“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
Ýürekdeş sözler!
gizem-avjisi : Adam hemme zady bilyandirin oydip kopzady bilmeyandigine goz yetirya

Forum | INTERNET WE PROGRAMMIRLEME | Internet resurslar

“Netikety” nädip durmuşa geçirmeli?
Premium
 xuliganka [off]
 06.01.2024 / 22:21
 Всё, что хочешь от жизни бери и беги

Twitter ulanyjysy netiketiň esasy düzgünini şeýle düşündirdi: "Internetde Dweýn"Skala"Jonsonyň ýüzüne aýdyp bilmejek zadyňyzy ýazmaň."

Sosial ulgamlarda aragatnaşygy nädip ýakymly, ygtybarly we peýdaly edip bolar:

Başgalaryň hormatyny gazanmak üçin olara hormat goýmak möhümdir. Bu söhbetdeşlere we sizi yzarlaýanlara özlerini ähmiýetli duýmaga kömek edýär. Mysal üçin: “podpişşikler” däl-de, “gadyrly yzarlaýjylar”
Sosial ulgamdaky adam bilen aragatnaşyk gaharly äheňe geçse, jogap bermäge howlukmaň. Dynç alyň, telefondan daşlaşyň, köşeşiň, soňundan ökünip biljek zadyňyzy aýtmazlyk üçin başga bir zada ünsüňizi sowuň.
Esasanam diskussiýa mowzugy ýiti bolsa, hemmelere jogap bermek hökman däl. Pikirlerini dogry beýan edýän, ýöne başga bir pozisiýa eýeleýän birini saýlaň. Sizi gyzyklandyrýan meseläni onuň bilen (sypaýylyk bilen) ara alyp maslahatlaşyň. Beýleki ulanyjylar siziň gepleşikleriňizi görerler we özleri üçin peýdaly taparlar.
Sosial mediany gahary bildirmek üçin ulanmaň. Iň bärkisi gaharly pursatda ulanmaň. Köşeşiň, pikiriňizi jemläň, ýazan pikiriňizde aýdyňlygyň we kemsidilmeleriň bardygyny-ýokdugyny barlaň (siz şol ulgamda banlanmagyňyz ahmal) we diňe şondan soň jogaby köpçülige post ediň.
Spoýlerlerden daş duruň!
Bir zat barada maglumat berýän bolsaňyz, çeşmesini görkeziň.
Rugsadyňyz bolmasa, köpçülikleýin çärelerdäki adamlaryň suratlaryny paýlaşmaň. Rugsat soramak - bir minutdanam az wagt alýar: "*** ýerde bile düşen suratymyzy paýlaşmak mümkinmi?". Üstüňden arz şikaýat edilmezlik we halanan/baha berlen suratyň pozulmazlygy – iň gowy ýagdaý.
Suratyňyza laýk basylanyna we başgalaryň paýlaşyp bermegine minnetdarlyk bildiriň.
Teswir ýazanyňyzda gönümel boluň, mowzugy başga ýana çekmäň. Gürleşilýän temadan daşary gürleşilmeli mesele bar bolanlygynda – iň gowusy şahsy habarlaşylýan ýerden ýazyşyň. Belli bir postuň temasyny kommentariýalar bilen bulaşdyrmaň.
Köpçülikleýin forumlarda we teswirlerde adamlar bilen ýazyşanyňyzda gyssagly netije çykarmaň. Onlaýn we oflaýn aragatnaşygyň arasynda tapawut bar.
Internetde professional we şahsy durmuşyňyzyň arasynda araçäk saklaň. Iş profiliňizden, dükanyň ýa-da studiýanyň profilinden pişijeklere laýk (haladym/ýürek) goýup çykmaň. Başgaça, özüňize degişli bolan şahsy brendy onlaýnda kämilleşdirseňiz, onda islendik zada laýk (haladym/ýürek) goýup bilersiňiz, şeýle ýagdaýda iş profilyňyz şahsy durmuşyňyzyň bir bölegi bolup durýar.
Durmuşda gabatlaşan ähli adamlaryňyzyň internetdäki profiline ýazylmak zerur däl. Onuň ýerine, size gyzykly bolan, habarlaşýan we aragatnaşyk saklamak isleýän adamlaryňyzy yzarlaň.
Adamyň jynsynyň, gelip çykyşynyň, durmuş saýlawynyň we ş.m. esasynda tankytlamaň.
Kimdir birini kemsitmek, oňa söwmek üçin anonim profil ulanmaň. Elmydama özüňiz bolup galyň, maska arkasynda gizlenmäň.


85

2

0

1

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Dälihanada


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dälihanada
Prinsessa (Şugün, 15:55)

yalanyn omri gysga degismejik


Yopt 5nji sorag nahili sorag 😁 Sag tarapy yarylandr...dowamy...

gulin we satlanin


Gülmekden kelläm titreýa gaty gülkinç ...dowamy...
Erkin mowzuklar | gulin we satlanin
Crazy-boy (Şugün, 14:19)

yalanyn omri gysga degismejik


Mlds Ayperi degismelerini okadym 💞❤💋...dowamy...

Klawişleri ulanmak


sagbol malades gerek zat...dowamy...
Kompiýuter (Hardware) | Klawişleri ulanmak
Prinsessa (Şugün, 12:06)

Dümtünmeler.


mlds...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dümtünmeler.
Prinsessa (Şugün, 12:05)

Degişme(!)ler


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Degişme(!)ler
Prinsessa (Şugün, 12:03)

Klawişleri ulanmak


Exel üçinem ýaz Wordda kän işlämok...dowamy...

Degişme(!)ler


Gülküli...dowamy...
Erkin mowzuklar | Degişme(!)ler
Daniel (Şugün, 09:56)

Hekaýamtyk


Taze funksiya goyulupdyr yala sayta...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hekaýamtyk
Daniel (Şugün, 09:45)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->