Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
zveezda : "Awarýa bolan şafýoryň diýşi ýaly" (birden öňümden çykdy) zveezda

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Garynjalar barada täsinlikler
Premium
 BAYOGUL [on]
 19.06.2024 / 09:40
 Yurekdesh.ru

– Garynjalar takmynan 110-130 million ýyl ozal arylara meňzeş jandarlardan emele gelipdir. Olar dinozawrlar bilen bilelikde ýaşapdyrlar. Ýöne bu ägirtlerden tapawutlylykda ýok bolup gitmändirler.
– Garynja koloniýalarynda onlarça million garynjalar bolup biler. Günbatar Afrikada ýerleşýän sawannada 1m2 toprakda 740 müň höwürtge ýerleşip, hersinde 2 mlrda golaý garynjalar ýaşaýar.
– Ýer şarynda garynjalaryň 12000 dürli görnüşi bar. Iň kiçi garynjalaryň uzynlygy 0,07 santimetr, ulularynyň uzynlygy bolsa 5 sm-e çenli ýetýär.
– Köp adamlar termitleri garynja hasaplaýarlar, aslynda termitleriň iň ýakyn garyndaşy tarakanlardyr.
– Ownuk garynjalar oňurgasyz jandarlaryň massasyndan ýokary bolup, ýer ýüzündäki haýwanlaryň umumy biomassasynyň 15-20% emele getirýär.
– Işçi garynjalar 3 ýyla çenli ýaşaýarlar, şa garynja 30 ýyla çenli höküm sürüp biler.
– Dünýädäki iň uly garynjalaryň superkoloniýasynyň ululygy 5 km-den geçýär.
– Ukus garynjalarynyň Paraponera çlaýata görnüşiniň çakmagy bilen güýçli agry ýüze çykýar we bu bir günläp dowam edýär. Olara ,,ok garynjalary’’ diýilýär. Sebäbi olar birzada hüjüm edenlerinde ok ýaly çaltlykda hüjüm edýärler.
– Alymlaryň hasaplamalaryna görä, garynjalar özlerinden 5000 esse agyr zatlary göterip bilýärler. Olar sekuntda 7,62 santimetr tizlikde ýol geçip bilýärler.
– Garynjalar has akylly jandarlardyr. Olaryň beýnisi 250 müň öýjükden durýar.
– Garynjalarda ýörite eşidiş organy ýok olar aýaklary we dyzlary arkaly eşidişi amala aşyrýarlar.
– Garynjalaryň her koloniýasynyň aýratyn ysy bar.
– Garynjalar suwdan geçmek üçin öz bedenlerinden janly köpri emele getirip bilýärler.
– Garynjalar zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin janly organizmleri ösdürip ýetişdirmäge ukyplydyrlar, meselem kömekleri.
– Mör-möjekleriň esasy käri gyşa iýmit ýygnamak bolup durýar. Olar gijesine ýygnan däneleri toplaýarlar, gündizlerine bolsa guratmak üçin daşaryk çykarýarlar. Garynjalar bu amal üçin gurak howany saýlaýarlar.
Çeşme:https:ashgabat.in


241

18

3

5

0

0

2
Teswirler:
 Täzeje
 Saryyevv [off]
 19.06.2024 / 09:54

+0

Like

 Täzeje
 Arabchik [9s]
  🧠on,🫀off.📌
 19.06.2024 / 10:33

+0

Gowy tasinlik eken dos.mlds

 Täzeje
 Agzamen [off]
 19.06.2024 / 13:42

+0

 Alymlaryň hasaplamalaryna görä, garynjalar özlerinden 5000 esse agyr zatlary göterip bilýärler. (goýsanaý)

– Dünýädäki iň uly garynjalaryň superkoloniýasynyň ululygy 5 km-den geçýär.

– Garynja koloniýalarynda onlarça million garynjalar bolup biler. Günbatar Afrikada ýerleşýän sawannada 1m2 toprakda 740 müň höwürtge ýerleşip, hersinde 2 mlrda golaý garynjalar ýaşaýar. (goýsanaý)


Täzeje
Endorphin  (19.06.2024 / 20:07) 

Agzamen, öz bedenine gora in agyr zady goterip bilyan garynja bolmaly


Täzeje
 (19.06.2024 / 20:08) 

Luckyboy, 5000 esse näçe bolup gidýärow ol ýalan maglumat 100%

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Admin aga yuklemeleri goyun Programma duzdum solary ilçilige paýlajak...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Akademik3 (Düýn, 23:44)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Okadym, 👍...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Orazjan (Düýn, 22:26)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


wuuw okayjakdym uzyn eken son bosh wagtym okaryn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Diamante (Düýn, 21:00)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


bunyňy imo foruma hödürlejekdälmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Fantom (Düýn, 18:36)

Käbäme


Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk? ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäme
Fantom (Düýn, 17:18)

Aÿyplaşma!!!


Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe... Like: 8 Awtor: bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Fantom (Düýn, 16:49)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ýene 1 like al, imo foruma alynýamy göreli ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Fantom (Düýn, 16:45)

Ilki bilen Salam


Ine bu mowzukda meniň köneje tanyşlarym üýşüpdir Talyplardaky:-) Nähili Rakuten agza?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Perhat_Sabirovv (Düýn, 14:55)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Goshgylary gozlemek ucinmi ? gereksiz funksiya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Boniya (Düýn, 14:14)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Borrrrrrr...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
rexha (Düýn, 12:45)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика