Ýürekdeş sözler!
Sallana-Sallana!
King-official [off]
16.01.2024 / 10:57
Душа — не яблоко, её не разделишь.
Gördüm, iki peri gelir,
Ajap sallana-sallana.
Aşygynyň köňlün alyr,
Gelir sallana-sallana.
On dördi gije aý kimin,
Tumagaly humaý kimin,
Egri gaşlary ýaý kimin,
Gelir sallana-sallana.
Biri güldür, biri gunça,
Ol biri ýokdur Senemçe,
Tomaşa kylyňlar barça,
Gelir sallana-sallana.
Garyp diýr, gulnuň adyga,
Hak ýetirsin myradyga,
Dözmän aýralyk oduga,
Gelir sallana-sallana.
76 |
5 |
1 |
1 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Soňky teswirler
Heserdeş (oýlanma)
Tuweleme. Ay bul-a Nesilde cap bolandyr...Yaslygymyn baharyna gatnasmansynyz-la, agam. Yeke gitmeli boldum )...dowamy...
Bir arapdan_bir şarapdan №11
Ikinji bolege sorag:Hany sozlemin eyesi? Kim yetisdirya ol sahslary?...dowamy...
Bedr söweşi
Şol sòweşde 2 gezek şeýle bir tupan turdy diýilip aýdylýar. Her gezek tupan turanda asmandan 500 perişde inipdir. Olar şeýle tizlik bilen her...dowamy...
Bir arapdan_Bir şarapdan №10
Şeýle temalar üçin minnetdar awtor. Okanyňa degýän tema dogrusy. Dowamly bolsun ...dowamy...
Bir arapdan_Bir şarapdan №10
Herki wagtda içine şeýtan ornan milletler bolan häzirde şeýle. Ýöne musulman döwletinde şeýle zatlar biz ýaly gumuň Oglanlary üçin gaty geň....dowamy...
Bir arapdan_Bir şarapdan №10
Antitürksüpük diýip ertir.comdakylara diýemde dyşyma ary wyzzyllan ýaly çozýadylaraý antitürksüpükler...dowamy...
Bedr söweşi
"Kimler güler, kimler aglar, Hany ol howaly baglar, Bediriň uruşynda daglar, Alty aýlap duman boldy."...dowamy...