi diktoram men, çeper goşgy okaýanlaryň birem men, sahna oýnaýanam men, sahna ýazýanam men… garaz, bir özüm adam-orkestrdim-dä, ýaş mahalym (şy taýda öwnüp galaýyn çalaşşa, ýohha öwýänem ýok :-().
© S.Ataýew. Dürli-dümen dürüşde. Makalalar, terjimeler, pikirler, henekler, ýatlamalar, maglumatlar we ş.m. VI jilt. - Aşgabat, 2023. Golýazma hukugynda.
6 |
3 |
0 |
0 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Outlier (30.07.2026 / 06:29)
Outlier (30.07.2026 / 06:29)
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Belki (26.07.2026 / 10:12)
Belki (26.07.2026 / 10:12)
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️
