“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | EDEBIÝAT | Şygryýet

Ykbalymyň halasgärine
Premium
 Belki [off]
 24.06.2024 / 20:14
 Kupa kızı, sinek valesi ❤️

YKBALYMYŇ HALASGÄRINE



"Günüň iň garaňky sagatlary Güneş dogmagyndan öňünçädir" diýilýär. Ruhumyň özüni ýitiren, göwnümiň çöken , ykbalymyň nähilidir gudrata garaşýan günlerinde sataşdym saňa.
Senden owal kän ýalňyşlyklar goýberdim, ynanmasyz adamlara göwün mülkimden meýdançalar bölüp berdim, ökündim. Barybir, batgalykdan çykmaga çabalanýan kişiniň çabalandygyça has-da çümüp gidişi ýaly ýalňyşlarymdan dolanyp bilmedim. Ine, şonda eşitdim sesiňi: "Gel" diýdiň gulagyma ýakan owazyň bilen. Halas bolmagymyň ýoly sendiň. Berdaşly gollaryň bilen çekip çykardyň çümen gussamdan. "Belki-de bu şol --- seniň garaşan ynsanyňdyr" diýdim özüme (owallar muny kän diýendigime garamazdan) . Ähli ýalňyşlyklarymdan halas etjek ykbalymyň ýeke-täk dogrusy sensiň belki-de.
Ýüregimiň daşymda däldigem gowy zat, ýogsa ýaralaryndan ýaňa görer ýaly bolmazdy. Senem owal ýaralanan ekeniň. Iki sany ýaraly ýürek bir ykbalda birigip bilmezmi?
Ynsan näme üçin bagtly pursatlarynda aglaýar? Munuň sebäbine hut şu pursat --- bagtdan ýaňa aglaýarkam göz ýetirdim : Bagta sataşmazyndan owalky ejirleriň ýadyňa düşer eken. Şu günden şeýläk durmuşymy seni bagtly etmäge sarp edesim gelýär. Çünki, bagtly bolmagyň ýoly bagtly etmekdir. A sen? Sen taýýarmyň durmuş ýoluňda meni özüňe ýoldaş edinmäge?

Bellik: Bu hatymy saňa heniz okatmak islämok. (Heniz tanyşlygymyzyň bary-ýogy üçünji güni.) Onuň öz wagty bar. Eger şol wagt gelende ýanymda bolsaň, hökman bu hatdan habardar bolarsyň. Göreli, ykbal bu hatdaky duýgulary mamla çykararmyka?

24.06.2024 ý

@Belki


198

13

7

2

0

0

1
Teswirler:
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hormatly ulanyjylar !


Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
baanu (04.09.2025 / 15:02)

Hassa/ hekaýa


Gowy eken...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
baanu (04.09.2025 / 15:00)

Hassa/ hekaýa


Berekella! Täsirli!...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Fantom (02.09.2025 / 21:26)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Şemal...dowamy...

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Garasoymez...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Düşnükli...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Beter (01.09.2025 / 23:15)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Kella gelen birinji soz...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Haýsy dilden terjime edildikä...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
PeRMaN (01.09.2025 / 21:24)

Hormatly ulanyjylar !


id 106...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Beter (01.09.2025 / 09:52)

Hormatly ulanyjylar !


Men nikmi acyp bolonokmy ini😔...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Jasminam (31.08.2025 / 23:00)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->