Ýürekdeş sözler!
Onlaýn hasabyňy (akaundyňy) nädip goramaly?
xuliganka [off]
06.01.2024 / 22:29
Всё, что хочешь от жизни бери и беги
Köplenç bize zyýan ýetirjek maglumatlar biziň öz sahypamyzy/hasabymyzy ele geçirilip/döwülip alnyp biler – ýazyşan hatlarymyzyň suratlary (skrinşotlary), haýsydyr bir degişen ýerimizden goparylyp alnan bölek, şahsy ulanýan maglumatlarymyzdan ýygnalanlar.
Hasaby ele geçirýänler/döwýänler zyýan ýetirmek ýa-da gorkuzmak bilen bizden pul talap etmegi maksat edinýärler.
Bu ýagdaýa düşmezlik üçin, öňüni alyş çäreleri görmek zerurdyr. Islendik şahsy sahypany/hasaby nädip howpsyzlandyrmaly?
Çylşyrymly açar sözüni döretmek
Ýok, itiňiziň-pişigiňiziň ady däl, doglan günüňiz hem däl. Aňsat ýatda galýan, emma başgalaryň bilip bilmejek açar sözüni döretmek gerek. Mysal üçin, size wajyp bolan ady sanlar bilen sazlaşdyrmak.
Howpsyz açar sözi üçin maslahatlar:
Iň azyndan sekiz harply (uzyn bolsa has gowy)
Baş we setir harplaryň, sanlaryň we elementleriň sazlaşygy (garyşyk şekilde)
Howpsyz açar sözi üçin ulanmaly dal:
Loginyňyz (mysal üçin admin-admin gowy pikir däl)
Öňki ýa-da başga websaýtlarda ulanan parollaryňyz (käbir saýtlar howply, şol saýt döwülen ýagdaýynda siziň ähli ýerdäki hasaplaryňyz howp astynda bolar)
Klawiaturadaky yzygiderli harplar, meselem, “qwerty” ýa-da “asdfg” (açar sözüňizi bilmek ýeňil, birinji harpyny bileňsoň yzyny bilmek kyn bolanok)
Sözlükdäki ýa-da ýörgünli söz düzümi (sebäbi bilmek aňsat)
Köçede köp ulanylýan sözler, orfografiki ýalňyşy adaty ýörgün edilen sözler, tersine ýazylan sözler (şol sözi siz bilýän bolsaňyz, onda başgalaryň hem bilýändigini aňladýar)
Şahsy atlar: kompaniýanyň/edaranyň ady, söýgüliň ady, ene-ataň ady, başga bir garyndaşyňyzyň ady, öý haýwanlaryňyzyň atlary (sebäbi şeýle maglumaty siziň sahypaňyzda tapmak aňsat bolýar)
Ýaşyňyz, doglan günüňiz, telefon belgiňiz (bu maglumatlary hem bilmek kyn däl)
Iki-faktorly autentifikasiýany ulanmak
Iki-faktorly autentifikasiýa – siziň hasabyňyzy gorap biljek goşmaça serişde. Iki faktorly autentifikasiýasy bar bolan hasabyňyza gireniňizde (mysal üçin, täze enjamdan gireniňizde) diňe açar sözüni girizmek bilen çäklenmän, eýsem barlag koduny hem goşmaça girizmeli bolarsyňyz.
Barlag koduny almak üçin:
Autentifikasiýa üçin niýetlenen ýörite mobil priloženiýasy arkaly
Jaň ýa-da sms arkaly
Elektron hat/ynamly messenjere hat ibermek arkaly
Şeýle hem atiýaçlyk kodlary ulanyp bolýar. Iki-faktorly autentifikasiýany köp sistemalar hasaba duranyňyzda hödürleýärler. Şeýle sanlary/harplary hödürlenen tertipde skrinşotlap ýa-da belliklerde belläp goýsaňyz oňaýly bolýar. Sistema girmek üçin hiç bir usul işlemedik ýagdaýynda, ýagny ätiýaç kody hem işlemedik ýagdaýynda gerek bolmagy ahmal.
Hasabyňyza girişleri yzarlamak
Döwrebap sosial ulgam serişdeleri peýdaly gural bilen üpjün edilen – ýagny hasabyňyza ähli girişleri görüp bolýar. Onda haçan, haýsy brauzer ýa-da applikasiýa, haýsy enjamdan girenligiňizi görüp bolýar.
Eger sanawda nätanyş enjam bar bolsa (siziň telefonyňyz/ kompýuteriňiz/ planşedyňyz däl bolsa) ýa-da siziň ulanmadyk wagtyňyza gabat gelýän bolsa – onda açar sözüňizi çalşyň.
Hasabyňyza täze enjamdan girilendigi barada maglumat elektron poçtaňyza gelip biler. Şeýlelik bilen ulgam hasabyňyzyň işjeňligini barlaýar. Eger görkezilen wagtda ulgama giren siz bolsaňyz, onda jogap bermek zerur däl. Eger ulgama giren özüňiz däl bolsaňyz, hatyň içinde açar sözüni çalyşmak üçin göni ssylka görersiňiz.
NETIJE
Sosial media – durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi, ol ýerde käwagt az, käwagt köp maglumat bilen paýlaşýarys.
Şeýle hereketlerimiziň bize garşy ulanylmazlygy üçin hasabymyzy mümkin boldugyça goramaly. Şeýle hem, her bir postymyzdan ýa-da hatymyzdan öňürti özüňize “Aýdýan zadymy durmuşda başararynmy?” soragy soramak gerek!
196 |
23 |
0 |
3 |
0 |
0 |
3 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Ilkinji edebiýat birleşmämiz ☺
Menem birleşme barada birzatlar ýazaýjakdym, Basmaçylardan ýaňa ýazjagyňam ýazyp bolanok, bar höwesiňi alansoňlar ýazasyňam gelenok. Oňarypsyň, ý...dowamy...
Ýatla meni...
Bir mowzugy, bir gezek halamak mumkin! Esasy Sada halkyň göwnünden tursa, ol seniň ýazan zatlaryňy ýyldan ýyla nämejik, asyrdan asyra geçirýär....dowamy...
Ýatla meni...
Poeziyada lenc edilen pikirlerden gacarak durmak gerek. Meselem, gysda yazda yatla diyen yaly. Gosgyn icindaki uytgesijek bir zatlar aytjak bolma...dowamy...
Ahwal
Umuman alanda gosgyn tehnikasy sagdyn, duygusam bar. Birhili Cary Yegenmyradyn gosgularynam yatlatman duranok. indi minuslaryna gelsem kabir kapy...dowamy...
Edebi söhbetdeşlik Taýmaz Seýidow bilen sorag-jogap
Tuweleme, gowy sohbetdeslik bolupdyr. Taymaz agan jogaplaryny men-a gaty haladym. Ayratynam 12-nji sorag we jogaby gaty yerine dusupdir. Ustunlik...dowamy...
Ýüregimiň Sözleri❤️
söýgüň bäşiňisn, Belki ýaly bolup bir şahada 6 nar bolduň ýördüňaý. Hakylly bolarlara...dowamy...