
Perman [off]
16.01.2024 / 22:44
Dostum bir wakany gurrun bereyin.
Sen dey yigdin kysmatyna yazmasyn.
Su zatlary yazmak yenil dusenak
Yuregim jugleyar yadyma salsam.
Obada yaşayan halypam bardy,
Yedi ogly yetişen işennir zordy...
Ejelerem yaş ustunde yogaldy,
Yzynda goyany yaşajyk gyzdy.
O cagany mahir bilen soyduler
Elden ele alyp hormat goydylar
Ol naşyja mahirlije bolanson
Mahrigozel diyen ady goydular
Durmusyn şapbadyn Mahri gyz iydi
Her gun doganlarynyñ koynegin yuwdy
Ejeleri ir dunyaden oten son
Eje ornun tutan sol nacar gyzdy
Mahrijik ulalyp kemala geldi
Oba yigitlerin gozune ildi
Mahirli hem seyle gozel bolanson
Ence oglanlaram yuzune syldy
Bir gun sol obada biri toy etdi
Mahrigozel hem sol toya gitdi
Maksat atly yigit dusup sol toyda
Mahri gyza yurek syryny aytdy
Ysk ody mydama duydansyz gelyar
Arzuw umyt gelip yurege gonyar
Soygunin gudratyn soygunin guyjun
Soygu deryasynda yuzenler bilyar
Neneñ ynanmajak seyle yurege
Ynsanlaram colasayya kelebe
Aramyzda gynansagam tapylyar
Sada yurekleri saljak duzaga
Aladasyz gam gussasyz gulduler
Arzuw hyyallardan monjuk duzduler
Bu dunyanin belasynyn kandigin
Arman yaslar has gijirak bildiler
Päk soygunin yodalary kiceldi
Hakykata ynanyanlar gutardy
Myş-myş yayrap ahli oba icine
Töhmetdir gybatlar hasam kopeldi
Yas juwanlar soygu bolup gorduler
Gybatkeşler yowuz duzak gurdylar
Öykeledip gara kirin surtesip
Gardan ak zada-da gara diydiler
Bir gun barsam Mahri onumden cykdy
Onumde cay goyup beylame gecdi
Masgalada bolup gecyan zatlary
Birin-birin aydyp icini dokdi
Diydi dayy aytsana soymek ayypmy
Soygu dine meñ basymdan inipmi
Hakykaty gizlap yalany aytyan
Yer yuzuni gybatkesler alypmy
Dogry men Maksady yurekden soyyan
Gyzlyk namysym bar ornumy bilyan
Indi bize komek etjek yokmudyr
Töhmet belasyndan men halys bolyan
Agalarym her gun meni uryarlar
Yeññelerim paýyş sozun diyyarler
Oba arasynda gezyan gepciler
Maşgalanyñ darganyna gulyarler
Indi adym jelep, önler ejedim
Besdir indi sunca wagt cydadym
Beydip yaşanymdan ölenim gowy
Mena halys durmusymdan yadadym
Diydim: uyam oglanlary goreyin
Dinleseler hakykaty diyeyin
Gunasiz halyna aglap yormegin
Nesip etse toyda powyr bolayyn
Baryp diydim dostum gulak goy mana
Mahri uyan mätäc senin sayaña
Töhmete ynanyan , ynanyan gepe
Neneñ dozyan yalnyz nacar uyana
Diydi: sol sebapli biz ile gulki
Maşgala sokulma artykmac senki
Bu zatlary ozim sensiz cozerin
Maşgalada menki uyada menki
Bu yagdaydan bir cykalga gozledim
Beyle zatlan boljagyny bilmedim
Hazir men ozimi gunali sayyan
Mahrijige komek edip bilmedim
Bir gijede Mahri ukus icipdir
Töhmetden basylyp jandan gecipdir
Bu ajy habary eşiden Maksat
Saher bilen oz-ozuni asypdyr...
Gybatkeşler yasdan lezzet aldylar
Yagsy adamlar gaygy-gamda gezdiler
Oba adamlary maslahat edip
Iki gabry yanaşykly gazdylar
Bu dunya biwepa diysem yalancy
Gaygysy kop bolup, azdyr begenji
Toyda powyr bolup hyzmat etjekdim
Toy gormek nirede boldum göregci
Öñde Mahri son hem baryardy Maksat
Olaryn yzyndan galmayar tohmet
Göwnume bolmasa Maksat diyyandir
Tizirak Mahrijan mazara yetsek
Biz ikimiz uzaklara giders
Töhmetlerden aramyzy acarys
Yer ustunde jebir cekip horlandyk
Belki yer astynda rahat yatarys
Ne gozel yaşlara garaşyar gabyr
Iki aşyk cekdi tohmetden jebir
Yaş juwanlar o dunyade duşuşdy
Hanha yatyr indi goşaja gabyr
Yiti şemal yüz gozune şowlayar
Töhmet mydam goragsyzlary awlayar
Yeke uyasyny gorap bilmedik
Yedi doganyn yediside aglayar
Töhmetciler gybat sizin coreginiz
Gybat edip barmy serpay alanyñyz
Iki yas juwany yere sokdunuz
Ynç aldymy indi sizin yureginiz
Bu waka dostlarym hakykat bolan
Birinden eşdemok gozlerim goren
Bilip goyuñ dostlar yatdan cykarman
Nacara tohmetdir dusmanyn gepi!
Awtory näbelli
![]() 57 |
![]() 17 |
![]() 9 |
![]() 5 |
![]() 0 |
![]() 0 |
![]() 2 |

Bayradot [off]
Soyen yurek koyse yene son soyip bilermi???
17.01.2024 / 08:11
+0
Gynancly vaka yuregim birhili tiken tiken boldy jaylary jennetden bolsun

Burning (17.01.2024 / 17:20)
Bayradot, Ämin. Gynandyrmak niýetde ýazmandym welin...

EjegyzS [off]
17.01.2024 / 08:44
+0
Men-ä uksus içmezdim bir oglan üçin

Burning (17.01.2024 / 08:47)
EjegyzS, Dogry. Bu samsyklyk

EjegyzS (17.01.2024 / 08:51)
Perman, Daýym lukman. Arada bir Gyz gelipdir söýgülisi taşlap gideni üçin özüni ýakypdyr. Näçe derejeli ýananyny Bilemok. Şuwagt maýyp bolup galdy. Ölmedem,gülenogam. Oğlan bolsa öýlenip gidipdir 🙂

Burning (17.01.2024 / 08:54)
EjegyzS, Käbirleri negatiw pikir ýöretýärlerda. Söýgülsinden hiç kim aýrylmawersin welin şeýle ýagdaýda mnä durmuşa çykyp bagtly bolup, oglanda ahmyr döreder derejede ýaşardym bagtlyja

EjegyzS (17.01.2024 / 08:55)
Perman, Şonaýtýan-da

EjegyzS [off]
17.01.2024 / 08:45
+0
Daýysyna arkaýyn aýdyp bilenine haýran. Biz iň bärkisi söz aýdan oglany daýzamyza aýtmaga gorkýas. Daýyňa, onda-da yürekden söýýän diýäýseň

Burning (17.01.2024 / 08:49)
EjegyzS, Emma käbir gyzlar, ejesiniñ doganyna ,,daýy" diýmäni gayyn atasyna ýa-da dogry gelen (ýaşy uly) adama ,,daýy" diýýänlerinden hawaryñ barmy ?

EjegyzS (17.01.2024 / 08:54)
Perman, Bu ýerde Mähriň gaýynatasy ýokdugyna görä şo daýysy şo.Bilýän,şonda-da dogry gelen islendik ýaşy uly agras adama nädip aýtjak?! Men pylanyny söýüp ölüp barýan diýip.

Burning (17.01.2024 / 09:00)
EjegyzS, Menem şo ýaşuly ,,Märiñ gaýyn atasy..." diýmändim (gowja oka) .)
Taýak iýmekden ýadasa (ondan-da beter, töhmet astynda galsa) adam, çykalgasyzlykdan ćykmaklyk üçin birine ićini dökmelidi... Agasy gyza ynanmasa, başga ynanýanyna düşünip gyz ,,başga ynandryp biler" diýip oýlap şeýle pikirli bolmagy mümkin dälmi ?

EjegyzS (17.01.2024 / 09:14)
Perman, Agasy özüne ynanmady, soň beýlekä nädip ynansyn?!

Burning (17.01.2024 / 09:17)
EjegyzS, Howwa agasy gyza ynanmady emma agasy başgalaryñ gepine ynandy. Şol sewäpli gyz başga ićini dökdi we başga oñ agasyna aýdyp berer diýip oýlady. Sewäbi oglana başganyñ sözleri ynandryjy bolansoñ gyz başga sryny aýdypdy

EjegyzS (17.01.2024 / 09:19)
Perman, Siz muny nireden bilýäňiz?)
Bolýa-la, düşnükli.

EjegyzS [off]
17.01.2024 / 09:16
+0
Onsoňam awtory siz dälmi?))

Burning (17.01.2024 / 09:18)
EjegyzS, ýok, awtory näbelli diýip dur aşagynda

EjegyzS (17.01.2024 / 09:19)
Perman, Okadym Ony.

Burning (17.01.2024 / 09:22)
EjegyzS, Bilgeýşleýin şahsyran bolýañmy, nejis

EjegyzS (17.01.2024 / 09:22)
Perman, Ana indi bilip başladyňyz

Perman [off]
17.01.2024 / 09:19
+0
Düşündrip bildimmikäm indi muña

EjegyzS (17.01.2024 / 09:22)
Perman, Men "Bu" däl 🙂

Burning (17.01.2024 / 09:23)
EjegyzS, ,,Bu" diýen barmy saña

EjegyzS (17.01.2024 / 09:24)
Perman, "Düşündrip bildimmikäm indi muña"
??

Burning (17.01.2024 / 09:26)
EjegyzS, ýo sen ,,bu" ýazgyny görkez

EjegyzS (17.01.2024 / 09:28)
Perman, Köp biljek bolmaň🙄 Goşulma goşulsa,buňa däl-de,muňa diýlip aýdylýar. Diýmek,şo ýerdäki "Bu" men 😑

Burning (17.01.2024 / 09:31)
EjegyzS, ,,Bu" söze goşulma goşulma goşup bolanoga

EjegyzS (17.01.2024 / 09:35)
Perman, Goşulýar. "Bu" - görkezme çalyşmasy. Degişlilik ýa-da düşüm goşulmalaryny kabul edende "B" sesi "M" sesine geçýär.Olaruň soňundan "N" sesi artdyrylýar. Bu- (m)u(n)uň.

Burning (17.01.2024 / 09:38)
EjegyzS, ynanamok

EjegyzS (17.01.2024 / 09:39)
Perman, 🤦🏻♀️😂

Highlander [off]
SOYEN SOYULMEZ,SOYULEN GADRYNY BILMEZ!!
17.01.2024 / 12:29
+0
Juda juda gowy bro

Orazjan [off]
Obaly maýmynjyk
17.01.2024 / 14:38
+0
Yşky pislän şermisarlar,
Tagna sözdür geregiňiz.
Heý birmahal düzelermi,
Gurum baglan ýüregiňiz..?

Fantom [off]
20.01.2024 / 04:32
+0
Gyýnançly goşky ekeni. Şuny okap köp adamlar ýadyma düşdi. Ýaş gyýz oglanlar, uly ýaşuly adamlar, aý garaz kän gitdi özüni heläkläp. Indi şuňa ýazgyt, kysmat diýäler welin, öňde biriniňki ýaly: sakkal bärde priçom? Diýjek bolýanym, gözýetim pes bolýamyka diýýän. aý ýöne beýdiýän welin intiligençiýaňam özüni heläkleýän kän... Siziňçe näme iterýär şu zatlara???
Ýaňky, doganlary diňlemýän bolsa, başga ýere göçüp gitse näderdikä, hiçkimiň tanamaýan ýerine?
Durmuşda kyncylyklaryň üstesinden gelmek we adamyň gymmatyny bilmek..(makala)
Awtory: @Талант. Yada ✒️@Талант...dowamy...
Doglan gunin bilen gadyrdanym
uzak manyly we agzybir yasha Baydade, ozuñe mynasp yoldasyñ duşsun...dowamy...
GÖRÜLMEDIK HOKGA WE ONUŇ HAKY
aý, edil 1000 dürre däldirlaý. Dogrysy: gowy uryp bilýän bolsa 4 5 gamçyda hamyny sypyryp bolýar. Dürre bolsa ol ýarag....dowamy...
Serçeleriň ýok edilişine - tebigatyň jogaby.
Hol ýokarda terjime etdim diýipsiň, gowy zat. Has dogrysy, menä emeli aň ýaddymyka diýdim. Şu wakany öňem eşidipdim, ýöne ýyly barada bilemmokdym...dowamy...
Serçeleriň ýok edilişine - tebigatyň jogaby.
Mowzukdaky surat salgyň açmady, belkide beýlekilerde açar emma mendäki nomer internedimde görünmedi. Men suratlyja mowzuk açjak bolsam nikimdä...dowamy...