Ýürekdeş sözler!
Atyň näsag, özüň ýaraly geldiň!
King-official [off]
16.01.2024 / 10:52
Giden gitmiştir gittiği gün bitmiştir, Ben gideni değil giden beni kaybetmiştir
Ylgar giden ýigit ýalan sözlemez,
Atyň näsag, özüň ýaraly geldiň!
Dost bolan dostundan syryn gizlemez,
Atyň näsag, özüň ýaraly geldiň!
Ylgar edip, beýik dagdan aşypsyň,
Ony görüp akylyňdan çaşypsyň,
Bir naçaryň aşagyna düşüpsiň,
Atyň näsag, özüň ýaraly geldiň!
Dolup derýa kimin gaýnap-daşyp sen,
Ony görüp, maldan-başdan geçip sen,
Gutly bolsun, hile bilen gaçyp sen,
Atyň näsag, özüň ýaraly geldiň!
Çandybilden Rum iline çekilip,
Guwwas kimin derýalara dökülip,
Menlik edip baryp, gyzdan ýykylyp,
Atyň näsag, özüň ýaraly geldiň!
Owal perizadyň sözne girmediň,
Çandybilden Şähri-Bossan barmadyň,
Aşyk Aýdyň pirden pata almadyň,
Atyň näsag, özüň ýaraly geldiň!
Kitap: Görogly eposyndan alynan
Awtory: Çandybil we Aşyk Aýdyň
Taýarlan: Muhammetgeldi Geldimyradow
140 |
9 |
3 |
4 |
1 |
0 |
1 |
Teswirler:
King-official [off]
Giden gitmiştir gittiği gün bitmiştir, Ben gideni değil giden beni kaybetmiştir
12.02.2024 / 11:05
+0
:disko:
Soňky teswirler
Hosting bilen domenin komegi programmada
android sudio - android studio urulu - url hada - hatda - ýaman ýaman ýaman dogry ýazýaňyz :D bagyşlaň welin teswirleme berjekdäldim. Okap bolam...dowamy...
Ilkinji edebiýat birleşmämiz ☺
Menem birleşme barada birzatlar ýazaýjakdym, Basmaçylardan ýaňa ýazjagyňam ýazyp bolanok, bar höwesiňi alansoňlar ýazasyňam gelenok. Oňarypsyň, ý...dowamy...
Ýatla meni...
Bir mowzugy, bir gezek halamak mumkin! Esasy Sada halkyň göwnünden tursa, ol seniň ýazan zatlaryňy ýyldan ýyla nämejik, asyrdan asyra geçirýär....dowamy...
Ýatla meni...
Poeziyada lenc edilen pikirlerden gacarak durmak gerek. Meselem, gysda yazda yatla diyen yaly. Gosgyn icindaki uytgesijek bir zatlar aytjak bolma...dowamy...
Ahwal
Umuman alanda gosgyn tehnikasy sagdyn, duygusam bar. Birhili Cary Yegenmyradyn gosgularynam yatlatman duranok. indi minuslaryna gelsem kabir kapy...dowamy...
Edebi söhbetdeşlik Taýmaz Seýidow bilen sorag-jogap
Tuweleme, gowy sohbetdeslik bolupdyr. Taymaz agan jogaplaryny men-a gaty haladym. Ayratynam 12-nji sorag we jogaby gaty yerine dusupdir. Ustunlik...dowamy...