Ýürekdeş sözler!
"YASHLYK DRAMASYNA" goshulmadyk bentler. (shahyryñ arhiwinden)
Dreamfull [off]
18.01.2024 / 17:57
Каждому нужен кто-то, кто его выслушает.
Ne-hä eshik bardy, ne-de bir çörek,
Ne-de gidenlerden bilerdik derek.
Söýüshmäge ýürek gerekdi, ýürek,
Meniñ ýigit wagtym,
Seniñ gyz wagtyñ.
Shonda-da käteler bälçiräp içgin,
Diýerdik: "Söýüshmek hemme wagt mümkin,
Öýlenmek - gerek zat köpelmek üçin,
Urshuñ gazap wagty,
Adam az wagty!..."
Bir ýyllap degmändi lebiñe lebim,
Diñe gatyshypdy demiñe demim.
Soñ bir gün bozuldy beýle edebim,
Meniñ Jeýhun wagtym,
Seniñ ýaz wagtyñ.
Bushlap Ýeñish bilen gutaran urhsy,
Aldygna ýüwürdim öýñüze garshy.
Bushlugmy lebiñden üzüldim ýagshy,
Meniñ ýigit wagtym,
Seniñ gyz wagtyñ...
Urush ýeñish bilen boldy-da tamam,
Iñ ilkinji soldat dolandy aman.
Sholdy ilki posa ilki bahanam,
Meniñ ýigit wagtym,
Seniñ gyz wagtyñ...
Sagymyz - derýady, çepimiz gaçy,
Toraññyñ saýasy. Awgustyñ 3-i.
Birden dolup gitdi gujagmyñ içi,
Meniñ bürgüt wagtym,
Seniñ gaz wagtyñ.
Gijeler adyñy nagsh edip shygra,
Gündizler özüñi basardym bagra.
Emma arzuwlarmyz barmady ugra,
Meniñ ýigit wagtym,
Seniñ gyz wagtyñ
113 |
12 |
3 |
2 |
0 |
0 |
1 |
Teswirler:
EjegyzS [off]
18.01.2024 / 18:04
+0
:smile:Birden dolup gitdi gujagmyñ içi,
Meniñ bürgüt wagtym,
Seniñ gaz wagtyñ...
:smile:
Dreamfull (18.01.2024 / 19:46)
EjegyzS, :sweet_smile:
EjegyzS (18.01.2024 / 20:24)
Dreamfull, ikilikçi :D
Bayradot [off]
Soyen yurek koyse yene son soyip bilermi???
18.01.2024 / 18:14
+0
Hakykymy ya gaze goshulanmy
Dreamfull (18.01.2024 / 19:46)
Bayradot, Hakyt ozi)
Arzuw [off]
Haýyşt saňa, Öňki meni gaýdyp ber!
18.01.2024 / 18:53
+0
bähh çynmyka
Dreamfull (18.01.2024 / 19:47)
Arzuw, Yalan yokdyr didi)
Arzuw (18.01.2024 / 20:17)
Dreamfull, kim diýdi)
Dreamfull (18.01.2024 / 21:03)
Arzuw, shuny yazan aytdy)
Arzuw (18.01.2024 / 21:03)
Dreamfull, kim ýazdy muny)
Dreamfull (18.01.2024 / 21:04)
Arzuw, Kerim agamyka dian
Arzuw (18.01.2024 / 21:04)
Dreamfull, şo toçnamy gaty geň galýan okap
Dreamfull (18.01.2024 / 21:07)
Arzuw, hawo Kerim agan gundeliginendi
Soňky teswirler
Soltan Jelaleddin. Ikinji garpyşyk
Awtory kim? Muhammet şa Heywere kesele üçrap aşyr adasynda yogalmayarmy?...dowamy...
Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
Islenen.ru da guralÿan edebiÿat agsamy konferensinde bir gezek sesiňizi eşidipdim, häsiýetiňize garamazdan owadan sesiňiz bar) hany şol sagada de...dowamy...
Ykbal Sazagy
Sen su adamlara samsykdyr oydyanmi? Emeli ana yazdyran bolgusyz gosgularyndan doldurylyan yer dal barsi. Indi seytsen pozjakdyryn....dowamy...