“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
Росия : Men ulumsy däl prosta özume gerekmejek adamlara yuz beremok

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

,,Ýazgytmy bu..." 2-nji bölüm
 Öwreniji
 Gost [off]
 19.01.2024 / 18:53

Beýleki günlerem Bahar üçin üýtgeşik geçmedi ýöne Serdar Baharyň nomerini gözleýän eken. Baharyň oglan synpdaşlary Serdara nomerini berjek bolsalaram ýok özünden aljak diýip almandyr. Bu gürrüňler Baharyň gulagyna eşdildi jorasam günde diýen ýaly Bahara azar berýädi şu oglan mekdebede seň üçin geçdi aýtmady diýme diýýädi. Günlerden bir gün Serdar Baharyň ýanyna geçip otyrdy synpdakylar özleriçe başagaýdylar bu ýagdaýa känbir ünsem bermediler. Bahar oturan ýerinden turmak isledi onnada Serdar:
- haýyşt edýän oturaýda bir zat aýtjak, diýdi. Bahar oturdyda Serdaryň ýüzüne gaşlaryny çytyp seredip durdy Serdar gyzaryp aljyrap başlady. Bahar öňüne seredip oturdyda olam hiç zat gürlemedi birden Serdar ýuwaş ses bilen:
- Men seni söýýän Bahar, diýdi. Baharyň üssünden gaýnag suw guýulan ýaly boldy ýerä ýarylmady Baharam girmedi utanjyna mugallymdan rugsat alyp dersden çykdy. Daşarda 15-20 minutdagy sowukda otyrdy, jaň kakyldy yzyndan jorasy geldi
- näme boldy agyz seredip otyrdym size çym-gyzyl boldyň pamadora meňzediň, diýdi. Bahar hiç zat gürlemedi, onda-da jorasy sorap goýmanlygy sebäpli aýtdy
- Serdar meni gowy görýän eken, diýdi jorasy aýtdyma men saňa diýip hezil edip güldi. Bahar jorasyna:
- synpdan zatlarymy getirip beräýdä rugsat alyp gaýtjak synpa girmäge utanýan, diýdi. Jorasy Baharyň zatlaryny synpdan getirip berdi
-sen arkaýyn gaýt mugallyma özüm bir zat diýern, diýip jorasyny öýüne ugratdy. Şol günden soň Serdar Bahardan nomerini sorap goýmady, ýalbardy. Günde mekdepden gaýdylanda Baharyň öýüne çenli yzyndan gidip ýalbarýady. Onda-da Bahar Serdara ynanmady, gorkýady aldanarn öýdüp, öz üstünden gülerler öýdüp hem özüçe söýgä entek ir diýýädi...

Dowamy bar...


210

17

10

9

0

1

1
Mowzugy vip edenler:
Perman - 1 sagat vip etdi!
(21.01.2024 / 13:00)
Teswirler:
 Öwreniji
 Gost [off]
 19.01.2024 / 18:53

+0

+10likee gelenden soň goýjak dowamyny

 Täzeje
 Oykelegim [off]
 19.01.2024 / 18:59

+0

Goyda yzyny please


Öwreniji
Gost  (19.01.2024 / 19:10) 

Oykelegim, 10like gelsin goýjak)

 Gerekli
 Dreamfull [off]
  Каждому нужен кто-то, кто его выслушает.
 19.01.2024 / 20:58

+0

Yene soygimi...ono yzy gzkdal.

 Täzeje
 Maksat [off]
 19.01.2024 / 21:55

+0

Sonyaly agras gyzam bamyka

 Täzeje
 Maksat [off]
 19.01.2024 / 21:57

+0

Al menden 8nji like

 Öwreniji
 Gost [off]
 20.01.2024 / 05:16

+0

3nji bölümde başarsam soňlajak!

 Özümiziňki
 Perman [off]
 21.01.2024 / 02:47

+1

Gost, näme sewäpli soñlajak, tañkydy dogry kabul etsene?!
Ýadyñdamy, çaganyñ ýörjen ýörjen bolýanja gowja pursady...
Çaga ýykylýar (aglaýar, diñdirilýär, diñýär...) ýöne ýöremegi öwrenmekden galmaýar.
Men seni çaga deñedigim däl emma, sen pikirlenip gör, bir tañkyt üçin ýazmagyñy goýsañ (täsirli edip ýazmajak we ýalñyşyñy dûzetmejek bolsañ) gidip barýan ýoluñy terk etseñ, ýokarda, mysal getirilen çagadan hem pese düşmegiñi pikirlen...
Diýjek bolýanyma düşünen bolsañ gerek, saklanma Dowam et, Ýalñyşlygyñ barlygyna (syýn edijileriñ köpligini bilip) ruhlanan halyñda dowam et ! #maslahat

Temadan çykmalam bolsan bir fakty getirmek isledim @Gost.
Ýokardaky (ýokary wezipeli) adamlaryñ geçmişlerini birja gyzyklan hany, şolar, güniñ aşagynda ýatyp tutup ertilenak häzirki derejesine.
Ýa-da iñ bärkijesi, seniñ mekdebe barmagyñ, harp tanamagyñ... Şol wagt (öwredilmän) ýüz ugro okap gitmedigiñ belli zad, dogrymy ? Saña belli bir adam ýazmagyña kömek berdi, öwretdi...
Seniñ ýalñyşyñy ýüze çykaran adamy hem şo ýazmagy öwrede adam mysaly kabul et we ýalñyşyñy düzet-de ýolyñy dowam edip gör (ýalñyşýañmy) bilmegiñ üçin...

Diýjek bolýanym, sen ahyryna gelme, ýokarky tema asyl tanamlanmaly hem bolsa yzyny başga bir esaslar bilen ýaz (soñlama). Saña maslagat berýän adam hökman yzyna sereder (beren maslagatynyñ netijesini görmeklik üćin), ýalñyşyñy düzedip ýaz. Tä ýalñyşyñ düzelýänçä dowam et @Gost.

Bir gün geler, şol pursat şu diýenimi edeniñe öz öziñden hemem menden minnetdar borsuñ, InshAllah

 Özümiziňki
 Perman [off]
 21.01.2024 / 03:08

+0

seniñ etjek bolýan işiñde, öz eden ýalñyşlygymy görenm üçin saña maslagat berýärin.
Hiç hili uzyn teswir ýazyp görmändim men, ynan. Ýokardaky ýazan ýazgym birinji gezek ýazan uzyn (internede gelenim bäri-ni hasaplasam) teswirimdi we ynanýaryn, sen maslahatlara gulak asýan ynsan :)

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Islenen.ru da guralÿan edebiÿat agsamy konferensinde bir gezek sesiňizi eşidipdim, häsiýetiňize garamazdan owadan sesiňiz bar) hany şol sagada de...dowamy...

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Borrr gelleje...dowamy...

"Durmuşyň Özi Gutarylmadyk bir Goşgudyr"


Wot👍👍...dowamy...

Bagana telpekli adam


😁 bir ermeni işdeş 50 ýaşdan soň kesdiripdir....dowamy...
Erkin mowzuklar | Bagana telpekli adam
Didar (18.06.2026 / 20:37)

Bagana telpekli adam


Bäh, ýatlatdyňaý......dowamy...
Erkin mowzuklar | Bagana telpekli adam
MaD_B (18.06.2026 / 19:46)

Ykbal Sazagy


Sen su adamlara samsykdyr oydyanmi? Emeli ana yazdyran bolgusyz gosgularyndan doldurylyan yer dal barsi. Indi seytsen pozjakdyryn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ykbal Sazagy
Belki (18.06.2026 / 17:48)

Hudaýsyzlar (bolan waka ) 1- nji bölumi


Dowamyny okajak...dowamy...

Goşgy_1


Jana❤️...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Goşgy_1
Zinnush (18.06.2026 / 05:28)

Dünye


Gowy goşgy eken welin.. " pişini" diýeni nämekä?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünye
Orazjan (17.06.2026 / 19:57)

Maňa sabyr ber Allam!!!


" Sabyr soňy salamat."...dowamy...
Erkin mowzuklar | Maňa sabyr ber Allam!!!
Orazjan (17.06.2026 / 19:46)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->