Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Ayjahan : Unuttun mu beni? Her şeyimi Sildin mi bütün İzlerimi

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

ARAKKEŞLIGIŇ SOŇY
Premium
 BAYOGUL [on]
 26.06.2024 / 19:46
 Yurekdesh.ru

Myrat maña Begmyrat kapitanyñ öýlerine baryp gaýtmaga ýoldaş bolmagymy haýyş etdi. Men onuñ sebäbinem soraman:

-Bolýar dost, baryp gaýdaýarys-diýip klasdaşym we iñ ýakyn dostum Myrat bilen Begmyrat kapitanyñ öýlerine ugradyk. Men gapynyñ agzyna baryp, gapyny iki-üç gezek kakanymdan soñra içerden Begmyrat kapitanyñ sesi geldi:

-Giriberiñ gapy açykdyr.

Men gapyny açyp içeri girjek boldum . Emma Myrat añyrraga çekilip mölirgäp duruberdi. Men Myrada:

-Ýör dost öýe gireli-dä-diýdim. Myrat şonda-da sesini çykarman şol duran ýerinde durdy. Men Myradyñ bolup durşuna gaharlanyp:

-Ýör-dä indi beýdip durma-da, girjek bolsañ gir-dä-diýip gygyrdym. Soñ gapyny açdym. Şol wagt Begmyrat kapitan gapa tarap ýöräp gelýärdi. Myrat onuñ gelýändini görip derrew aşhananyñ içine okdurlup girdi. Menem onuñ yzyndan ylgadym. Soñra Begmyrat kapitan ýanymyza ylgap geldi-de, Myradyñ ýakasyndan tutup zor bilen özüne çekip başlady.
Myrat bolsa ýarym-ýaş bolup kapitana dilinden gelenini diýip gargaýardy:

-Göýber haramzada göýber. Bu eden işleriñ bilinmez öýtme haramzada, ahyrsoñy biliner bu edenleriñ, göýber...

Men nämäniñ nämedigine düşünip bilmän şol bir duran ýerimde durdum. Soñra "Myrady bir halas edeýin "diýip aşhana tarap ylgadym.

Barsam gapynyñ agzynda Myrat gözlerine ýaş aýlap öýe girmejek bolup bar güýjüni aýaman yza çekilýärdi. Kapitan bolsa:

-Gel jigim, saña hakykaty görkezjek gel, gel, gel diýýân saña, hakykaty görkezjek-diýip bar güýji bilen Myradyñ ýakasyndan tutup çekýärdi. Men Myradyñ bilinden, soñ kapitanyñ elinden tutup çekip başladym. Ahyry Myrat kapitanyñ elinden sypyp klubyñ içine gaçyp gitdi. Ýöne kapitan bizi kowalajagam bolmady. Ol gapyny içinden gulplap agyr oýa batdy. Şol pursat öýüñ içinden onuñ horkuldap aglaýan sesi eşdilýärdi. Myrat kapitanyñ yzyndan kowalamaýandygyny duýup öýden biraz daşlaşdy-da ýörâp başlady. Men onuñ yzyndan ýetip, ýanyndan ýöredim.Men henizem hiç zada düşünmeýârdim. Edil şol wagt Myratdan nâmeleriñ bolýanyny soramana girişdim. Myradyñ ýüzüne seretsem ýüzi jym-gyzyl bolupdyr,ýakasy bolsa biraz ýyrtylypdyr. Soñ men hiç zat geplemedim. Öz içimden "Goý aglap biraz köşeşsin soñurak soraýarynda "diýip öz-özime göwinlik berdim. Şol barmana biz obasebede golaýladyk. Ahyry men özimi saklap bilmân:

Myrat, aýtsana indi näm boldy size. Biz näm üçin obasebede barýas?-diýip soradym. Myrat soragyma bir agyz:

-Hâzir bilersiñ-diýdi-de obasebede girip gitdi. Az wagtdan soñ Myrat obanyñ üçasgaboýy bilen gapydan çykdy. Biz üçasgaboýyñ ulagyna münüp Begmyrat kapitanyñ öýlerine tarap ugradym.Men maşynyñ yzynda oturdum. Myrat maşynyñ öñüne münüp üçasgaboýa âhli bolan wakalary gürrüñ berip gelýârdi.

* * *

Bu wakanyñ döremegine iki çüýşe arak sebâp bolupdy. Tâze ýyl gijesi arakdan bez bolan serhoş kapitan iñ ýakyn dosdy. Annageldiniñ öýlerine geldi. Öýe girdi. Saçak başyna geçdi. Ahyry arak cüýşâni öñlerine atdylar. Iki ülpet arak başynda degişip-gülişip "hahahaýlaşyp "oturdylar. "Hahahaýyñ"soñy dawa ýazdy. Soñ urşa. Arakdan serhoş bolan alkaşlar özara garpyşdylar. Öý eýesi Annageldi eline ilen pyçagy aldy-da. Begmyrat kapitanyñ üstüne topuldy. Ýöne onuñ öz pyçagy,öz tenine girdi.

* * *

Ahyry biz Begmyrat kapitanyñ öýlerine bardyk. Men indi hasam howatyrlanyp başladym. Üçasgaboý bize:

-Siz maña maşynda garaşyñ-diýip özi seresaplylyk bilen Begmyrat kapitanyñ öýlerine ugrady. Bâş-on minut geçenden soñ ol lapykeç ýagdaýda yzyna dolandy. Soñra ol bize:

-Baryñ oglanlar siz öýiñize gaýdyberiñ-diýdi. Ýöne biz wakanyñ anygyna ýetmân öýe dolanasymyz gelmeýârdi. Biz hiç zat geplemân üçasgaboýyñ ýüzüne seredip durduk.Ahyry üçasgaboý içini çekip şeýle diýdi:

-Begmyrat özine asypdyr...

© Gerçeknazar AMANNAZAROW


132

11

3

2

0

0

1
Teswirler:
 Gytyndan
 Yekejelai [off]
  Øzime_dønein?
 26.06.2024 / 22:39

+0

gynancly waka ekenai

 Täzeje
 Agzamen [off]
 26.06.2024 / 22:48

+1

Düşnüksiz.
Bir sydyrgynlyk bilen aňlatma ýok. Şeýdip gürrüňe güpbasdy girmek gowam welin. Ýöne munda gowylygyň deregine gaýtam manysyzlyk, düşünüksizlik beripdir.

Gülkümiň tutýan ýerleri bolsa..
Uçaskaboý
Obasebet (jannowan çykagaňow indi şu orsuň guýup giden porsylyklaryndan. Arassalanyň. Nämaň "obasebedi" . Dogry ýazylan bolsada hiç ol söz) bu näme indi obaň sebedimi


Premium
BAYOGUL [on] (27.06.2024 / 08:30) 

Agzamen, obasebet ucaskaboy gundelik durmusdada ulanyp yoren sozumiza ya siz tarapda bilemok name diyilyani biz tarapda hazirem su sozler ulanylya :


Täzeje
 (27.06.2024 / 14:19) 

BAYOGUL, uçaskaBOÝ diýilýän däldirä
Ulanylmaýan söz diýemok menem. Ulanýas. Ýöne indi ulanyşdan galdyrylmaly sözler şul. Esasanam eserlerde ulanylmaly däl.

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 28.06.2024 / 16:28

+0

Begmyrat özine asypdyr... şuňa gynandym

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

)😁Degisme


Öňem bir daşary ýurt degişmesi bara... Bir döwletde syýasy gapma-garşylyklaryň güýçlenen günlerinde bir edara işgäri ikiýüzlilik edip kommunistle...dowamy...
Erkin mowzuklar | )😁Degisme
Kesxa (Şugün, 12:26)

Doganyňdyr


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Doganyňdyr
BAYOGUL (Şugün, 12:07)

Atamyň


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Atamyň
BAYOGUL (Şugün, 12:06)

Ykbal Bolmady


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ykbal Bolmady
BAYOGUL (Şugün, 12:05)

Ýazga geçirilen ýűrek gűrrűñi


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýazga geçirilen ýűrek gűrrűñi
BAYOGUL (Şugün, 12:05)

Güljan.


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Güljan.
BAYOGUL (Şugün, 12:04)

Şu gun sana kop zat aydasym geldi


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Şu gun sana kop zat aydasym geldi
BAYOGUL (Şugün, 12:03)

Yeñiş bn gutlaýaryn!!!


Dun berdi daminsuny tm kanallaryn hemmesinden berdi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yeñiş bn gutlaýaryn!!!
BAYOGUL (Şugün, 12:01)

El classiko 35 tur Barselona ---Real


Real basda gowy baslady sonuny bulasdyrdyda...dowamy...
Sport älemi | El classiko 35 tur Barselona ---Real
BAYOGUL (Şugün, 11:59)

Gosgularym


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
BAYOGUL (Şugün, 11:58)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика