Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
OrazM : Öyümde öylänlik alada iti kowup yerinde yatyp yorun yöne şondada siz bn online sps

Forum | UMUMY BÖLÜM | Dünýä täzelikleri

Dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleri
Premium
 Bayogul [on]
 03.07.2024 / 17:49
 Yurekdesh.ru

Leland Stenford Junior uniwersiteti, Stenford uniwersiteti diýlip hem tanalýan, San-Fransiskodan 40 km günorta-gündogar uzaklykda, ABŞ-nyň Koliforniýa ştatynda ýerleşýän hususy ýokary okuw mekdepleriniň biridir. Uniwersitet häzirki wagtda dünýäde iň uly býudjetli 3-nji uniwersitetdir. Bu ýokary okuw mekdebinde hukuk, işewürlik we lukmançylyk ýaly ugurlarda bilim berilýär. Onuň düzüminde Stenford ýokary biznes mekdebi, şeýle hem, ylmy-barlag institutlary ýerleşýär. Bu ýokary okuw mekdebiniň uçurymlary “Yahoo!”, “Google”, “Electronic Arts”, “Cisco Systems”, “Nvidia”, “Sun Microsystems”, “Silicon Graphics” we “Hewlett-Packard” ýaly dünýä belli kompaniýalary esaslandyrdylar. Bu uniwersiteti demir ýol kompaniýasynyň eýesi we Koliforniýanyň gubernatory bolan Leland Stenford we aýaly Jeýn Stenford esaslandyrdy. Uniwersitetiň ady, Stenford maşgalasynyň ýeke ogly, 16 ýaşynda taýf gyzzyrmasy sebäpli aradan çykan Leland Stenford Jr.-yň hatyrasyna goýuldy.

Kembrij uniwersiteti Beýik Britaniýanyň Kembrij şäherinde ýerleşýän döwlet gözleg uniwersitetidir. 1209-njy ýylda esaslandyrylan bu ýokary okuw mekdebi iňlis ýurtlarynda 2-nji we dünýäde bolsa 4-nji gadymy mekdepdir. Oksford uniwersitetinde ýerli ilat bilen düşünişmezlik netijesinde, ol ýerden göçüp gaýdan akademikler tarapyndan döredilen bu ýokary okuw mekdebiniň Oksford uniwersiteti bilen gaty meňzeşligi bardyr. Häzirki wagtda ýygy-ýygydan duş gelinýän «Oksbrij» adalgasy hem şondan gelip çykandyr. Bu ýokary okuw mekdebi 31 sany kollejden we 100-den gowrak akademiki bölümden ybaratdyr. Uniwersitetiň taryhy binalary bolsa şäheriň çar tarapyna ýaýran, olaryň köpüsi özüniň owadanlygy we gadymylygy bilen meşhurdyr. Angliýada iň ýokary okuw mekdepleriň biri bolan Kembrij «altyn üçburçlyk» ady bilen tanalýar. Şeýle hem, unwersitetde Fitzwilliam muzeýi we botanika bagy ýaly sekiz sany sungat, medeniýet we ylmy muzeýler ýerleşýär. Bu gadymy ýokary okuw mekdebinde görnükli matematikler, alymlar, ykdysatçylar, ýazyjylar, filosoflar, aktýorlar we belli syýasatçylar uçurym bolan, olaryň 92-den gowragy hem Nobel baýragynyň eýesi bolan.

Oksford uniwersiteti Beýik Britaniýanyň Oksford şäherinde ýerleşýän ýokary okuw mekdebidir. Onuň döredilen senesi näbelli bolsa-da, 1096-njy ýylda bu şäherde bilimiň bardygyny subut edýän resminamalar tapyldy. Oksford uniwersiteti dünýäniň iň gadymy hem-de Britan adalarynyň ilkinji ýokary okuw mekdebidir. 1209-njy ýylda Oksford halky bilen düşünişmezlikleriň netijesinde käbir alymlar demirgazyk-gündogardaky Kembrij şäherine baryp, ol ýerde Kermbrij uniwersitetini döretdiler. Şeýle hem, bu ýokary okuw mekdebi dört topara bölünen 39 kollejden we akademiki bölümlerden ybarat. Uniwersitetiň binalarynyň we desgalarynyň hemmesi diýen ýaly şäher merkezinde ýerleşýär. Uniwersitetde dünýäniň iň gadymy muzeýi, Aşmoleý muzeýi hem-de Angliýanyň iň uly kitaphanasy bardyr. Bu gadymy ýokary okuw mekdebiniň iň görnükli uçurymlarynyň köpüsi Nobel baýragynyň eýeleri bolan, Angliýanyň 27 premýer-ministri we köp sanly daşary ýurt baştutanlaryny öz içine alýar.

Garward uniwersiteti ABŞ-nyň Massaçusets ştatynyň Kembrij şäherinde ýerleşýän we dünýäde öňdebaryjy uniwersitetleriniň biri hökmünde ykrar edilen hususy ýokary okuw jaýydyr. 1636-njy ýylda döredilen we «Aýwi ligasynyň» (Ivy League) agzasy bolan Garward uniwersiteti ABŞ-da henizem bilim berýän iň gadymy ýokary okuw mekdebidir. Onuň ady 1639-njy ýylyň 13-nji martynda «Garward kollejine» üýtgedildi. Bu adyň üýtgemegi, ilkinji dolandyryjysy John Garwardyň ölüminden gysga wagt soň bolup geçýär. Şol ýyllarda bu ýokary okuw mekdebinde John Garwardyň wesýeti boýunça içinde 400-den gowrak kitap bolan kitaphana döredildi, häzirki wagtda bu kitaphanada 15 milliondan gowrak kitap bar. Bu görkeziji diňe bir uniwersitetiň kitaphanasyny dünýäniň iň uly akademiki kitaphanasy bolan bilen çäklenmän, eýsem, dünýäniň ähli kitaphanalarynyň arasynda ilkinji bäşlige girmegini hem gazanýar. Mundan başga-da, Garward uniwersitetinde 2400 akademik, 6700 bakalawr we 12400 aspirant bar. Bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary, talyplary ýa-da işgärleri Nobel baýragynyň 75-siniň ýeňijisi boldy.


199

9

4

2

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Luckyboy [off]
  Trust Yourself
 03.07.2024 / 17:52

+0

Paýlaşyp durr


Premium
BAYOGUL [1s] (03.07.2024 / 17:53) 

Luckyboy, ok:

 Täzeje
 Luckyboy [off]
  Trust Yourself
 03.07.2024 / 17:53

+0

Oxford has hem abraýly

 Täzeje
 DrEaMFuLL [off]
 03.07.2024 / 21:15

+0

Garwarda gderdim eger shansym ba bolsa

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 04.07.2024 / 10:13

+0

Oksford uniwersitetini 45 min mollim gurrun beripde emme hiç
zat yadyma duşenok


Premium
BAYOGUL [1s] (04.07.2024 / 11:00) 

Aynabat, like basmaldyr

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Menem kem galmayyn


Uzak ýol ýöräp barýakak, takside özbek aýdymçysy Ýulduz Usmanowanyň SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞYNYŇ sözlerine "Eje, eje, eje jan" diýen aýdymyny diňl...dowamy...
Erkin mowzuklar | Menem kem galmayyn
Gulmahrem (Şugün, 11:57)

Ajy ýylgyryş


mowzuk okamana yaltanyan hele hele goşgy okamana yaltanyan kişem okadyda....gysgajykdan manyly gaty haladym...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Diamante (Şugün, 11:08)

Yone gyzyklanyan


yone oykelek dal şonyma gowy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Diamante (Şugün, 11:04)

Yone gyzyklanyan


yok almazdym, oglum birzat diyer men yalak biri godek syrap yuzuni alar, oglumyn başyny yakasym gelenoo...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Diamante (Şugün, 11:03)

Yone gyzyklanyan


Men aýtsam alyp bererdim mnyaly göwnünde zat saklamayan bolsa çalt öýkelap çaltam ýazylyan bolsa 😁😁😎...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Gunesh (Şugün, 10:49)

Yone gyzyklanyan


Agy sen özüň näme diýýäň senem bir pikiriňi aýtda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Sebap (Şugün, 07:28)

Şagyzy erkekler hakda bilýärsiňizmi?


Ýokarky lañ köpsiniñ bolmagyna feminist gyzlar günäkär,...dowamy...
Zenanlar bölümi | Şagyzy erkekler hakda bilýärsiňizmi?
Ahmal (Şugün, 07:10)

Bir dogan bolar


Gowy eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bir dogan bolar
BAYOGUL (Düýn, 22:48)

Eje (goşgy).


Ejelerin jany sag bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Eje (goşgy).
BAYOGUL (Düýn, 22:46)

Ynam bolsa


Gowy gosgy bolupdyr...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ynam bolsa
BAYOGUL (Düýn, 22:45)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика