Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
King-official : Uff ýadadymouu ALLa bar #eren

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Çyg çeken ýüregim doly arzuwdan...
 Gytyndan
 yurekdes [off]
 07.07.2024 / 14:44
 "Meñ ýűregim sowady indi gelme űşärsiñ"

Kän mähire çoýdum, köp serdim Güne,
Ezilen ýüregmi guradybilmän.
Arryjak bir seg deý kösendim gezdim,
Ejizlän ýerimde gurda bildirmän.

Neresse çaga deý aldandy duýgym.
Haýran, indi söýüldimmi, söýdümmi?!
Düýn bir şemal ýaglyk deýin galgatdy
Meniň dagdan agramlydyr öýdenmi.

Kalbyň ynjar eken döwülip ynam,
Hem ýakynlaň senden ýüzün öwürse,
Bildim günbatarda gowulyk ýogun,
Gün dogan wagtynda dodak çöwürseň.

Ýogsa artyk ýükem däldim illere,
Özüm çekip ýörerdim öz derdimi,
Ýa gam-gubar köp çökensoň göwnüme,
Aral deýin awundyrdym kendimi.

Wepaly dostum deý sadyk duýgular.
Ga:ldylar göwnümiň sakçysy ýaly.
Çyg çeken ýüregim doly arzuwdan,
Garrap giden gyzyň bukjasy ýaly...

© Merdan BAÝAT


170

14

4

2

0

0

0
Teswirler:
 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 07.07.2024 / 17:50

+0

Arzuwlaram arzuw boldy

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 07.07.2024 / 17:51

+0

Garrap giden gyzyň bukjasy ýaly... ?????

 Premium
 BAYOGUL [1s]
  Yurekdesh.ru
 07.07.2024 / 21:16

+0

Mlds

 Täzeje
 Мерет [off]
 18.07.2024 / 14:44

+0

Merdan Bayata Mumkin bolsa soraglarmy yetirin bolmanda,
1. Ezilen yuregin gune Serilmegi.. Bur reallashmakdan dashlashdygyn bolyar.. edebi ceperleshme bolar emma reala gabat gelmegi hem zerur, Yuregi gune cykaryp serip bolmajagny hemme adam bilyara, Belki Yurek sozine derek gowun sozini ulanyp bolar..
2,Sonam tazece acysh bn yazmagy owrensin onki goshgylara kybapdash setirler kan, ozgan setiri ozgan azaby ozin azap etmeli Mysal "dodak cowirsenli" iki Setir,
3. "Arryjak bir Seg yaly" Seg name?


Gytyndan
yurekdes  (20.07.2024 / 23:24) 

Мерет, edebiyatda onnada doredijilikde adam duygularyny yazya olam koplenc reallykdan cykya Seg sozi kne soz bolmaly sozligi gozle men yadyma dusenok


Täzeje
 (20.07.2024 / 23:25) 

waaa barmyn Sen ?yurekdes,


Gytyndan
yurekdes  (20.07.2024 / 23:26) 

Мерет, barla

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Yone gyzyklanyan


Agy sen özüň näme diýýäň senem bir pikiriňi aýtda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Sebap (Şugün, 07:28)

Şagyzy erkekler hakda bilýärsiňizmi?


Ýokarky lañ köpsiniñ bolmagyna feminist gyzlar günäkär,...dowamy...
Zenanlar bölümi | Şagyzy erkekler hakda bilýärsiňizmi?
Ahmal (Şugün, 07:10)

Bir dogan bolar


Gowy eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bir dogan bolar
BAYOGUL (Düýn, 22:48)

Eje (goşgy).


Ejelerin jany sag bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Eje (goşgy).
BAYOGUL (Düýn, 22:46)

Ynam bolsa


Gowy gosgy bolupdyr...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ynam bolsa
BAYOGUL (Düýn, 22:45)

Ajy ýylgyryş


Mlds gowy gosgy eden...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
BAYOGUL (Düýn, 22:43)

Yone gyzyklanyan


Elbetde...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
BAYOGUL (Düýn, 22:42)

Yone gyzyklanyan


Has dogrusuny Alla(c.c) bilýär....dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Garrybay (Düýn, 21:43)

Ajy ýylgyryş


Känbir mowzuk okaýan däldirin welin, şuny menem okadym boýdan-başa......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Orazjan (Düýn, 21:34)

Ajy ýylgyryş


Berekella! özüň näçe ýaşyňda?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Fantom (Düýn, 20:50)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика