Ýürekdeş sözler!
DURMUŞYŇ KADASY ✏.
Perman [off]
16.01.2024 / 22:01
Bir ýigit baranmyş şahyr ýanyna, Beripdir şahyra bir täsin sowal, Diýenmiş:
"Gyzlar-a mydam näz edýär,
Oglanam näz çekyär bu niçik ahwal?!
Köp işi bitirýän elbetde oglan,
Köp zähmet çekýänem elbetde oglan,
Ýöne nämüçindir taryplanýanam,
Näzi çekilýänem şol saçy boglan?!
Ählije döreden goşgularňyzda,
Eposlarňyzda-da, romanlarda-da,
Gyz-a höküm sürýär, oglanam guly,
Oglanlar uçraýar erbet derde-de..."
Goşgujyk düzmegi ýüregne düwdi,
Şahyr diñledi-de ol ýeňil ýigdi.
Şol täze dörejek goşgujyk bilen,
Sapak bermekligem ýüregne düwdi.
Şahyryň döredýän bu eserinde,
Ýigid-ä näz edýär, gyzam çekýärdi.
Gözeliň gulluga gidýän pursaty,
Oglan aglamjyrap ýaşyn dökýärdi.
Goşgyny diňleyän hälki ýigidem,
Biraz geňirgendi, ýüzi çytyldy,
Özüni oňaýsyz duýup, dikelip,
Öñküje ýerinde ýene oturdy.
Şahyram sözüniň täsir edenin,
Duýdyda beterden beterin tapdy.
Täsinje döreyan hälki eserde,
Oglan gap-gaç ýuwdy, gyzam ýer depdi.
Şeýdip goşgudaky gahrymanlarmyz,
Bir-birini halap, gurdular durmuş.
Gyz-a ýaplanypjyk çaýyn süzýärmiş,
Oglanam çaý demläp hyzmatda ýörmüş.
Az wagtdan olaryň çagasy boldy,
Çagany-da ýigit ideg edip ýör.
Şahyryň goşgusyn diňläp birkemsiz,
Diňleýji oglany basdy gara der.
Şahyr ýene başlamakçy bolanda,
"Boldy, besdir" - diýip, ýigit dillendi,
Onsoň özün dürsäp ýigit birsellem,
Aýdylanlar hakda ol pikirlendi.
"Hä-ä, şeýle diýsene" - diýip ol ýigit,
Süpürdi maňlaýnyň çygjaran derni,
Diýdi: "Bu durmuşda deňdir her jübüt,
Tahyryň öz orny bar, Zöhräň öz orny..."
247 |
15 |
3 |
4 |
0 |
0 |
1 |
Teswirler:
Perman [off]
16.01.2024 / 22:07
+0
Like basmaklyk bu ýerdede VPN-li bolupdyr, ynanmasañ barlap gör hany
Dreamfull (16.01.2024 / 22:17)
Perman, 😒bah garash hany
Dreamfull (16.01.2024 / 22:18)
Perman, Ýalňyşlyk!
Bir mowzugy, bir gezek halamak mumkin!😒😒😒
Burning (16.01.2024 / 22:36)
:joy:Dreamfull,
TäzejeFiruza [off]
17.01.2024 / 23:36
+1
Tahyryň öz orny bar, Zöhräň öz orny..."
:thumbsup:
Soňky teswirler
Saýtyňyzy satyn alaýyn
Meniň bu saýty satyn almagyma begenseňiz gowy bolardy. Men size pul tölemekçi bolýaryn. Bir pikirim ýaşlaryň ösmegi üçin haýyr-sahawat saýtyna öw...dowamy...
Saýtyňyzy satyn alaýyn
Kime saýt gerek bolsa ynha size adres we telefon Надо продвижение в Туркменистане Трафик для сайтов Туркменистана с автоматическим продвижением Д...dowamy...
Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...
Meni tanayan barmy? Meselem 2019dan 2023e çenli saýtlara girýädim. Indi meni hiçkim tanamaýar...dowamy...
Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...
yuhhyjy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...
Marala06aaaa (05.05.2026 / 17:37)
Marala06aaaa (05.05.2026 / 17:37)
Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...
Oldlar barmy bärde Perman, Wonderfu, Pälwan pro, We pro, Nowça haýsylarny tanaýaňyz?...dowamy...