Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Sebap : Eger kalbinin nerede oldugunu bilmek istersen, gözlerini kapattiginda aklina gelen ilk şeý o dur...

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Magtymguly Pyragy - şygyrýet äleminiň çyragydyr
 Öwreniji
 Madi [off]
 04.07.2024 / 08:29
 Hayat bir gun oda bu gun

Türkmenistan öz garaşsyzlygyny alandan soň Magtymgulynyň döredijiliginiň öwrenilmegi üçin giň ýol açyldy. Magtymgulynyň eserleri dolulygyna birnäçe gezek neşir edilip, halka ýetirildi. Gazet-žurnallarda Magtymgulynyň döredijiligi barada ýüzlerçe makalalar çap edildi. Ýurdymyzda Magtymgulynyň döredijiligine bagyşlanan Ylmy maslahatlar geçirildi. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň öwrenilmegine giň ýol açyldy.Halk bilen bir jan-bir tenlik şahyryň beýikliginiň baş alamatydyr. Halkyň güni näçe kyn hem bolsa, ondan aýrylyp, durmuşyň asuda ýerine gitmek ýa öz halkyňy nämedir bir zatlarda aýyplamak, peseltmek beýiklik bilen bir ýere sygyşmaýar. Muny Magtymguly ,,Namart aýyp gözlär dogan ilinden” diýip, ýeke setirde kesgitläpdir.Milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularynda ulyny-kiçini sylamak, ata-enä aýal-gyzlara hormat goýmak, çaga terbiýesi, zyýanly gylyk häsiýetlerden gaça durmak, ýaramaz pişeleriň adam saglygyna, durmuşyna edýän täsiri barada örän baý mazmunly pikirleri tutuş halkyň abadançylygyna, saglygyna, agzybirligine gönükdirlendir. Beýik şahyrymyz türkmen edebiýatynyň taryhynda halk durmuşyny oňat suratlandyrýar, edebiýaty halkyň hyzmatynda goýýar.

Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde watançylyk, öwüt- nesihat, söýgi, terbiýeçilik halkylyk, agzybirliik-jebislik, edep-ekram, ýagşy gylyk-häsiýet ýaly tenalara uly orun berilýär. Şahyryň ,,Çilim”, ,,Çilimkeş”, ,,Nas atan”, ,,Naskeş” ýaly goşgulary durşuna nesihat.Nesil hakdaky aladanyň biziň halkymyzda näderejede parz görülýändigini biljek bolsaň, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýazan öwüt-ündew goşgularyny okamak ýeterliklidir. Häzirki zaman ylmy tarapyndan hödürlenýän, maslahat berilýän nesil terbiýesi Magtymguly Pyragynyň goşgularynda örän düşnükli, sada dilde beýan edilendir. Magtymguly Pyragy şygyrýet äleminiň çyragydyr. Çyrag diýilmegi onuň şygyrlarynyň ýolumyza nur çaýýandygy bilen baglanşyklydyr.

Goý, bagtyýarlyk döwrümiziň her bir güni Pyragynyň şygyrlary ýaly owadan hem manyly bolsun.Nusgawy edebiýatyň ynsan aňyna, hususan-da, şahsyýet hökmünde kemala gelýän ýaş nesliň aňyna örän netijeli täsir edýändigine şübhelenýän megerem ýok bolsa gerek. Mysal üçin, şygryýet dünýäsi Jemşidiň jamyna deňelýän beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde durmuşy, watançylyk-gahrymançylyk, öwüt-nesihat, at-bedew, söýgi-tebigat temalary eriş-argaç bolup geçýär. Watan, gahrymançylyk, il-ýurt, agzybirlik, jebislik hakyndaky şygyrlary bolsa onuň döredijiliginde iň bir görnükli orunlaryň birini eýeleýär. Hormatly Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, “Magtymguly Pyragy synmaz, özygtyýarly Türkmen döwletini, agzybirligi, jebisligi arzuw eden hakyky watançydyr”.Magtymguly türkmen halkynyň guwanjy we buýsanjy hasaplanýar, ol geçmişiň, şu günüň, geljegiň şahyry hökmünde ykrar edilendir. Akyldar şahyrymyz diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem dünýä halklarynyň arasynda hem türkmen edebiýatyny ýer ýüzüne äşgär eden ussatdyr.




“Magtymguly, garyp göwnün baý edip,

Kanagat ülkesin bendi-jaý edip,

Her kim öz ýaryny dogan aý edip,

Aýyn gözlär, özge aýa seretmez”


diýen setirleriniň üsti bilen göwnüň, ruhuň baý bolmagyny, sabyr-kanagaty özüňe ýaran edinmelidigini, söýgüňe wepaly bolmalydygyny öwredýär.


Öz bilim alan ýeriňe sylag-hormat goýmagyň görelde mekdebi bolup durýan setirleri bolsa ýaşlarda ylyma-bilime, okaýan mekdebine, gatnaýan kitaphanasyna sarpa goýmagy ündeýär:

“Daýym unutmaz men tylla gapysyn,

Gider boldum, hos gal, gözel Şirgazy!”a


diýmek bilen, nusgawy şahyrymyz “mekan eýläp, üç ýyl duzuny iýen”, okap bilim alan ýerine özüniň hormatyny, sylag-sarpasyny parasatly setirleriniň üsti bilen mälim edýär.

Ýaşlar goşgy setirlerini sesli, labyzly okamak bilen, okan goşgy setirleriniň mynysyna düşünmeklige, hem-de ony mugallymlaryna, ene-atalaryna, ýa-da bolmasa biri-birlerine gürrüň bermeklige synanyşýarlar. Nusgawy şahyrlaryň eserlerini okamaklyk has aýdyň ýagdaýda bolup geçýär. Çünki nusgawy şahyrlarymyz göräýmäge ýönekeý bolup görünýän setirleriň üsti bilen çuňňur many-mazmuny açyp görkezmegi, “gysga, emma şerhi köp” sözleriň üsti bilen umman ýaly giň, daglar ýaly belent paýhas-pikirleri beýan etmegi ussatlyk bilen başarypdyrlar. Bu eserleri okap çagalar özleriniň söz baýlyklaryny hem artdyrýandyklaryny, düşünmedik sözlerini sözlüklerden gözläp tapýandyklaryny aýratyn bellemek gerek. Bu bolsa olaryň kitaphanadan, maglumat çeşmelerinden özbaşdak peýdalanmak, özbaşdak pikirlenmek endiklerini kemala getirýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pyragynyň ajaýyp şygyrlary ähli nesiller üçin beýik taglymatdyr” diýip şahyra belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ata-babalarymyzyň goýup giden akyl-paýhas mirasyny mynasyp sarpalamak, olary öwrenmek, nesil terbiýesinde netijeli peýdalanmak üçin uly mümkinçilikler döredildi.



Annasoltan BEGENJOWA,

Ulaglar fakultetiniň

Howa gämileriniň awiasion we radioelektron enjamlaryny tehniki taýdan ulanmak hünäriniň 4-nji ýyl talyby.


146

10

6

2

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 04.07.2024 / 09:50

+0

Magtymguly, şükr eýlegil Hudaga,
Ölüm barabardyr şah-u gedaga,
Bisabyr gul tiz ýolugar belaga,
Sabyrly gul dura-bara şat bolar.

 Premium
 Bayogul [on]
  Yurekdesh.ru
 04.07.2024 / 09:52

+0

Dogry aytyan

 Täzeje
 Luckyboy [off]
  Trust Yourself
 04.07.2024 / 10:43

+0

Malodes

 Täzeje
 BiReYsEl [off]
  Only forward to my dreams
 04.07.2024 / 14:33

+1

 Täzeje
 Мерет [off]
 20.07.2024 / 16:47

+0

Shahyr barada nace aytsanam az. Sag bol mowzuk un

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Menem kem galmayyn


Uzak ýol ýöräp barýakak, takside özbek aýdymçysy Ýulduz Usmanowanyň SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞYNYŇ sözlerine "Eje, eje, eje jan" diýen aýdymyny diňl...dowamy...
Erkin mowzuklar | Menem kem galmayyn
Gulmahrem (Şugün, 11:57)

Ajy ýylgyryş


mowzuk okamana yaltanyan hele hele goşgy okamana yaltanyan kişem okadyda....gysgajykdan manyly gaty haladym...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Diamante (Şugün, 11:08)

Yone gyzyklanyan


yone oykelek dal şonyma gowy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Diamante (Şugün, 11:04)

Yone gyzyklanyan


yok almazdym, oglum birzat diyer men yalak biri godek syrap yuzuni alar, oglumyn başyny yakasym gelenoo...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Diamante (Şugün, 11:03)

Yone gyzyklanyan


Men aýtsam alyp bererdim mnyaly göwnünde zat saklamayan bolsa çalt öýkelap çaltam ýazylyan bolsa 😁😁😎...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Gunesh (Şugün, 10:49)

Yone gyzyklanyan


Agy sen özüň näme diýýäň senem bir pikiriňi aýtda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Sebap (Şugün, 07:28)

Şagyzy erkekler hakda bilýärsiňizmi?


Ýokarky lañ köpsiniñ bolmagyna feminist gyzlar günäkär,...dowamy...
Zenanlar bölümi | Şagyzy erkekler hakda bilýärsiňizmi?
Ahmal (Şugün, 07:10)

Bir dogan bolar


Gowy eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bir dogan bolar
BAYOGUL (Düýn, 22:48)

Eje (goşgy).


Ejelerin jany sag bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Eje (goşgy).
BAYOGUL (Düýn, 22:46)

Ynam bolsa


Gowy gosgy bolupdyr...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ynam bolsa
BAYOGUL (Düýn, 22:45)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика