Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Машарипова : maybe in another life you'll be mine.#.fileo

Forum | JEMGYÝET WE YNSAN | Zenanlar bölümi

Saça ideg etmek barada
 Özümiziňki
 Aynabat [off]
 26.06.2024 / 19:57
 Слава Аллаху.

Saçy ýuwmak we guratmak gündelik işiň bir bölegini düzüp, saça ideg etmekde dogry usullary ulanmak esasy şertleriň biri bolup durýar. Saçyň görnüşine, uzynlygyna ýa-da gysgalygyna görä ideg etmegiň usullary hem dürlüçe bolýar.
Köp ýuwmak zyýanlymy?
Saçy aşa köp ýuwmak hem-de suwuň aşagynda köp saklamak onuň zeperlenmegine getirip bilýär. Çygly saç gury saç ýaly berk bolman, güýjüni ýitirýär. Saçyň esasyny düzýän we saçyň reňkini emele getirýän korteks maddasy aşa çyglylyk ýagdaýynda düzümini üýtgedip, saçyň döwülmegine we düşmegine getirýär. Suw saçdaky keratiniň gowşak wodorod baglanyşygyny emele getirýär. Keratin saçyň çeýe we sagdyn bolmagynda möhüm orun eýeleýän belok bolup, saçyň gorag diwary bolup hyzmat edýär. Bilermenleriň bellemegine görä, belok baglanyşygy gury saçda çygly saç bilen deňeşdirilende has berkdir. Bilermenler düzgün bolşy ýaly, saçy iki-üç günden bir gezek ýuwmagy maslahat berýärler. Bu ýagdaý saçyň görnüşine görä üýtgäp hem biler.
Saçy dürli usulda guradyp bolar. Ýöne ýalňyş usullar saçyň düşmegine we zaýalanmagyna getirip biler. Geliň, saçy guratmagyň käbir usullary bilen tanyş bolalyň!
Howada guratmak. Bu usulda hiç hili enjam ulanmazdan, saç ýyly howada guradylýar. Iň gowy usullaryň biri hasaplanýan bu usulda süpürgiç arkaly saçyň çygy aýrylyp, soňra saç erkin ýagdaýda goýberilýär. Görnüşine, uzynlygyna ýa-da gysgalygyna baglylykda, saç 30 minutdan 2-3 sagadyň dowamynda howada dolulygyna guraýar. Bu usul tebigy ýagdaýda amala aşyrylyp, saçyň zeperlenmeginiň öňüni alýar.
Süpürgiç bilen guratmak. Köp ulanylýan usullaryň biri hem saçy süpürgiç arkaly guratmakdyr. Emma bu usulda aşa köp sürtülme sebäpli saçyň berkligine zeper ýetip biler. Şeýle hem saçyň döwülmegine getirmegi mümkin. Bilermenler hammam süpürgijini diňe saçyň suwuny aýyrmak üçin ulanmagy maslahat berýärler. Eger-de yzygiderli süpürgiç ulanylýan bolsa, onda saça nemlendiriji kremleri çalmaly.
Saç guradyjy enjam bilen guratmak. Saç guradyjyny ulanmak – saçdaky suwy çaltlyk bilen aýryp guratmak ajaýyp usullaryň biridir. Ýöne bu usulda emeli ýylylyk saça ep-esli derejede täsir edip, onuň zeperlenmegine we wagtyň geçmegi bilen düşmegine getirýär.
Maslahatlar:
Saç ýuwlandan soň, kelleden başlap saçyň ujuna çenli artykmaç suwy sykyp aýyrmaly. Suw damjalary dammagyny bes edenden soň, saçy süpürgiç bilen süpürmeli. Süpürgiji ýuwaşlyk bilen gysyp, saçyň arasyndaky damjalary çekdirmeli. Eger-de saç uzyn bolsa, süpürgiji biraz örtüp goýmak hem bolar. Ýöne bu usuly 20 minutdan köp ulanmaly däl. Çygly süpürgiji uzak wagtlap saça örtüp goýmak zyýanlydyr. Saç guratmakda çyglylygy özüne gowy çekýän ýumşak süpürgiçleri ulanmak has peýdalydyr.
#internet sahypalary


162

9

2

2

0

0

0
Teswirler:
 Özümiziňki
 Diamante_08 [off]
  Sessizliğim çığlığımın terbiyelisi...
 26.06.2024 / 21:47

+1

Sag bol yetirenine, tak sheytyan mena sacymy


Özümiziňki
Aynabat  (26.06.2024 / 21:50) 

Diamante_08, uzynmy


Özümiziňki
Diamante  (26.06.2024 / 21:50) 

Aynabat, hawa uzyn menki


Täzeje
 (26.06.2024 / 22:05) 

Diamante_08, naçe metr


Özümiziňki
Diamante  (26.06.2024 / 22:07) 

Agzamen, metrlaba yok

 Gytyndan
 Yekejelai [off]
  Øzime_dønein?
 26.06.2024 / 22:42

+0

gowy maslahat

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Kaptalizma disss


Nirdaki yok mowzuk mena halamdym...dowamy...
Erkin mowzuklar | Kaptalizma disss
Watjik (Şugün, 11:56)

Kaptalizma disss


Tertio duzgunem gowy saklanyar kapitalizmde...dowamy...
Erkin mowzuklar | Kaptalizma disss
Ahmal (Şugün, 11:17)

Unudyp bilemok.


Goshgy gowy,her setirinin manysy has erbet yatlamalary yatlamagyna sezewar etya...dowamy...
Degişmeler älemi | Unudyp bilemok.
rexha (Şugün, 08:03)

Unudyp bilemok.


Olam shol unudan adamyn senin aňyňda goyan yatlamalarna bagly,karoche unutdum diyenindede hokman birgun yatlanylyar...dowamy...
Degişmeler älemi | Unudyp bilemok.
rexha (Şugün, 08:02)

Unudyp bilemok.


Unutmak kyn ish,yone unudanyndan son shony arasynda ya goz yash bilen yatlarsyn yada yuzunde bir yylgyrysh doredip yatlarsyn...dowamy...
Degişmeler älemi | Unudyp bilemok.
rexha (Şugün, 08:01)

Unudyp bilemok.


Awtory kim?...dowamy...
Degişmeler älemi | Unudyp bilemok.
Sebap (Şugün, 07:51)

Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.


Emeli añyn ozi terjime etyara...dowamy...
Zenanlar bölümi | Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.
Watjik (Şugün, 07:43)

Test


Onyaly soygi galdymow,senin indi oýune getirenine kayyl bolanaklar nm icin erkeklen sacy duship callt garrayalar,sebabi eltenini iyip on bilenem...dowamy...
Erkin mowzuklar | Test
Arsi (Şugün, 05:52)

Test


Biz dűnÿă gelende hiç zatsyz geldik. ALLA műñ şűkűr işlerimiz ugruna hem gaty gowi. Nesibeli gűn bardyr őÿlenmegiñem. Esasy zat men ony tanaÿan,...dowamy...
Erkin mowzuklar | Test
@menin_dunyam (Şugün, 01:17)

Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.


Dushunmeyani uchin zeyrenip yzygider ideg isleyan,nu olam bolanyok shon uchinem sho kishi bozuklygy mende bolya...dowamy...
Zenanlar bölümi | Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.
rexha (Şugün, 01:11)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика