Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Tertip : TANIMALLYK ÝÜKIÑ AGYRYDYR GÖTERIP BILSEÑ GÜÇLISIÑ GÖTERIP BILMESEÑ ZOR ADAM DALSIÑ Atagylyc Gurbangulyýew

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

IMO-da üns berilmeli zatlar. Birnäçe esasy we peýdaly sazlamalar barada
 Özümiziňki
 Aynabat [off]
 06.07.2024 / 18:54
 Слава Аллаху.

1. Habarlaşmak üçin ulanylýan beýleki programmalardan tapawutlylykda, IMO-da çatda ýazyşyp otyrkaňyz ähli ýazýan simwollaryňyz onlaýn görnüşde garşyňyzdaky adama (dostuňyza) görünýändir. Ibereniňizden soň däl, ýazyp otyrkaňyz harpma-harp, nokatma-nokat söhbetdeşiňize görünýär. Bu häsiýetnamany öçürmek üçin, şu ýerden belligi aýyrmaly:

«Меню -> Настройки -> Конфиденциальность -> Чат в реальном времени»;



2. IMO-nyň interfeýsinde ähli düwmeler biri-birine ýakynlygy sebäpli, käte IMO-daky dostuňyza bilmezden el degmegi arkaly jaň edilýär ýa-da ses iberilýär. Şol sebäpli, düwmelere basanyňyzda ünsli boljak boluň;

3. Dostlaryňyzyň we dostlaryňyzyň dostlarynyň paýlaşan pursatlary (surat ýa-da wideo) sizde çykar ýa-da çykmaz ýaly:

«Меню -> Настройки -> Уведомления об историях» diýlen ýerde bellikleri gerekmejeginden aýyrmaly;



4. «Меню -> Добавить друзей -> Добавить себя» diýlen düwmä bassaňyz, telefonyňyzda belgileri ýok bolup, siziň belgiňiz olarda bar bolan adamlary sanaw görnüşinde görmek bolar. Olary goşmak mümkinçiligi hem göz öňünde tutulan;



5. IMO-da dostlaryňyzyň (kontaktlaryň) sanawynda bar bolan dostuňyzyň telefon belgisini bilmeýän bolsaňyz näme etmeli?

Şol hasaby pozuň we oňa “Salam” diýip ýazyň. Jogap beren ýagdaýynda, onuň ilkinji ýazan habary bilen çat penjiresiniň üstünde telefon belgisi hem görüner;



6. IMO-nyň özi awtomatiki usulda ulanyjy tarapyndan görlen suratlary we wideolary telefonyň ýadynda saklap galýar, näme etmeli?

«Меню -> Настройки -> Хранилище» - IMO-da gören surat we wideolaryňyzyň telefonyňyzyň ýadynda galyp-galmazlygyny sazlap bolýar;



7. «Меню -> Настройки -> Закрыть чаты» düwmäni bassaňyz, ähli açyk çatlaryňyz ýapylar;

8. «Меню -> Настройки -> Изменить изображение профиля» – hasabyňyzyň esasy suratyny çalyşmak;

9. Islendik hasaby IMO-da blokirlemek üçin: ýokarda sag tarapdaky «Контакты» sanawyndan zerur bolan hasabyň üstüne bir gezek basmaly, soňra şol hasap bilen çat penjiresi açylar. Çat penjiresiniň ýokarsyna (adynyň ýazylgy duran ýerine) bir gezek basyp, sanawyň aşagynda «Заблокировать» düwmäni sag gapdala (aktiw ýagdaýa) geçirmeli;



10. Pursatlary paýlaşmak üçin «Добавить историю» düwmesine basmaly. Eger paýlaşylan pursadyň dostlaryňyza görünmegini isleseňiz, onda sag düwmä basmaly, eger dostlaryňyza we olaryň hem dostlaryna görkezmek isleseňiz çep düwmä basmaly;



11. «Меню -> Настройки -> Конфиденциальность -> Последняя активность» diýlen ýerde soňky gezek IMO haçan gireniňizi hemmelere ýa-da dostlaryňyza görüner ýaly, ýa bolmasa hiçkime görünmez ýaly sazlap bilersiňiz. Üns beren bolsaňyz, IMO-da islendik adam bilen çat penjiresi açylanda, ýokarsynda, ýagny adamyň ady ýazylgy ýerinde onuň soňky giren wagty, ýa-da onlaýn (häzirki wagtda IMO-da aktiw) ýagdaýy görkezilýär, käte bolsa hiç zat görkezilmeýär. Bulary ýokarda belläp geçişimiz ýaly sazlap bolýar;



12. «Меню -> Настройки -> Конфиденциальность -> Фотография профиля» diýlen menýuda IMO hasabyňyzdaky esasy suratyň kime görünip-görünmezligini sazlap bolýar;



13. «Меню -> Настройки -> Конфиденциальность -> Отчеты о прочтении» – biri size ýazanda, ýazylan habary siziň okap-okamandygyňyz barada duýduryşy kimlere görünmelidigini sazlap bolýar;



14. «Меню -> прямой эфир» - bu IMO-ny beýleki programmalardan tapawutlandyrýan mümkünçilikleriniň biri. Eger siz «прямой эфир» menýusyna girseňiz, onda şol wagt onlaýn görnüşde, göni ýaýlymda bolan adamlaryň sanawyny görersiňiz. Hat-da, ýokarda sag gyrada haýsy ýurtdandygy barada hem baýdak görnüşinde maglumat berilýär.

Imo-nyň «прямой эфир» mümkinçiligi birbada köp adamlar bilen wideo şekilli görnüşde habarlaşmak üçin niýetlenen. Mysal üçin, mugallymyň okuwçylara sapak geçmegi.
Turkmenportal


191

38

6

0

0

0

0
Teswirler:
 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 06.07.2024 / 18:57

+0

başga maglumatlarada garaşyan

 Täzeje
 Kuryazov_N [off]
  Кстати, сейчас лучшие годы твоей жизни.
 07.07.2024 / 01:04

+1

Молодец! Клин гозин дерт гормесин

 Özümiziňki
 Perhat_Sabirovv [off]
  Men hiçkim birazajyk pikirlen...!
 07.07.2024 / 01:16

+0

Aşagyndaky awtoram ýazmaly ekeniňiz kimiň mundan näçe ýyl ozalky açan mowzugyny


Özümiziňki
Aynabat  (07.07.2024 / 09:22) 

Perhat_Sabirovv, kimiň açandygyny bilemok turkmenportal
yazdym

 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 07.07.2024 / 08:06

+0

Haker bolupsynay


Özümiziňki
Aynabat  (07.07.2024 / 09:22) 

BAYOGUL, ????


Premium
BAYOGUL [on] (07.07.2024 / 09:23) 

Aynabat, mlds

 Täzeje
 BiReYsEl [off]
  Only forward to my dreams
 07.07.2024 / 13:01

+0

 Özümiziňki
 Diamante_08 [off]
  Sessizliğim çığlığımın terbiyelisi...
 07.07.2024 / 20:36

+0

Bu mowzugy jübä oklayyn imo giremde gerek bolar

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Yone gyzyklanyan


Agy sen özüň näme diýýäň senem bir pikiriňi aýtda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Sebap (Şugün, 07:28)

Şagyzy erkekler hakda bilýärsiňizmi?


Ýokarky lañ köpsiniñ bolmagyna feminist gyzlar günäkär,...dowamy...
Zenanlar bölümi | Şagyzy erkekler hakda bilýärsiňizmi?
Ahmal (Şugün, 07:10)

Bir dogan bolar


Gowy eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bir dogan bolar
BAYOGUL (Düýn, 22:48)

Eje (goşgy).


Ejelerin jany sag bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Eje (goşgy).
BAYOGUL (Düýn, 22:46)

Ynam bolsa


Gowy gosgy bolupdyr...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ynam bolsa
BAYOGUL (Düýn, 22:45)

Ajy ýylgyryş


Mlds gowy gosgy eden...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
BAYOGUL (Düýn, 22:43)

Yone gyzyklanyan


Elbetde...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
BAYOGUL (Düýn, 22:42)

Yone gyzyklanyan


Has dogrusuny Alla(c.c) bilýär....dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Garrybay (Düýn, 21:43)

Ajy ýylgyryş


Känbir mowzuk okaýan däldirin welin, şuny menem okadym boýdan-başa......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Orazjan (Düýn, 21:34)

Ajy ýylgyryş


Berekella! özüň näçe ýaşyňda?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Fantom (Düýn, 20:50)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика