Ginnesiň rekordlar kitaby ilkinji gezek 1955-nji ýylda Beýik Britaniýada iňlis dilinde çapdan çykarylýar. Onuň awtory ýa-da baş redaktory Kreg Glendeý hasaplanýar. Bu kitaby çap etmek pikiri angliýaly Hýu Biwer tarapyndan orta atylypdyr we Ginnes kompanýasyna sargyt esasynda çykarylypdyr. Ilki ilkiler bu kitapda anyk ylmy maglumatlar görkezilipdir. Bütin dünýäde iň köp okalýan kitap hökmünde hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen hasap edilýär.
2005-nji ýyldan häzirki güne çenli her ýylyň 9-njy noýabry Bütindünýa Ginnesiň Rekordlar güni diýlip bellenilip geçilýär. 2005-nji ýylda Beýik Britaniýanyň NBS teleýaýlymynda Ginnesiň rekordlar kitaby atly gepleşigi döredildi we bu kitabyň meşhurlygy has hem artdy.
Ginnesiň rekordlar kitaby:
-Baýlyk
-Ýetilen dereje
-Bilim
-Sungat we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri
-Adam
-Edermenlik
-Şöhrat
-Sport
-Häzirki zaman tehnologiýasy ýaly bölümleri bar.
Ginnesiň rekordlar kitaby dünýäde iň ir doglan çagany hasaba aldy
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Birmingem Alabama uniwersitetiniň hassahanasynda dünýä inen bäbejik enesiniň göwresinde bary-ýogy 21 hepde ýatdy-da, sabry ýetmän ýagty dünýä çykdy. Aslynda, bu täsin ýagdaý 2020-nji ýylyň iýul aýynda ýüze çykdy. Ginnesiň rekordlar kitaby ýaňy-ýakynda ony dünýäde iň ir doglan bäbejik hökmünde bellige aldy
Doglan wagtynda bäbejigiň agramy 420 gramdan kän däldi. Ginnesiň rekordlar kitabynda berilýän maglumatlara görä, Minsiň (çaga şeýle at goýdular) ýaşamak mümkinçiliginiň örän ujypsyzdygyna garamazdan, onuň berilýän bejergilere oňyn jogap berip bilýändigini we ýagdaýynyň gitdigiçe gowulaşýandygyny gören lukmanlaryň özi hem bu ahwala haýran galdy. Hepdeler geçdigi saýy bäbejik özüne geldi we güýçlendi.
275 günläp hassahanada ýatan bäbejik we onuň ejesi diňe şu ýylyň 6-njy aprelinde öýüne goýberildi. Täsin ýagdaý. Dünýä inen wagty ýaşamak mümkinçiligi 1 göterimden hem az bolan bäbejik öýüne sagdyn dolandy.
internet sahypalary
158
11
11
4
0
0
0
Teswirler:
Täzeje Agzamen [off] 27.06.2024 / 19:44
+0
Howwa täsinjej zatlar eken
Täzeje Agzamen [off] 27.06.2024 / 19:44
+0
Mlds
Täzeje Agzamen [off] 27.06.2024 / 19:45
+0
Ýetirip dur
Täzeje OLiNKa(27.06.2024 / 22:35)
Agzamen, yitiripdir
Täzeje Agzamen [off] 27.06.2024 / 19:45
+0
Gowy eken
Täzeje Agzamen [off] 27.06.2024 / 19:45
+0
Like
Täzeje Agzamen [off] 27.06.2024 / 19:45
+0
Haladym
Täzeje Agzamen [off] 27.06.2024 / 19:45
+0
Like diýmek haladym diýmek
Täzeje Agzamen [off] 27.06.2024 / 19:46
+0
Haladym diýmek like diýmek
Özümiziňki Aynabat(27.06.2024 / 19:58)
Agzamen, sagbol
Gerekli Aixcam_nx [off] Raionymyn ovadanjasylai_nx 27.06.2024 / 22:35
Öňem bir daşary ýurt degişmesi bara...
Bir döwletde syýasy gapma-garşylyklaryň güýçlenen günlerinde bir edara işgäri ikiýüzlilik edip kommunistle...dowamy...