Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Kelebek misalidir aşk; anlamayana ömrü günlük, anlayana bir ömürlük!

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Gyzlar Gyzlar
 Özümiziňki
 Aynabat [off]
 04.07.2024 / 11:13
 Слава Аллаху.

Gyzlar,Gyzlar
Siz dünýäniň bezegi,
Bu dünýäden dünýä bolarmy sizsiz
Asmanyň-zeminiň bar gözelligi
Siziň gaşyňyzda bir agyz sözsüz.
Haçan başlandyka siziň waspyňyz
Ol waspyň öňi yok gutarmaz yzam
Siziň ýaly taryp edilen däldir
Patyşalara däl allanyň özem
Dünye döräp size aýdylan waspyň
Müňden bir bölegin aýtsalar bize
Ýagny erkeklere
Onda biz bir eýýäm dälliräp
Düwleşip çykardyk düze.
Size agaçlaram,gullerem aşyk
Bagbanyň özihä aşyk has beter
60-laram aşyk gojadyr welin
Yzyňyzdan ogryn-ogryn sereder.
Men gül ýolsam şol bagbanyň bagyndan
Gül aglar,bagbanam taýagyn salar,
Siz ýolsaňyz gül bagbanyň bagyndan,
Gül gülip,bagbanam görmedik bolar.
Siz çöle barsaňyz ýaňaklaryňyzy,
Sazaklar sazakdan gabanyp ogşar.
Siz derýa girseňiz aýaklaryňyzy,
Baalyklar balykdan gabanyp ogşar.
Siz daga çyksaňyz keýikler sizi,
Kiýikmikä diýip ysgaşyp öter.
Näzikler içinde iň näzigi siz,
Keýikler içinde ondanam beter.
Şahyryň gaşynda siz otursaňyz,
Müň ýyl gözin gyrpman bakmagy mümkin,
Ýöne welin yaman goz bilen dalde,
Sizi ýaman gozden saklamak uçin.
Ömür boýy siziň gözlerinizden,
Goşgy okap,goşgy gözleýän gözler
Birden alaç tapman gyrpyldaýsada,
Şöhläňizden gamaşýandyr gözeller.
Diňe gözleriňiziň şohlesi dalde,
Egin egne berip KÖÇÄ ÇYKSAŇYZ,
Köçelerden aýak derýasy akýar,
Ol derýaň şohlesi kan ýigiteri
Käteler büdretýär,Kätede ýykýar.
Siziň bolsa gayta bowreginiz bokyar,
Olaň büdreyşine gulyaniz gayta.
Wah dine yigitlaň budreyşine dal,
Ýeriň yarygynada gulýäniz käte.
Gaşymdan lowurdan siz yoreseniz,
Meni hem büdredip yykmagynyz mumkin,
Ýöne bir goşgyny menden alyň siz,
Her gezek büdredip ýykanyňyz uçin.
Aýajyklaryňyz,wah aýajyklaryňyz,
Diýip ömür boýy gaytalan Puşkin,
Göräýse şu gunki aýajyklary,
Ýörite,ýöörite büdremek üçin,
Köçelere seýle çykmagy mumkin.
Köçeden lowurdan siz ýöreseňiz,
Meniň göwnümede bolmagy mumkin,
Siziň ozunizem kate-kateler,
Biri-biriňize şeýlebir içgin,
Şeýlebir hyrydar seredýarsiňiz
Diýdiryar özlerem özüne aşyk,
Şeýdip gözellige bakar gözellik,
Şeýdip haýran galar ýaşlyga ýaşlyk.
Siziň yzyňyzdan seredip şonda,
Kiçijik howsala duyyardym käte,
Gözelligi goý synlasyn gözellik,
Emma gorasynam diýýärdim käte.
Wepadar muşdakmy,Biwepa muşdak,
Siziň aşyklaryňyz kop bolyar öran,
Goraň siz,goraň siz gözelligiňizi,
Her durli muşdaklaň kopdugine gora.
Muşdaklaň özüniň kopdugi yaly,
Olaryň gepide kop bolyar öran,
Goraň siz,goraň siz gözelligiňizi,
Käte gepiň,ýöne gepdigine görä.

Şahyr Kerim Gurbannepesow


178

21

10

5

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 BAYOGUL [1s]
  Yurekdesh.ru
 04.07.2024 / 15:34

+0

Mlds


Özümiziňki
Aynabat  (04.07.2024 / 15:37) 

BAYOGUL, sagbol

 Öwreniji
 Madi [off]
  Hayat bir gun oda bu gun
 04.07.2024 / 15:48

+0

gowy eken

 Täzeje
 BiReYsEl [off]
  Only forward to my dreams
 04.07.2024 / 16:02

+0

 Özümiziňki
 Diamante_08 [off]
  Sessizliğim çığlığımın terbiyelisi...
 04.07.2024 / 16:16

+0

Gowai

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 04.07.2024 / 19:54

+0

ýaltanman okasaň gowy goşgy


Premium
Anomalia  (04.07.2024 / 21:13) 

Aynabat,
Howwa gowy eken

 Täzeje
 Luckyboy [off]
  Trust Yourself
 04.07.2024 / 20:26

+0

Gowy goryan şahyrym

 Täzeje
 Saryyevv [off]
 04.07.2024 / 20:39

+0

Gynanmaň oglanlar, oglanlar barada blog paylaşjak yakynda)


Özümiziňki
Aynabat  (04.07.2024 / 21:17) 

Saryyevv, ?????

 Premium
 Aurora [off]
  Hemme zady soňa goýmak ömrüň manysyny gaçyrýar.
 04.07.2024 / 21:14

+1

Şeýdip ýetirip duruñ
Gowy eken


Özümiziňki
Aynabat  (04.07.2024 / 21:17) 

Aurora, hokman

 Täzeje
 Мерет [off]
 20.07.2024 / 16:44

+0

Gowy goshgy.. Ana ana gyzlan bolan bolshuny goshgyny okandan son


Özümiziňki
Aynabat  (20.07.2024 / 17:07) 

Мерет, ???

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Menem kem galmayyn


Uzak ýol ýöräp barýakak, takside özbek aýdymçysy Ýulduz Usmanowanyň SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞYNYŇ sözlerine "Eje, eje, eje jan" diýen aýdymyny diňl...dowamy...
Erkin mowzuklar | Menem kem galmayyn
Gulmahrem (Şugün, 11:57)

Ajy ýylgyryş


mowzuk okamana yaltanyan hele hele goşgy okamana yaltanyan kişem okadyda....gysgajykdan manyly gaty haladym...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Diamante (Şugün, 11:08)

Yone gyzyklanyan


yone oykelek dal şonyma gowy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Diamante (Şugün, 11:04)

Yone gyzyklanyan


yok almazdym, oglum birzat diyer men yalak biri godek syrap yuzuni alar, oglumyn başyny yakasym gelenoo...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Diamante (Şugün, 11:03)

Yone gyzyklanyan


Men aýtsam alyp bererdim mnyaly göwnünde zat saklamayan bolsa çalt öýkelap çaltam ýazylyan bolsa 😁😁😎...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Gunesh (Şugün, 10:49)

Yone gyzyklanyan


Agy sen özüň näme diýýäň senem bir pikiriňi aýtda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Sebap (Şugün, 07:28)

Şagyzy erkekler hakda bilýärsiňizmi?


Ýokarky lañ köpsiniñ bolmagyna feminist gyzlar günäkär,...dowamy...
Zenanlar bölümi | Şagyzy erkekler hakda bilýärsiňizmi?
Ahmal (Şugün, 07:10)

Bir dogan bolar


Gowy eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bir dogan bolar
BAYOGUL (Düýn, 22:48)

Eje (goşgy).


Ejelerin jany sag bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Eje (goşgy).
BAYOGUL (Düýn, 22:46)

Ynam bolsa


Gowy gosgy bolupdyr...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ynam bolsa
BAYOGUL (Düýn, 22:45)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика